Al saçbagly goýun (Hekaýa)
Mämmet Oruj,
azerbaýjan ýazyjysy
1.
Garaňky gowy düşüpdi. Ojakdan çykýan ýalnyň dillerini garaňky tümlük öz goýnuna dolap alýardy. Gazany ojaga goýan Selbi daýza agşamlyk bişirmäge oturdy. Ol nahara iküç sany pomidor, burç, iki goşawujam tüwi atdy…
Öýden çagalaryň gohy eşidildi.
— Bi nä ot alyberdiňiz! — diýip, Selbi daýza olara gygyrdy. — Hany, derrew sapaklaryňyz bilen boluň!
Gurban bir gapdalda ýaňy otdan çykaran tal agajynyň gabygyny aýryp otyrdy. Ol pilini saplajak bolýardy, onuň öňki sapyny başlygy döwüpdi. Ýöne bärde başlygynyň günäsi ýokdy, sebäbi ol adamlary tijemek maksady bilen eline pil alypdy…
— Gurban daýy! — diýip, daşardan çaga sesi eşidildi. — Gurban daýy!
Daňylgy duran it zynjyryny şakyrdadyp zöwwe ýerinden galdy-da, ýüzüniň ugruna birki gezek üýrüp, derwezä tarap okduryldy. Gurban gapa tarap ýöneldi.
— Sen nirede, oglum? — diýip, Gurban özüni çagyrýany görjek boldy.
Garaňkydan kitaphanaçynyň on ýaşlaryndaky ogly çykdy. Adatça kitaphanany ýapýan şoldy.
— Gurban daýy, seni başlyk çagyrýar!
— Meni? — diýip, Gurban geň galdy. — Aý, ýog-a?
— Çalt gelsin diýdi.
— Çalt diýdiňmi?! Sen, inim, ýalňyşýan-a dälsiň? Ol zootehnik Gurbany çagyran bolaýmasyn?
— Ýok, Gurban daýy, başlyk «suwçy Gurbany çagyr» diýdi.
Diýmek, özüni çagyrypdyr, suw tutýanlaryň arasynda başga Gurban atlysy ýok.
— Bor-da… — diýip, Gurban aljyraňňy sözledi. — Garaş, men häzir…
— Nirä barýaň? — diýip, aýaly onuň arassaja eşigini geýip duranyny görüp sorady.
— Kantura — diýip, Gurban hiç zat bolmadyk ýaly gürledi. — Sen pil sapyň galanja ýerini arassala.
— Kantura? Näme üçin?
— Men näbileýin. Täze başlyk çagyrýar. Yzymdan adam iberipdir.
Onuň bu sözlerinde begenjem, buýsanjam, howsala-da eşidilen ýaly boldy. Bu oýun iş däl ahyry, sebäbi başlyk yzyndan adam iberipdir.
— Ine, saňa ullakan bagt — diýip, Selbi daýza hem begendi, hem geň galdy. — Bu indi başlyk bilen iş salyşýar.
«O nämäň işi? Başlyk bilen bary-ýogy birki sapar gürleşip gördüm» diýip, Gurban içini gepletdi. Ýöne aýalynyň sözleri göwnüne ýaraman durmansoň ýylgyrdy. Aýalam ýylgyrdy…
Olar ýüzlerini garaňka tutup ugradylar, öňden oglan barýardy, yzdanam Gurban. Bu duýdansyz şatlyga Gurbanyň ýüregi gürsüldäp, howsalaly urýardy. Ýöne edara jaýyna golaýlaşdyklarysaýy begenç duýgusynyň gapdalyna ynjalyksyzlygam goşuldy. Ol beýle gyssag başlygyň nämesine gerek bolduka?
2.
Il arasynda şeýle gürrüň bar: «Bir düýä: «Han seni toýa çagyrýar» diýipdirler. «Toýa? Men tans edip bilemok, dutar çalyp bilemok, maňa hyzmat etdirjek bolaýmasynlar?» diýip, düýe oýa batypdyr». Gurbanyň ýadyna şol gürrüň düşüp, ynjalykdan gaçdy. «Birden oglan ýalňyşan bolaýsa, baý, ýüzüm gyzarar-ow…».
— Oglum, başlygyň hut meni çagyrýanyny anyk bilýäňmi?
— Ýogsa näme, onuň özi aýtdy ahyryn.
— Özi aýtdymy? Hany, aýt, näme diýdi?
— Ä… neme diýdi, meniň ýanyma suwçy Gurbany alyp gel diýdi.
— Be… ol aýdan wagty gaharl-a däldir-dä?
— Ýok.
Olar edara jaýyna golaý bardylar. Gurban öňler bu ýere ýylda bir gezek hasabat-saýlaw ýygnagyna gelerdi. Bu ýyl bolsa eýýäm, gör, näçenji gezek gelýär.
Ol birinji gezek suwçylaryň üstünden şikaýat edip gelipdi. Etmez ýalymy? Olar gatlany ýapyp, balyk tutýarlar, pagta bolsa gurap barýar. Ol başlygyň ýanyna gelip, baryny bolşy-bolşy ýaly edip aýtdy. Başlygam dessine ulagyna atlandy-da, gatla gidip, işsizleriň gowuja temmisini berdi. Şo gezek, baý, olara ot berendir-ä. Şondan soň suwçylar guduramalaryny goýdular. Suwam bol boldy, Gurbanam hoşal.
Ikinji gezek Gurban başlygyň ýanyna öňki ýalyrak mesele boýunça geldi. Kabulhananyň agzy adamdan doludy, emma ol nobata durmaly bolmady. Ýok, ol adamlary itekleşdirip, binobat girmedi. Ol hiç wagt beýle zat etmändi, indem etmez, sebäbi ony sylaýarlar, hormat goýýarlar. Ýöne başlygyň ýanyna binobat girenligi Gurbanyň göwnüne ýaramanam durmady. Bu nähili boldy diýseňizläň?! Başlyk gapydan boýnuny uzatdy-da, Gurbany görüp: «Hany, gowruňyzy goýuň! Ýoldaş Gurban bärik mydama-da binobat girýär, indem girer» diýdi.
Şol wakadan soň Gurbana ol ýere barmak, başlygyň beren hukugyndan peýdalanmak miýesser etmedi. Ýöne ol bir zady — başlygyň özüni sylaýandygyny bildi.
Üçünji gezek Gurban başlyga patada duşdy. Başlyk hemme bilen baş atyp salamlaşdy, onuň bolsa elini gysyp: «Gurban, ýagdaýlaň nähili, özüňi duýşuň gowumy?» diýip sorady.
Şonda Gurban uzakly gijesini täze başlygyň özüne hormat goýşy barada aýaly bilen hymy-symy edip geçirdi.
Umuman, Gurban başlygynda özüne gahar etmäge hiç hili esasyň ýokdugyny bilýärdi. Şonda-da… şonda-da ol gapyny açmaga ýürek edip bilmedi. Edil serkerdesiniň ýanyna girmekçi bolýan esger ýaly ähli iligini ildirip, kemerini düzetdi, balagyny çekişdirip, papagyny çep eline aldy, sag eli bilen bolsa ýuwaşlyk bilen gapyny kakdy.
— Mümkinmi?!
— Giriber! — diýip, gapyň aňyrsyndan zenan sesi eşidildi. — Size garaşyp otyryn.
Gurban tisginip gitdi. «Gapyny ýalňyşaýdymmykam?..». Ol töweregine aljyraňňy garanjaklady, zenan sesi öňki aýdanlaryny has batlyrak gaýtalady:
— Giriberiň, Gurban daýy, giriberiň!
Şondan soň onuň başlygyň kätibidigi Gurbanyň ýadyna düşdi. Ol kabulhana girdi-de, salamlaşyp, başlygyň iş otagyna göz aýlady — başlyk ýerinde ýokdy. Gurban ýeňillik bilen dem aldy-da, papagyny geýip, köýneginiň ýakasyny ýazdyrdy.
— Gurban daýy — diýip, kätip mylaýym ýylgyrdy. — Başlygyň size garaşmaga mümkinçiligi bolmady. Ol geldigiňiz, öýüne barmagy haýyş etdi.
— Öýüne? — diýip, Gurbanyň gözi hanasyndan çykaýjak boldy. — Maňa öýüne barsyn diýdimi?
— Howwa, howwa, öýüne barsyn diýdi.
Gurban çykdy-da, birsalym dälizde gezmeledi. Birdenem onuň kellesine bir pikir geldi.
— Gyzym! — diýip, gapyny açan Gurban kätipden sorady. — Onuň öýünde toý-tomg-a bolýan däldir-dä?
— O nämäniň toý-tomgusy?
— Neme-dä, ýaş toý diýdi, beýleki diýdi?
— Bilmedim-dä, Gurban daýy…
Ýok, bu ýöne-möne zadyň işi däl. Bir zadyň aladas-a edilýär… Täze başlyk şeýleräk adam-da, ýönekeý suwçynam myhmançylyga çagyraýýar.
3.
Myhmançylyga iki eliňi burnuňa sokup barybam-a bolmaz. Dogrusyny aýtsam, ol öňden bäri başlygynyň göwnüni tapmagyň aladasyndady, ýöne muny nädip etjegini bilenokdy. Alla saklasyn, birden etmesiz iş edägede, onuň gaharyny getiräýseň nätjek…
Häzir bolsa «Hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna» diýlişi ýaly, tüýs amatly wagty.
Gurban başlyga ýaranjak bolup, oda-köze düşüp ýörenlerden däldi, ýöne kellesinde bir pikirjik bardy. Ol günleriň birinde täze başlygynyň elinden pilini almagyny hem-de: «Besdir, Gurban, gara zähmetiň bilen otuz ýyl suw tutduň, sylag-hormat gazanyp bildiň, indi orakçylara byrgat bolaý!» diýerini isleýärdi.
Ony brigadir edip pagta goýsalar razy boljak däldi, sebäbi bu işe ýarajak däldi, mundan başga-da, bilimem ýokdy, pagtaçy brigadirleň bar işi hasap-hesip ahyryn. Ine, ot ýatyrmany welin ol arkaýyn oňarjakdy.
Eger şeýle bolaýsa, onda ol her bir penje oty gözüniň göreji ýaly saklajakdy. Hedoş ýaly küdäni ýoklap, «Bedäni ýyldyrym urdy» diýen ýaly ýok bahanalar tapjak däldi.
Eger zerurlyk ýüze çykaýsa, Hewwe ene ýalylaryň öýüne birki ýük bede düşürse düşürerdem, sebäbi görgüliň ogullary uruşdan dolanyp gelmändi. Olaryňam aladasyny biri etmelidir ahyry.
Gurbanyň başga-da etsem-petsemleri bardy. Başlygyndan boş ýatan ýerlerden mellek ýer bermegi haýyş edesi gelýärdi. Ýöne hiç aýgyt edip bilenokdy. Başlyk ýog-a diýmez. Maşgalasam kiçi däl, özi bilen dokuz baş, ýerler bolsa boş ýatyr, onsoň bärde edip-etmez ýaly ullakan näme bar?!
Gurbanyň ýene bir arzuwy bardy, ýöne onuň kolhoz bilenem, başlyk bilenem hiç hili arabaglanyşygy ýokdy. Gurban uly ogly üçin goňşusy Serwinäziň ortanjy gyzyna söz aýdasy gelýärdi. Şonuň üçinem — hasam soňky wagtlar — ol özüne zor salýardy. Gije diýmän, gündiz diýmän, on gektaryň ýerine ýigrimi gektar suwaryp, maýa toplaýardy.
Uly oglunyň toýy diýip, Gurban bütin ömrüne iýmän-içmän hars urdy. Bagynda ýetişdiren miwelerini satyp, düşen puly sandygyna basdy, tomus goýun bakyp satdy, ony hem sandyga basdy. Bilini büküp, gara derini saçyp gazanç etdi. Gurban bu pullara ogly instituty tamamlap geldigi, awtoulag alyp beresi gelýärdi.
Mundan başga-da, arassa zähmeti bilen satyn alan awtoulagynda ogly Serwinäziň gyzyny getirse armany ýokdy, onsoň arkaýyn amanadyňy tabşyrsa-da boljakdy.
Gurban öz arzuwlaryny hiç kime, hatda soňky günlere çenli aýalyna-da aýtmady. Ýöne Selbi şeýle-de hemme zada düşünýärdi. Gurbanyň ýaş wagty Serwinäziň ugrunda ser-sepil gezip, däli-telbe bolandygyndan habarlydy. Arman, ýer ýüzüniň Leýli-Mejnunlary ýaly, adamlar olaryň birikmegine ýol bermediler.
Emma patadaky wakadan soň Gurban göwnündäkini aýaly bilen bölüşmek isledi, sebäbi başlyk agyr märekede bir onuň bilen el gysyşyp, hal-ahwal soraşypdy. Şonda Serwinäziň adamsam şol ýerdedi hemem gözi hanasyndan çykaýjak bolupdy. Patadan gaýdyp gelýärkäler bolsa ol ýanyna gelip: «Gurban, näme, görneňok-la» diýipdi.
«Bu diňe başlyk bilen elleşip salamlaşamda bolan zatlar» diýip, Gurban garaňky köçe bilen gidip barýarka pikir öwürdi. «Ine, başagaýlygy ertir görersiň. Başlygyň öýünde Gurbanyň çaý içendigi her bir adama mälim bolar. Baý, şonda adamlar gep eder-ow. Biri: «Biziň täze başlygymyz gaty mekir, saman astyndan suw goýberýär» diýse, beýlekisi häsini ýetirip, «Gurbany hut şonuň üçin, oň nähili adamdygyny bilmek üçin ýanyna iberendirler» diýer. Ýöne aralarynda: «Ýok-how, başlygymyz päk ýürekli, dogruçyl adam, hemme zada düşünýär. Kim çyny bilen zähmet çekse, hormat-sylag edýär…» diýenlerem tapylar.
Kim näme diýse, şony diýsin, esasy zat — Serwinäziň adamsy hakyky zähmetkeşiň gadyryny bilýän başlyklarynyň bardygyny bilse bolýar. Goý, ol Gurbanyň baýramçylyklarda başlygyň saçagynda oturandygyny görsün. Onsoň Serwinäziň gyzy onuň gelni bolar!
Gurban şeýlebir gaty ýöredi welin, nädip öýüne ýeteninem duýman galdy. Ol öýüne goýun almaga gelipdi.
Selbi adamsyna garaşýardy. Ol bir derwezä seretse, bir-de çagalaryna göz aýlaýardy. Kiçileri onuň daşynda sabyrsyzlyk bilen bökjekleşip, çaga pişijekleri ýaly mawlaşýardylar:
— Eje, nahar bersene! Nahar beräý-dä!
Emma olaryň zaryn sesi onuň gulagyna ilenokdy. Onuň kellesinde bir zat — adamsyny näme üçin başlyk çagyrdyka diýen pikir bardy. Bir ýetmezçilik ýüze çykandyr diýer ýaly ol hasapçam, ammarçam däldi. Bar zady — birje pili bilen iki sany elidi.
Gapy açyldy. Gapyda ýatan it göwün üçin çalaja üýren boldy. «Kakam geldi! Kakam geldi!» diýip, çagalar gazana tarap okduryldy.
Selbi adamsyna şeýle çalt geler öýtmändi. Ýöne şular ýaly ýerde aýdylyşy ýaly «Bu ne başlyk kän egledi» diýip, nägilelik bildiren boldy.
Selbi muny şeýlebir buýsanç bilen aýtdy welin, muny duýan Gurban has-da dogumlanyp:
— Men gitmeli — diýdi.
— Nirä?
Ol bolan ýagdaýy jikme-jik düşündirdi. Ýöne başlygynyň öýüne çagyranyny aýtman, gyzynyň ýaş toýuna çagyrýanyny aýtdy.
Muny eşiden Selbi öýüne — sandygyna tarap okduryldy. Ol özüniň barja baýlygyny şol sandykda saklaýardy. Onuň içinde esasan mata-marlak bardy, olardan daşary süýjem gizleýärdi. Öýe hormatly myhman geläýse, şol süýjüler çykarylardy hemem okara salnyp saçakda goýlardy. Adatça gelen myhman süýjä el uzatmazdy, şonuň üçinem Selbi olary ýene sandygyna salardy.
Gyzlary sandygyň töweregine üýşdüler, olar ejeleri sandygy açdygy, mydama onuň daşyna hümer bolardylar. Ýöne her näçe süýji iýesleri gelse-de, soramazdylar. Sebäbi ejeleri birnäçe gezek «Husytdan gyşyna garam almarsyňyz» diýipdi.
Gurban ýatakdan goýny çykardy. Goýnuň mäleýän sesini eşidip, ogullarynyň kiçileriniň ikisi dazlap howla çykdy. Olar kakalarynyň goýnuň boýnuna al saçbagy daňanyny görüp, ylgap bardylar-da, goýunlarynyň boýnundan gujaklap, aglap ugradylar.
Gurban goýny köçä çekdi, ogullary bolsa yzyna. Garaňkylykdan ýagtylyga çykan goýun gözlerini tegeläp, sesiniň ýetdiginden mäleýärdi. Ahyry körpe ogly özüni ýere goýberdi-de, aýaklaryny däbşenekledip:
— Bermen, bu meň goýnum! Bermen!.. — diýip gygyrdy.
Gurban goýny goýberdi-de, ogluny köşeşdirmäge durdy. Oňa çenli kiçijik gyzy bildirmän goýnuň ýanyna bardy-da, öz saçbagyny çözüp aýyrdy. Gurban ýaňybir ogluny höre-köşe edip yzyna öwrüldi, görse, goýnuň boýnundaky saçbag ýokdy. Ine, şu ýerde Gurban saklanyp bilmän, gahar bilen abyr-zabyr etdi welin, gyzlar-a ejeleriniň ýanyna gaçdy, oglanlaram edil şemal syran ýaly ýom-ýok boldy.
Gurban çyny bilen däl-de, aýak aşagyna çolaşyp ýörmezler ýaly, kiçi dilden bärde gaharlanypdy. Häzir onuň gaharlanasy gelenokdy, kalby juda rahatdy, sebäbi göz öňüne iň arzyly güni janlanypdy: ogly awtoulag sürüp gelýär, gapdalynda bolsa Serwinäziň gyzy otyr…
Aýaly häliden bäri sandygy bilen başagaýdy, näme saýlajagyny bilmän heläk bolup otyrdy. Bul-a bolanok, beýlekisine dözenok, üçünjisini bolsa, geljekki gelnine niýetläp alypdy.
— Kakaň hany? — diýip, ahyry özüni dürsän Selbi howla göz aýlady.
Çagalar dessine alagykylyk bolşup, arz edip ugradylar:
— Ol goýnumyzy äkitdi.
— Meňem saçbagymy aldy.
Bu habar Selbini begendirdi. Birinjiden, goýun saldamlyja sowgatdy, ikinjiden bolsa, sandygyna degmediler.
— Haýsy goýny äkitdi? — diýip, ol çagalary öýe salýarka sorady.
— Gara goýny.
— Meň goýnumy äkitdi — diýip, sandygyň entägem ýapylmanyny gören kiçi ogly möňňürip, özüni aşak goýberdi.
Selbi ýylgyrdy-da, sandykdan bir süýji alyp, oňa berdi.
— Ol meniň saçbagymam aldy — diýip, körpe gyzam dodajyklaryny kemşerdip, aglamaga häzirlendi.
Oňa-da bir süýji bermeli boldy. Soňra bermeli süýjileň sany ýedä ýetdi. Selbi sekizinjini çaý bilen içmek üçin özüne goýdy, ýöne damagyňdan ötmese näme, ýarysyny bölüp körpesine berdi.
Onsoň agşamlyk edinmäge oturdylar. Gazanyň töweregine sekiz sany okara goýuldy.
4.
Gurban köçäni syryp, ýokarlygyna gitdi. Şatlykly duýgulary garaňky köçäni ýagtyldýan ýaly, ýöremek diýseň ýeňildi. Egninde goýun däl-de, entek süýtden aýrylmadyk guzy bar ýalydy. Häzir başlygy özüne garaşyp, derwezesinem ýapman kürsüsinde gaýşarylyp oturandyr…
Dogrudanam, başlyk kürsüde aladaly otyrdy. Eger suwçy gelmese, onuň yzyndan özi gitmeli boljakdy, sebäbi bu gün bolmasa, erte barlag geljekdi. Ýa oglanjyk Gurbany tapmadymyka?..
«Başlykly meselede maňlaýym çüwdi» diýip, goýny ol egninden beýleki egnine geçiren Gurban pikir etdi. Ak ýürekli adam, iş diýip hars urup ýör. Obany abadanlaşdyrsa, degirmeni düzetse, köprinem bejerse alkyş baryny alar.
Indi Serwinäziň gyzyna sawçy gitse, başlygyň goldajakdygyna, kömek etjekdigine Gurban doly ynandy. Näme üçin kömek etmesin? Näme üçin işine jany-teni bilen ýapyşýan, tabşyrylan meýilnamany iki esse artygy bilen ýerine ýetirýän adama kömek etmeli dälmiş?!
Goýun mäläp sypjak bolýardy, bu bolsa Gurbany bimaza edýärdi, sebäbi itler üýrüşip, adamlaň çykmagy mümkindi. Gurban özüniň başlyga goýun alyp barýanyny bildiresi gelenokdy. Şonuň üçinem ol aýlawly ýollar, iň bir çola köçeler bilen gitdi. Ýöne içiňi ýakaýyn diýen ýaly, öňden biri gelýärdi. Gurban ony görmedik boldy, emma ýol gaty dardy, üstesine, gelýäniň elinde çyra bardy.
— Giç ýagşy, Gurban! Ýüzüňi garaňka tutup, nirä barýaň?
Gurban öňki başlygynyň sesini tanady. Ol çyrasyny somlap, Gurbanyň gözüne dürtäýjek bolýardy…
— Giç ýagşy! — diýdi-de, Gurban berlen soragy eşitmedik boldy.
Öňki başlyk hiç zady görmedik, hiç zada ähmiýet bermedik boldy. Ýöne ähmiýet berer ýaly bärde näme bar? Gurbanyň garaňka dulanyp nirä ugrany, al saçbagly goýny kime alyp barýany bilen iliň näme işi bar?
Şeýle-de bolsa, Gurban alada galdy, sebäbi ol erbet adamdy. Ony hilegärligi, kezzaplygy üçin başlyklykdan pyzypdylar.
Onuň aldaýany Gurban ýalylardy, iki gektara derek birini ýazardy, iki gektaryň puluna derek biriniňkini bererdi. Ony «iş oňarýaň» diýip öwüp-öwüp, soňundanam kowup goýberdiler, hatda höküm çykarylyp, ýylam kesdiler.
Kolhozda edilýän pyssy-pyjurlyklaryň üsti açyldy. Ençeme başlyk çalşyldy, bu zatlaryň hijisem Gurbanyň ýadyndan çykanok.
Kerem aga barada söz agzalsa: «Ýatan ýeri ýagty bolsun!» diýýärler, sebäbi kolhozy guran şoldy. Ol kolhozy otuz ýyl dolandyrdy. Kerem döwründe her iş gününe bir kilo un bilen üç kilo arpa berilýärdi. Indi kolhozy Kerem ýaly saklajak ýok. Ölüp gitdem welin, ady dilden düşenok. Kolhozlaryna etrapda häli-häzirlerem «Täze ýol» diýmän, «Keremiň kolhozy» diýýärler.
Ah, Kerem, Kerem! Ýene birki ýyl ýaşan bolsady, belki, Gurbanyň ykbaly başgaça bolardy. Ol: «Güýz geldigi Serwinäze özüm söz aýdaryn» diýipdi. Arman, Kereme güýzi görmeklik miýesser etmedi.
Keremden soň Weliýew boldy. Olam ýöne duranja bir san-da. Iki ýyl eýläk-beýläk urundy-da, soňam Bakuwa gitdi.
Soň bir ýaş ýigit peýda boldy. Erbet ýigidem däldi. Ownukly-irili işleriň birnäçesini düzetdi — tok geçirtdi, hammam gurdurdy. Ýöne ony Bakuwa, has ýokary wezipelerde ulanmak üçin alyp gitdiler. Ol Gurbana gonjy uzyn rezin ädik beripdi. Ol her gezek ädigini geýende ony ýatlaýardy…
Ine, soň ýaňky sataşman geçen Gasany goýdular. Ol ýygnak wagty her iki sözüniň birinde Keremi ýatlardy. Meýilnama kabul etse-de Keremi ýatlardy, kabul etmese-de ýatlardy. Adamlar çapak çalardylar, Keremi ýatlany üçin çapak çalardylar. Soň, görlüp oturylsa, ol adam däl-de, tüýs mahluk eken. Il-günüň gözüne çöp atyp, etjegini edip ýören eken.
Ine, soňam bu täze başlyk… Gurban täze başlygy göz öňüne getirdi. Ony Kereme meňzetdi. Ähtimal, hamyrmaýalary bir bolsa gerek. Ol häzir edip oturan pikirleriniň başlygyna aýan bolaryny isledi. Ýöne ol Kerem barada bilýärmikä? Bilýändir! Heýem, beýle adam barada bilmän bormy?!
5.
Gurban başlygynyň derwezesinden girdi-de, aňk-taňk boldy — howluda adam-gara ýokdy. Ýokarky eýwandan başlygyň ullakan, tos-togalak kellesi görünýärdi… Goýun ýene mäledi, Gurban ýuwaşlyk bilen ony ýerde goýdy-da:
— Essalawmaleýkim! — diýip, eýwana tarap ýöneldi. — Giç ýagşy!
Ses-seda çykmady. Gurban öý eýesi eşidýän däldir öýdüp, has golaýrak bardy.
— Agşamyňyz haýyrly bolsun!
Başlykdan jogap bolmady.
«Beh, bu nähili bolýar-aý? Salamyňy alanok, otur diýenok» diýip, näme etjegini bilmedik Gurban:
— Bagyşlaň!.. Men, neme… biraz gijä galaýdym… — diýdi.
— Salam, Gurban! — diýip, ahyry başlyk oturan ýerinden gymyldaman jogap berdi. — Ýöne bärden goýnuňy alyp git-de, soň gel!
Ol şeýlebir äheňde gürledi welin, Gurban sesini çykarman sowgadyny arkasyna alyp, köçä çykanyny duýman galdy. Ol bäş ädim ätmänkä gaty ýadandygyny duýdy. Goýny öýüne çenli göterse, yzyna, başlygyň öýüne gaýtmaga gurbaty çatjak däldi. Şonuň üçin ol goýny ýerde goýdy-da, biraz pikirlenip, ony bildirmän ýataga goýbermegi ýüregine düwdi. «Soňunam, näme, görübermeli bor-da. Eger çürt-kesik garşy bolup dursa, etjek alajyň ýok, äkitmeli bor-da…».
Gurban başlygyny ýazgarmady, gaty dogry edýär. Obada dili ýeňil şugul gytmy näme.
Gurban biraz garaşyp, ýene başlygyň derwezesinden ýuwaşlyk bilen girdi-de, goýny ýataga goýberdi.
Hojaýyn göze ilmedi. Ol öňki ýerinde, kürsüde Gurbana garaşyp, irkilip otyrdy. Aýak sesini eşiden badyna ol oturyşyny üýtgetmän başyny galdyrdy-da, sorag berdi:
— Gurban, bu senmi? Ne beýle çalt geldiň?
Gurbanyň bu soraga jogaby taýyndy.
— Men ony ýegenimiň howlusyna goýberdim, ol şu töwerekde ýaşaýar.
— Hä, şeýlemi? Bol, onda ýokary gal!
Gurban geçip kürsüde otyrdy, ýöne özüni edil iňňäň üstünde oturan ýaly duýdy. «Bir düşnüksizlig-ä bar, öz-ä çagyrýar, sesini çykarmanam otyr…». Ýöne bir zat aýdyň, ony myhmançylyga däl-de, başga bir mesele boýunça çagyrypdyrlar.
— Gurban, seň «Wolga» edinesiň gelýämi? — diýip, başlyk ümsümligi bozdy.
— Näme? — diýip, Gurban gulaklaryna ynanman.
— Awtoulag, «Wolga»?
Gurbanyň awtoulag edinesi gelýärdi, ýöne ol «Wolga» barada arzuwam etmändi. Onuň «Moskwiç» münesi gelýärdi, özem şu wagt däl-de, ogly instituty tamamlap gelenden soň.
— Meň «Wolga» güýjüm ýetmez — diýip, Gurban näme diýjegini bilmän dymdy.
— Ýeter, Gurban — diýip, başlyk gülümsiredi. — Hudaýa şükür, men entek bar ahyryn.
Özünde dörän begenji gizläp bilmedik Gurban başyny aşak saldy-da, çaga ýaly ýylgyrdy. Indi onuň arzuwy has golaýlapdy, elini uzatsa ýetjekdi. «Gör, nähili adam» diýip, ol başlygyna seretdi… Birden onuň öňünde Kerem duran ýaly boldy.
— Her niçigem bolsa, goýny getireýin… Ony soýaly…
Gurban kürsüden turjak boldy, ýöne başlyk otur diýip yşarat etdi-de:
— Gerek däl, Gurban. Maňa seniň taňryýalkasynyňam ýeterlik.
— Ýogsa-da… ol awtoulagy nädip almaly? — diýip, dymyşlygyň ýene uzaga çekenini duýan Gurban sorady.
— Ol ýöne-möne ulag däl, «Wolga».
— Goý, şeýle bolsun, ony nireden almaly?
— Şäherden almaly.
Gurban oýun edilýändir öýdüp, ýylgyran boldy. Başlygam ýylgyrdy.
— Ine, ahyry ýylgyrdyň. Onda, näme, gürleşdik dälmi?
Gurban gülüp goýberdi. Onuň kellesine «başlygyň çyny bolaýmasyn» diýen pikir geldi. Sebäbi öňki ýyl goňşulary Usubany iş sapary bilen daşary ýurda ugradypdylar.
— Nämä oýa batdyň, Gurban? Öňdebaryjy suwçy hökmünde daşary ýurda iş saparyna ugradarys. Bir ýyl ýaly işläp, kärdeşleriň bilen tejribe alşarsyň, gelibem «Wolga» satyn alarsyň. Nähili görýäň?
Gurban näme diýjegini bilmedi. Ol: «Sen gowy adam, eden aladaň üçin köp-köp sag bol, ýöne maňa «Wolga» gerek däl, sebäbi bahym «Moskwiç» almaga nobatym ýetýär» diýip nädip aýtsyn? Elbetde, hormat-sylagyna, ýatlap duranyna minnetdar, ýöne muny oňa nädip aýtjak?..
Başlyk uzak wagtlap sesini çykarman oturandan soň:
— Bilýäňmi näme, Gurban — diýip, kürsüsinden galyp, eýwanyň içinde iki ýana gezmeläp başlady. Ol Gurbanyň «näme?» diýip sorag bererine garaşýardy, ýöne Gurban «menem ýerimden tursammykam ýa turmasammykam» diýen pikire gümra bolup, sesini çykarmady.
— Sen maňa ullakan ýamanlyk etdiň — diýip, başlyk ýylgyrman çyny bilen aýtdy.
Gurban aňalyp galdy.
— Hany aýt, meniň üstümden näçeräk arza ýazdyň?
Gurban ýerinden tarsa turup, hiç hili arza ýazmandygyna ant içjek boldy, ýöne başlyk onuň egninden basdy.
— Otur! Sen häzir boýnuňa almarsyň. Ýöne olary siz ýaly hakykatçylar ýazmasa, başga kim ýazsyn? Suwçularyň üstünden maňa arz edýäň, meniň üstümden bolsa etraba. Ýeri bolýa-da, men içimde kine saklaýanlardan däl. Men ýamanlyga ýagşylyk bilen jogap berýän.
Başlyk Gurbanyň utanjyndan sesini çykarman oturandygyna, eden işine ökünýändigine ynanyp, özünden gaty hoşal boldy.
6.
Gurban başlyk bilen nädip hoşlaşanynam, nädip eýwandan düşeninem bilmedi. Ol häzir diňe bir bu adam bilen hoşlaşman, öz umytdyr arzuwlary bilen hoşlaşypdy.
Asmany bulut büräp, daş-töweregi tüm garaňkylyk gaplap aldy. Köçe bilen aşaklygyna barýan Gurbanyň dyzlary saňňyldap ugrady. Onuň ýadyna günortandan bäri hiç zat iýmändigi düşdi. Birdenem goýnunyň başlygyň ýatagynda galandygy ýadyna düşüp, gahary geldi-de, hyrra yzyna öwrüldi.
Ol daraklygyna basyp, goýun ýataga golaýlady, gapynyň agzynda äpet it daňylgy durdy. «Be, ele düşdüm-ow!» diýip, içini gepleden Gurban ýataga diwardan aşyp boljakdygyna aň ýetirip, biraz ýüregi ynjaldy. Ol daşyndan aýlandy-da, yzky diwardan aşyp, ýatagyň içine bökdi. Ürken goýunlar beýleki diwara gaçdylar. Item ýerinden turup, üýrüp ugrady. Gurban bukulyp, gohuň ýataryna garaşdy.
Ahyry it köşeşdi. Gurban sermenekläp al saçbagly goýnuny gözläp ugrady. Ýöne başlygyň ýatagynda Gurbanyňkydan başga ýene üç sany saçbag dakylan goýun bar eken. Gurban öz goýnunyň biçilendigi ýadyna salyp, goýunlary barlap ugrady. Ýöne içiňi ýakaýyn diýen ýaly, goýunlaryň üçüsem biçilen eken.
It zynjyryny şakyrdadyp, hyňranyp iki ýana urunýardy. Aýak sesleri eşidildi. Gurban bir burça gysylyp, gymyldaman durdy. Kimdir biri ýatagyň deňinden geçdi-de, soňam yzyna dolanyp, ýatagyň gapysyna golaýlady. Soň aýak sesleri daşlaşdy…
Gurban maňlaýynyň derini syldy. Ol öz goýnuny ahyry saçbagyndan tanady. Gurban kemerini aýyrdy-da, goýny güýlüp, haýatdan daşary çykardy. Soň özem aşdy.
It hyrlap zynjyryny üzäýjek bolýardy, onuň sesine töweregiň ähli iti gaharly üýrüp ugrady. Gurban bular ýaly işiň başynda hiç wagt görünmänsoň, bu işiň ýeňil däldigine şu ýerde düşündi.
Gurban ýüküni ýerde goýdy, indi howlugyp oturasy iş ýokdy. Ol goýnuny öňüne salyp, köçe bilen aşaklygyna syryp ugrady. Ol bärden ýarym sagat ozal egni goýunly ýeňiljek ädimler ädip geçipdi, ýöne indi bu öňki köçe däldi, egrem-bugram, oýuk-oýuk bolup durdy.
7.
Gurban aýagyny süýräp, zordan öýüne geldi. Derwezäň gapysyny ýapyp, goýny ýatagyna saldy. Howluda ýatan it üýren ýaly etdi-de, çyňsap, guýrugyny bulaýlady. Selbi eýwana çykdy.
Ol entek ýatmandy. Adamsynyň gelerine, bitiren işlerini aýdaryna garaşýardy. Ol adamsy keýpi kök geler öýdýärdi, sebäbi Gurban keýpi kökkä düýbünden başgady — mähirli, gürrüňçil, açyk göwünli adama öwrülýärdi.
Selbi Gurbana nazaryny aýlady-da, hiç zat soraman legen bilen iki sany suwly taňka getirdi, olaryň birinde sowuk, beýlekisinde gyzgyn suw bardy. Ol sesini çykarman adamsynyň ýeňlerini çermedi.
Gurbanyň gözüne suwam, legenem, onuň ýadan aýaklaryny ýuwýan ellerem görünmedi…
Tes-tegelek Gün asmana galdy. Agşamky ýagan ýagyş üçegi, otlary, agaçlary ýuwupdy. Ýapraklaryň ýüzündäki ýagyş damjalary almaz daşy ýaly lowurdaýardy.
Gurban öýünde ýokdy. Ol daň atmanka täze saplan pilini alyp, işine gidipdi.
Selbi howla çykdy, aýry saklanýan goýundyr guzulary agyldan çykardy. Ene goýunlar bilen guzular dessine bir-birine tarap okduryldy.
Guýrugyny yrgyldadyp, ýatakdan al saçbag dakylan gara goýnam çykdy. Oňa gözi düşen çagalar «Ýaşa!» diýip, alagykylyk boluşdylar. Kiçijik gyzjagaz ylgap goýnuň ýanyna bardy-da, öz saçbagyny çözüp aldy.