| |

Özüniñ ýazyp bilmeýänini bilse-de yazjak bolup gara heläk şahyrjyklara

Özüniñ ýazyp bilmeýänini bilse-de yazjak bolup gara heläk şahyrjyklara Sylapberdi Muhamowyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy

Özüniñ ýazyp bilmeýänini bilse-de yazjak bolup gara heläk şahyrjyklara

Ýekşenbe, 06.08.2023 ý.

(«Daşda-içde pikir goýman…» syýahat depderinden)

Siz häzir döwürleýin metbugatda garaheläk bolup, ýaramaz-ýarty goşgularyñyzy çap etdirýärsiñiz. Medeni çärelere özüñizi çagyrdyp goşgy okaýarsyñyz. Bir zat sorasym gelýär: Şu siziñ dünýäñizmi? Ýok, şular siziñ dünýäñizi dolduryarmy? Kanagatyñyz şuña ýetýärmi?
Eger ýazyp bilmän çygynýan bolsañyz, azara galmak gerekmi beri?!
«Saña näme?» diymegiñiz mümkin. Maña näme? Daýymyñ aydyşyny aýtsam, maña-ra pişigiñ gulagy ýaly.
Pikime-de däl… neme piñime-de däl diyjegim.
Onsoñam «Gender deñligine» raýdaşlyk edýän bütin dünýäniñ «hähine» goşulyp bilmesem-de, şuny aýdasym gelýär. Soñky wagtlar-a baý zenan şahyrlarymyz köpelip gidip otyr. Edil ýöne ýagynly ýylyñ kömelegi ýaly. Ýazýan zatlarynyñ geldi-geçerliginden kelläñ göçýär. Kelläñ göçýär diýende Ikinji jahan urşuny başdan geçiren bir inwalid mugallymymyz ýadyma düşýär. Käwagt gaty goh edýändiris-de, pahyr «Siziñ şohumyñyzdan kelläm göçýe meñ» diýip zeyrenýärdi. Siziñ bor-bolgusyz edebiýatyñyzdan halkymyzyñ medeniýeti nädereje peselýärkä.
Halkymyza haypyñyz gelsin! Nukdaýnazar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle