«Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn…»
«Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn…»

Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn,
Şübhä basdyrmagyn göwün galaňy.
“Bir oňat kişidir” diýip çaklagyn
Nätanyş adamyň berse salamy.
Gidibergin içi bilen syrgynyň,
Hasyrdanyp geçir säher çagyňy.
Ýöne mahal-mahal barlap durgunyň
Goltugyňda garpyz bary ýoguny.
Akgöwünli üçin şudur iň kyny,
Köpbilmişler ynamyny talarlar.
Ýüwürse aýagyna salarlar syny,
Uçsa ganat kakyşyny sanarlar.
Geçip barýas bir-birege höwrüge,
Eşidýäris köpbilmişiň gülmesin.
Şonuň üçin diň sal käwagt böwrüňe,
Goltugyňy barla garpyz bolmasyn.
Namart adamlaryň kadasy-da berk,
Hala ahmal biliň, hala çyn biliň.
Gowy tarapyňy goltugyňa berip,
Ahmal ýeriň bilen baglarlar diliň.
Mämmetnazar BABANAZAROW. Goşgular