| |

«Sallançakdan düşüp meýdana gitdim…»

«Sallançakdan düşüp meýdana gitdim…» «SALLANÇAKDAN DÜŞÜP MEÝDANA GITDIM…»

«Sallançakdan düşüp meýdana gitdim...»

Sallançakdan düşüp meýdana gitdim,
Güllere çolaşyp, ýykyldym ýere.
Güýzüň dumanynyň içinde ýitdim,
Ýazda bogun-bogun söküldim ýele.

Ýüzüme ýetişen Aýyň şuglasy,
Kalbyma şatlygyň ýagtysy düşdi.
Ak gijede tanyş ýeller şuwlady,
Gül çogan meýdanlar bagtyma düşdi.

Güneşiň astynda gül bilen galňan
Gözýetyim gözüme nur berdi meniň.
Bir bahar gijesi köşeşip bilmän,
Aýyň saçlaryny sypady elim.

Öwrenşen ýazymyň gözden uçanna
Ýüregim bilniksiz gyýyldy durdy.
Gyşlar gelip ak ýüzüni açanda
Bilmedim, bir syrym duýuldy durdy.

Belki ýaşlygmyzyň görki şundadyr,
Utandum men, syr sakladym özgeden.
Kiçijik şatlyga goýuldy gadyr,
Hem ulaldym syrlaryma dözmeden.

Öwrenşen günlermi ýatlaýan käte,
Gözümiň alnynda Aýlar ýetişýär.
Ýöne gamly günüm, şat günüm ýada
Garyp enem bilen sallançak düşýär.

***

Ýyldyrym çakyp dur asmany çaýkap,
Ýagyş şowhun bilen ýuwýar tümlügi.
Ol meni saklaýar başyny ýaýkap,
Gaýdyp gelmejek deý ýagşa çümdügim.

«Saklama, ýoluma gideýin» diýýän,
Oýun edip sepýän ýagşyň suwuny.
Ol meniň egnime ýaňagny goýýar:
«Ýola gitmek öýüňdenem gowumy?»

Diýýärin «Ýyldyrym bolsa-da gödek,
Çakanda tisginip gitse-de teniň.
Şemalyň gomlary göterişi dek,
Bu ýigit göwnümi joşdurýar meniň».

Ýyldyrym gazaba münüpdir eýýäm,
Gijeligi ýyrtýar, asmany köwüp.
Ol meniň gujagma gysylyp, diýýär:
«Bu gije nähili, yzgytsyz, sowuk?!»

«Beýle diýme!» diýýän «Ýaz kimin nurly
Kalbyňdan ýakymsyz pikirňi taşla.
Bu ýagty jahanda sowuk zat barmy,
Sowuk zat barmy nä ölümden başga?!»

•HAT

Entek depämizde öňki ýyldyzlar,
Ýadaw ýollar uzap ýatyr görşüň deý.
Haýsy göwün çoýunmaga ymtylmaz,
Haýsy tolkun Aý götermez gerşinde.

Kenarda otyrkam elimden gaçan
Surat deýin düýşe girýär o günler.
Köşkleriň tylladan gupbasy gaçar,
Könelmeýän ymaratdyr göwünler.

Unutmansyň diýip, geň galma beýle,
Bilniksiz öýke-de etmegin, serwim.
Sarygaýmak günler, o günler heý-de,
Ýadyňdan çykarmy, serden gidermi?!

Belki, bir gün ýap boýundan geçemde
Zyba tallar bir zat, bir zat diýendir.
Oglan başym müň bir derdiň içinde
Özi bilmän bir dilberi söýendir.

Belki, dostum diýip, mähriban diýip,
Özelenip seredendir gözlerim.
Ýyllar geçdi gitdi ýatlama goýup,
Geçdi gitdi goýup süýj sözlerin.

Pasyllar çalyşyp gelse-de alna,
Göwün göwünligne galýandyr hergiz.
Unutmansyň diýip, ünjüde galma,
Bilniksiz öýke-de etmegin, serwim.

•DOST

Seni görsem, deňiz ýadyma düşýär,
Deňzi küýseýşim dek küýseýän seni.
Men kämil dälleriň hatarna goşýan,
Umman göreninde üýşenýänleri.

Dostuň gam çekende hasrat gününde
Asmanyň çetini göterýär egniň.
Saňa guwanç gördüm meýdan gülünde,
Bu durmuşa gelşik berýär är egni.

Kimler sürtülende ýanyp gutarar,
Sen ýanar durarsyň ýalap tümlügi.
Ýanmak bizi synagyndan ötürer,
Şeýdip belli bolar kimiň kimligi.

Ýollara gideňde ýoldaşyň bolar,
Gyşlaryň aklygy, ýazyň allary.
Ejizler iru-giç gözbaşa geler,
Gözýetime gidr merdiň ýollary.

O ýollarda gamlanarsyň, gülersiň,
Gowlugadyr bu dünýäniň ümzügi.
Sen mydam ummany ýada salarsyň,
Hem ýanar durarsyň serpip tümlügi.

Mämmetnazar BABANAZAROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle