Yalñyzlykda ýalñyzlyk hakda oylanalyñ
Yalñyzlykda ýalñyzlyk hakda oylanalyñ

Penşenbe, 17.08.2023 ý.
Bir wagt Gurbannazaryñ aýdyşy ýaly, geliñ birazajyk dymalyñ, birazajyk ýalñyz galyp oýlanalyñ! Size başarmajak işiñizi teklip edemok. Soñky döwür ýoñ bolan aforizmde akylly telefonlar, akylly tehnologiýalar, hatda akylly şäherler döredi akylly adamlar bolsa akmaklaşdy. Men edil bir akmaklaşdy diýesim gelenok. Emma edýän işlerimize syn beresim gelýär.
Adamlar sossial ulgamlarda, internetde ýagny deñze giden bolsa deñze gidenini, bir doglan gün mynasybetli saçak bezän bolsa saçagyny, gepiñ gysgasy aýakgap alan bolsa şonam iñ ýörgünli imo-da goýýalar. Käbirini görüp ýaman utanýañam.
Muña türkmen görümsizlik diýýä owalynda. Hany turkmeniñ gadym ýoly. Öz şahsy durmuşyñy hemme ýerde mahabat edip, meñ pikirimçe «göz-gülban» bolmak bize gelişýärmikä?!
Bir psihologyñ ýazgysyny okapdym. Psihologyñ köp ýyllyk seljermesine görä diñe bagtsyz we ýalñyz adamlar öz şahsy durmuşyny owadan we baý, gözgidiji görkezip sossial setlerde görkezýär eken.
Psihologa ynansak biz ýalñyz we bagtsyz bolýas-da?!
• Awtor hakda
Sylapberdi Muhamow 1980-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Ýylanly (häzirki Gurbansoltan eje adyndaky) etrabynda ýerleşen Garagaç obasynda eneden dogdy.
Başlangyç bilimi obasyndaky 21-nji orta mekdepde aldy. 2010-2019-njy ýyllar aralygynda öz welaýatyndaky «Daşoguz habarlary» gazetiniň Syýasy jemgyýetçilik bölüminde uly habarçy wezipesinde işledi. 2018-nji ýylda welaýat häkimliginiň garamagyndaky liseýde kitaphanaçy we arhiwçi hünäri boýunça bilim aldy.
2014-nji ýylda sungat we döredijilik ugurlary boýunça geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
Maşgalaly. Häzir Russiýada ýaşaýar. Nukdaýnazar