Jüneýdi Bagdady we sermayasy tükenen buz satyjy
Jüneýdi Bagdady we sermayasy tükenen buz satyjy

Bagdatda tomus howasy yssydy, hemmeler jöwzadan gaçyp, kölegeli ýer we rahatlandyryjy şemal gözleýärdiler. Ýekşenbe bazary açylyp, adamlar söwda-satyk işlerine başlapdy.
Bu aralykda, bir adam beýik daglaryň gowaklaryndan getiren buzlaryny satýardy, buz bölekleri eremezden we biderek bolmanka olary gysga wagtda satmalydy. Şeýle-de bolsa, ýurtdaky ykdysady çökgünlik sebäpli buz kän satylmady. Günüň yssy gelmegi bilen buz haýaljykdan eräp başlapdy. Malyň, emlägiňem janyňa dert-dä. Bar sermaýasy bolan buzuň gözüniň öňünde ereýändigi, ol adamyň ýüregini hem eredipdi. Buzuň eremesiniň barha çaltlaşmagy bilen şonça-da jany ýanýan adam uly ses bilen gygyryp-bagyryp başlapdyr: «Sermaýasy tükenip barýan bu garyp adamdan buz satyn aljak ýokmy?»
Şol wagt okuwçylary bilen geçip barýan beýik keramatly Jüneýdi Bağdady suw satýanyň bu sözlerini eşidip, birden saklandy-da lampa özüni aşal goýberdi. Elleri bilen kellesini tutdy. Okuwçylary aladalanyp “Pirim, eýgilikmi, näme boldy” diýip soradylar. Beýik pir Jüneýdi Bagdady: «Bu adamyň aýdýanlaryna üns beriň-diýip, buz satyjynyň tarapyna seretdi. -Bu sözler meni sarsdyrdy. Diňe ereýän buz däl, adamyň maddy sermaýasy bolan buzuň ereýşi ýaly, wagt asyl sermaýamyz-ömrümizi gutaryp barýar, durmuşymyzy sarp edýär. Saniýe-saniýe, dakyka dakyka, ömrümiziň buzy ereýär, düşünýärmisiňiz? Şol buz satýanyň buzunyň ereýşi ýaly, ömürlerini biderek eredip, içini tutup aglamaýanlara utanç bolsun!..”
Türkçeden terjime eden: Sylapberdi MUHAMOW. Halk döredijiligi we rowaýatlar