|

Dag hem adam

Dag hem adam DAG HEM ADAM

Dag hem adam

Daglar adamlara meňzeş bolýandyr,
Olaň hem içinde beýgi-pesi bar.
Tebigat daşlara, çal gaýalara,
Terjimehalyny keşdeläp ýazýar.

Ony okap bilýär aňly adamlar,
Aňsyzlar aňmazlar beýle zatlary.
Saňa gürrüň berer nuhuň döwründen,
Ýagyşyňdyr ýagmyryň alamatlary.

Bu joşgunly, akar suw ýaly durmuş,
Daşa ýazýar ynsan terjimehalyn.
Dag ýaly adamlar daýanyp daga,
Göterip ýör uly iliň ykbalyn.

1977. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи