|

Şire şam bolmagy islän ynsan / minikyssa

Şire şam bolmagy islän ynsan / minikyssa ŞIRE ŞAM BOLMAGY ISLÄN YNSAN

Şire şam bolmagy islän ynsan / minikyssa

Bir kişi daga gidip, derelerde sergezdan bolup aylanypdyr. Ahyr gozleýänine gabat gelipdir. Dagyñ içinde algyr şir bilen gabatlaşypdyr. Ol şiriñ göni garşysyna baryp:
— Eý haýwanlaryñ şasy, eý daglaryñ peleñi, meni iýip goýberseñ nähili bolar — diýipdir. Şir agyr başyny has agras silkip:
— Men seni näme üçin iymeli — diýip geñ galyp sowal beripdir.
Adam hemme gussasyny jemläp:
— Meni dostlarym kyn gunümde terk edip gitdiler. — diýipdir. — Şeýle satgyn dostlarymy bar eken ýaşamagyñ manysam ýok diýip hasaplaýaryn.
Şir oña gaty geñ galyp garapdyr. Adam sözüni dowam etdiripdir:
— Onsañ ölenimde bir mert haýwanyñ awy bolup öleýin diýip pikir etdim-de, señ ýanyña gaýtdym, algyr peleñim! Sen meni tar-mar edip, iýip goýbersene!
Adamyñ ýagdaýy aýylganç agyrdy meger. Emma şiriñ aýdan sözi has-da agyr eşidildi:
-Beyle ýasama dostlary bolan adamy iýmek maña gelişmez. Ynsan saña haýpym gelýär!

Sylapberdi Muhamow,
28.11.23. Daşoguz. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle