Atajan Annaberdiniñ degişmeleri -2
Atajan Annaberdiniñ degişmeleri -2
▶ «Dişleýär eken»
Atajan Annaberdi täzelikde satyn alan sygryny satmak üçin bazara eltipdir. Muny gören sygyr gassaplary: «Näme, şahyr, geçen bazarda alan sygryñy yzyna getiräýipsiñ-le» diýşip gülşüpdirler. Muny gören Atajan: «Wah, muny depegenräkdir diýip satdyñyz welin, asyl bu ahmal bolsañ dişleýän eken-ä» diýip jibriniberipdir. Atajanyñ tanyş gassaplary üýşüp, bu dişlek sygry soýup satmaly edipdirler.
▶ «Pul barmydy?»
Warak maşynyny söküp, bejerip bilmän oturan goñşusy Atajan Annaberdä: «Wah, goñşy, şo-ol maşynyñ bol döwründe bulañ birki sanysyny alyp taşlamaly eken» diýipdir. Atajan Annaberdi onuñ aýdýan sowet döwrüni ýatlap: «Aý, goñşy, seniñ aýdýan ol döwrüñde maşyn alar ýaly pul barmydy? diýen.
▶ «Ikimiz bilen ýaşamaz»
Bir goñşusy aýalyndan zeýrenip, Atajan Annaberdä: «Hudaý bulary syratly, görmegeý, owadan edib-ä ýasapdyr. Nämüçin, akyllyrak edip ýasaýmadyka?» diýipdir. Atajan Annaberdi şonda: «Aý, goñşy, akyllyrak edilip ýasalan bolsa, olar ikimiz ýaly alasamsyk bilen ýaşamaz-a» diýip, aýallaryñ tarapyny tutupdyr.
▶ Göwün
Atajan Annaberdi bir daýhan ýigidiñ toýunda aýdym aýdyp, goşgy okap, hezil beripdir. Toýdan gelýärkäler, Atajanyñ söwdagär dostlary: «Atam, biziñ toýumyzda şeýdip, hezil berip, göwnümizi götereñok» diýip igenipdirler. Atajan bolsa: «Siziñ göwnüñizi baýlygyñyz göterýär. Ýañky ýigidiñ göwnüni bolsa, aýdym, goşgy göterýär. Goşgynam diñlenilýän ýerde okasañ ýagşy-da» diýen.
▶ «Haçan ýazmaly?»
«Goşgyny haçan ýazmaly, gijemi, gündiz?» diýip, bir ýaş şahyr Atajan Annaberdiden sorapdyr. Atajan Annaberdi oña: «Ýaşkañ, gije ýatmaly-da, gündiz ýatmaly. Gartaşansoñ bolsa, gije ýazybermeli» diýip, degişme äheñinde jogap beripdir.
▶ Galtakly
Atajan Annaberdiniñ goñşularynyñ biri: «Toýa bir özümi atyp bilsem, ulagly getirip gidýärler» diýip, öwnüp oturan eken. Oturanlar muña ynanmajak bolupdyrlar. Şonda Atajan: «Goñşyñ aýdýanlarynyñ jany ýok däl, how, adamlar!» Şuny galtakly alyp gelýänlerini gözüm bilen gördüm» diýip, goñşusynyñ tarapyny çalypdyr.
Batyr ÇARYÝEW. Degişmeler