«Depämizden syrygyp dur gar suwy…»
«Depämizden syrygyp dur gar suwy…»

Depämizden syrygyp dur gar suwy,
Pagyş-para ýüreklerem, ýerlerem.
Bir ýumşaklyk eýeläpdir barlygy,
Ýöne bu gün özgä syrym bermenem.
Garanjaklap gaty gülmen gaýmaryn,
Ulaldym men, agraslandym, goýaldym.
Arasynda mähelläniň, jaýlaryň
Gezip ýörkäm gözüm açdym, oýandym.
Durus indem, uzak ýatan sary gar,
Ýyrtylypdyr bölek-bölek biýz kimin.
Bu dünýäniň eräp barýan gary bar,
Hem Güni bar gorjalanan köz kimin.
Durus edil deňze çykjak gaýyk deý,
Durus ýöne bir-birege söýenip.
Bu dünýede eremezlik aýypdyr,
Bu dünýede nämä degmez söýeniň.
• SYR
Pynhan syrym ýaýdym ile,
Mis pul kimin seçeledim.
Tylladygyn bilme nire,
Hem serhetden geçenimi.
Ynha jebir, eger dözseň,
Neşdere tutup gerşini.
Görýän onuň özge gözden,
Namysly bakyp durşuny.
Ir gül açyp, çal aýaza,
Miwesin beren agaç deý.
Utanýaryn adamlardan,
Utanýaryn ýalaňaç deý.
Mämmetnazar BABANAZAROW. Goşgular