|

Size sargydym

Size sargydym Dostlarym, bar size şeýle sargydym,
Ownuk hossarlykdan dyndaryň meni.
Çybyklary gyradeň däl daragtyň,
Eselsem, kötekläp syndaryň meni.

Ýaşamda ýaşaýyn adam şekilli,
Wyždanyňa görä gezmek ýakymly,
Boljak bolsam, öz-özümden akylly,
Gaýadan başaşak inderiň meni.

Eger düýä münüp hataba buksam,
Çemçeläp ýygnanmy, çanaklap döksem,
Il-günüme gyýa göz bilen baksam,
It alan sanaja dönderiň meni.

Yhlasym, höwesim şygyrlarymda,
Şolara siňendir maňlaý derim-de.
Sizem medet berip, gerek ýerinde
Ýyly mähriňizden gandaryň meni.

Bu ejiz ýüregim sizi küýseýär,
Guş dek uçup, boz jeren dek tasaýar,
Gülden-güle gonup, yşky küýseýär,
Sawçy dek öýlere gönderiň meni.

Ýylgaý Durdyýew. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle