|

Eý, kerim-u lem-ýezel…

Eý, kerim-u lem-ýezel…

Eý, kerim-u lem-ýezel...

Eý, kerim-u lem-ýezel, eý, halyky, erzu-sema,
Tapdy senden jümle-älem ýer ýüzi neşwu-nema.

Kim bile gaýet-ezelden bar idiň haýýyl-gadym,
Hem ebed ýokdur saňa, baky galar sen, intiha.

Jümle halk ähline, şah-a, razyky-razzak,
Ýetirer sen her kime bir iş bile nepi-nowa.

Her kime pazlyň erişdi, eýlediň towpygy-ýar,
Köňlüne geltirmediň zerre hyýaly masewa.

Gerçe usýan birle asylykda gümra olmuşam,
Tutmuşam umydymy pazlyňa emma, eý, Huda!

Külli emri hal içinde habyballa sen maňa,
Ýok durar nygmal-wekilim, gaýry älemde jyda.

Gaýybyýam, asy-ýu biçäreýi-uftada-hal,
Lutp kylgyl halatym zagyfyn görüp, ýa, Rebbena! Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle