|

Musanyň kelamy

Musanyň kelamy MUSANYÑ KELAMY

Musanyň kelamy

Müñýyllyk menzillerde
Bilmen haýsy asyrda.
Niliñ kenarynda doglan ýaly men.
Faraonlar baky ýurdy Müsürde.

Koý çopany
başga hünärimem ýok,
Ýalñyz wagtym gygyrýaryn
Heheheý.
Arasynda Hudaý bilen gepleşýän diýäýmesem,
Ygyp ýorün, asman ýyldyzlary deý.

Wagt akýar ekeni,
Suwlar mysaly,
Suwlar akýar hanasynda zamanyñ,
Meni bolsa bir sewediñ içinde,
Nile atyp halas etjek bolanlar.
Emma gaçyp sypyp bolyamy näme,
Ýaradanyñ yazgydyndan panyda.
Ony meniñ ejem bilen kakamam
Hatda Faraonam bilmeýän eken.

Azaşan adamlañ sürüsi bilen,
Belent Tañryñ arasynda araçy.
Ara açyp, gaçyp Müsür ýurdundan,
Hasamy uzadyp Gyzyl deñzine,
Iki ýana serpip giden ummany,
Geçip gitdim bütin ymmatym alyp.

Başyn çekip barşyma bu milletiñ
Hudaýyñ gudraty bilenem hatda
Bu milleti ynandyryp bilmedim.

Sylapberdi MUHAMOW.

06.03.2024. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle