| |

Gabonyñ hoşlaşyk haty

Gabonyñ hoşlaşyk haty GABONYÑ HOŞLAŞYK HATY

Gabonyñ hoşlaşyk haty

Gabriel Garsia Markes Kolumbiýa edebiýatynyñ iñ görnükli wekili bolmak bilen,​ ol dünýäniñ iñ beýik ýazyjylarynyñ biridir. Ýazyjynyñ «Ýüz ýyl ýalñyzlyk», «Patriarhyñ güýzi», «Polkownige hiç kim hat ýazmaýar», ýaly eserleri dünýä dilleriniñ köpüsine terjime edildi. Ol käte goşgy hem ýazýar. G.Markesiñ okyjylarmyza hödürlenýän bu werlibr goşgusy, onuñ ýaş nesillere wesýeti bolyp ýañlanýar. Bu goşgy hem R.Kiplingiñ «Ogluma wesýet» goşgusy ýaly dünýä meşhur şygyrlaryñ biridir.

Eger-de Biribar nazaryn sowyp,
​ ​ ​ ​ görmän meniñ bu gün
​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ köne gurjaga
meñzäp duran bu eleşan keşbimi,
​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ berse maña ýene
​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ bir çümmük ömür,
şonda-da men bar pikirimi doly
​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ aýdyp gutarmazdym,
​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ýöne şu mahal
diýýän sözlerimden dänerdim,
​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ ​ belki

Men zatlary
hemem bar görnüşleri
bahasy boýunça däl-de,
manysy boýunça ederdim kabul
hem owalda oýlanylşy boýunça.

Az uklardym,
köpräk ederdim pikir,
çünki her minut ukuda
ýagtylygyñ laýyk altmyş pursadyn
ýitirýäris biz.

Özgeleriñ duran wagty
ýörärdim,
şokoladly doñdurmadan doýardym.
Eger-de Biribar eçilse ýene
bir çümmük pursady,
eşiklerimi
sypyryp,
açardym bu giñ gursagy.
Günüñ astynda men gerip golymy,
görkezerdim Hudaýa
ýalañaçlap kalbymy.

Eý,​ Tañrym, ýüregim ýene
azajyk tirpildese,
ýigrenç sözleñ,​ hapa sözleriñ baryn
ýazardym buz üstüne,
soñ olaryñ eräp gitmegi üçin
Günüñ dogaryna garaşardym men.

Wan Gog bilen bile
Benedettiñ goşgularnyñ suratyn
ýyldyzlara çekerdim.
Seratyñ aýdymlary
meniñ Aýa serenadam
haýyşly sözüm bolardy.

Sowgat birdim bägüllere gözýaşym
duýmäge tikenleñ baky yzasyn.
Hem Gül ýapraklarnyñ
nepis posasyn.
Eý Tañrym …
bir çümmük ömür berilse …
hemmeleri söýýänimi ,
uly hormat goýýanymy
tekrarlamak ûçin
ýeke pursady
öz deñimden geçirmezdim,
barçalara aýdardym
siz maña golaý diýip,
men sizi söýýän diýip.

Erkeklere aýdardym men
garrylyk zerarly söýgim tamam diýp
ýalñyş pikir edýändiklerin,​ gaýta
söýmesini bes edendikleri üçin
bu galp endikleri üçin
garrap gidýändiklerin.

Çagalara bolsa, bererdim ganat,
ynandyryp uçmagy olañ
öwrenmelidigin
öz-özleriniñ.

Gojalaryñ gulagyna guýardym
ölüm diýlen närsäñ garrylykdan däl,
diñe iç hümledip, unudylmakdan
gelip bilýändigni.

Onsañam men ähli zady
öwrendim sizden…
Tutuş ýagty dünýäñ adamlarynda
belentde ýaşamak islegniñ baryn,
ýöne bagt dyrmaşyp bilşiñe bagly
depesine başy belent daglaryñ.

Bir pikiri özleşdirdim:
Haçan-da çagajyk öz atasynyñ
barmaklaryn gysanda,
nesil dowamynyñ ömürlikdigni.

Göz ýetirdim, bir​ adamyñ beýlekä
ýardam üçin belentlikden bakmagna
hem onuñ — da belentlige çykmagna
kömek etmek​ hukugynuñ bardygna.

Bildim köp zatlary sizden,
Bulañ maña peýdasy nä?!
Indi bolsa, köşeşip,
öz garyp tünegmizden
gitmeli öz betbagtlygma …
Emma öwrenenlerim
peýda berdi bu zatlary
size aýdyp gitmegime.

Gabriel GARSIA MARKES.

Terjime eden Atamyrat​ ATABAÝEW.

«Garagum» žurnaly, 2009/10. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle