|

Öler janym kitap

Öler janym kitap ÖLER JANYM KITAP

«Adam-ga­ra­syz bir ada­da ýal­ňyz ýa­şa­ma­ga mej­bur bol­sa­ňyz, şu ro­man­lar­dan haý­sy bi­ri­ni ýa­ny­ňyz bi­len äki­der­di­ňiz?» di­ýen so­rag bir­ma­hal­lar Fran­si­ýa­da so­wal­na­ma­çy­la­ryň örän ha­la­ýan mow­zuk­la­ry­nyň bi­ri bo­lup­dy. So­wal­na­ma­çy­sy­na gö­rä, ol ro­man­lar fran­suz ýa-da dün­ýä­niň beý­le­ki halk­la­ry­nyň ede­bi­ýa­tyn­dan saý­la­nyp al­nar­dy. So­wal­la­ry­ny ede­bi­ýa­tyň beý­le­ki ede­bi gör­nüş­le­ri­ne çen­li uzald­ýan­lar hem bar­dy. Şeý­le so­wal­na­ma­la­ryň bi­ri­ne And­re Ži­diň be­ren jo­ga­by köp­le­riň ýa­dyn­da­dyr. Ýa­zy­jy jo­ga­by­ny «On fran­suz ro­ma­ny» ma­ka­la­sy ar­ka­ly «Incidences» («Ha­dy­salar») at­ly ki­ta­byn­da oky­jy­la­ra ýe­ti­rip­di. Şeý­le so­wal äh­mi­ýe­ti­ni hä­li-hä­zi­rem ýi­ti­ren­dir öý­de­mok. Çün­ki bu so­wal­lar kä­bir ýa­zy­jy­la­ryň ha­la­ýan eser­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­ýar­dy hem-de ýat­dan çy­kyp bar­ýan kä­bir eser­le­riň ga­dyr-gym­ma­ty gaý­ta­dan di­ke­len ýa­ly bol­ýar­dy. Ýö­ne bu so­wal­lar ar­ka­ly or­ta atyl­ýan esa­sy zat, ede­bi­ýa­tyň adam dur­mu­şyn­da bar­ly­gy­dyr. Göw­nü­me bol­ma­sa, ço­la ada­da ýa­şa­ma­ly bo­lan bir ada­ma: «Ýa­ny­ňyz bi­len nä­me­le­ri äkid­ýä­ňiz?» diý­se­ler, el­bet­de, ol er­kek ki­şi bol­sa, gi­je ýa­tyş ge­ýim­le­ri­ni, aýal maş­ga­la bol­sa, do­dak bo­ýa­gy­dyr üst-ba­şa ti­mar be­riş goş­la­ry­ny al­mak ba­ra­da pi­kir et­me­se ge­rek. Me­ge­rem, olar ýa­şa­mak üçin ze­rur bir­ki zat­dan gaý­ry­sy­ny ki­tap­la­ra da­hyl­ly eder­di.

Adam­la­ryň ki­tap­la­ra beý­le teş­ne­li­gi­ni nä­me bi­len dü­şün­dir­me­li? Ki­tap­lar, on­da-da ro­man­dyr şa­hy­ra­na ki­tap­lar yn­san dur­mu­şyn­da nä­dip beý­le uly orun al­ýar? Me­niň pi­ki­rim­çe, mu­ňa jo­gap ber­mek üçin, il­ki bi­len, «Adam­lar nä­me üçin oka­ýar?» di­ýen so­wa­lyň jo­ga­by­ny tap­ma­ly bol­sa ge­rek. Adam­lar köp­çü­lik bo­lup ýa­şa­ýa­nam bol­sa, ýa­ra­dy­lan mah­luk­la­ryň ara­syn­da iň bir ýal­ňy­zy­dyr. Da­şyn­dan gör­seň, bi­ri-bi­ri­ne ýa­kyn­dyr­lar, em­ma iç­ki dün­ýä­le­ri ba­bat­da ara­la­ryn­da nä­hi­li alys­lyk ýa­tyr­ka? Has­ra­ty­ny bö­lü­şe­re adam tap­man­soň, ala­şa­sy­nyň boý­nu­ny gu­jak­lap içi­ni dö­ken Çe­ho­wyň ara­ba­ke­şi ha­kyn­da in­di-in­di­ler oý­lan­ýa­ryn. Okap-ýa­zyp bi­len­li­gin­de ol beý­le ýe­ke-ýal­ňyz ga­lar­my­dy? Dün­ýä­de hiç bir dost ada­ma ki­tap­dan ýa­kyn däl­dir. Gaý­gy-ala­da­la­ry­my­zy unut­mak, bir­sy­dyr­gyn dur­mu­şy­my­za rö­wüş, ýag­ty­lyk çaý­mak, da­ra­jyk dün­ýä­miz­den tap­ma­dyk zat­la­ry­my­za duş­mak üçin, bi­ziň ýe­ke-täk çy­kal­ga­myz ki­tap­la­ra ýa­pyş­mak­dyr. Adam-ga­ra­syz ada git­mek beý­le­de dur­sun, haý­sy­dyr bir sy­ýa­hat üçin ýo­la çy­ky­lan­da-da, okap-ýa­zyp bil­ýän adam­la­ryň haý­sy bi­ri ýa­ny­na bir­ki sa­ny ro­man, bir­ki sa­ny ki­tap al­ma­gy ýa­dyn­dan çy­ka­rar? Sy­ýa­hat ma­ha­ly daş-tö­we­re­gi­mi­ze ba­kyp, haý­ran ga­lyp otu­ry­şy­my­za ýa­ny­my­za alan ki­tap­la­ry­my­zy oka­ma­ga wagt tap­ma­sa­gam, el­ýe­ter­de ki­ta­byň bo­la­ny kem däl. Se­bä­bi ola­ryň ja­na-jan ýol­da­şy­myz­dy­gy­ny bil­ýä­ris. Şu dün­ýä­de ki­tap­lar bol­ma­dyk bol­sa, ýa­şa­mak ne­neň­si kyn, çök­der bo­lar­dy di­ýip oý­lan­ýa­ryn. Ýa­zy­jy ýa şa­hyr üçin ýaz­mak nä­hi­li ze­rur­lyk bol­sa, oky­jy üçi­nem ýa­zy­lan­la­ry oka­mak şo­nuň ýa­ly ze­rur­dyr. Iň göw­nü­çök­gün pur­sat­la­ry­myz­da-da, da­dy­my­za ki­tap ýe­tiş­ýär. Ataç ölüm ýas­sy­gyn­da ýa­tyr­ka özü­ni so­ra­ma­ga ge­len Sa­ba­hat­tin Teo­ma­na: «Dert­li­käň agy­ry­ňy dep ed­ýän iň go­wy der­man goş­gy eken. Wag­ty­my goş­gy okap ge­çir­ýän» diý­män­mi­dir nä­me?

Ki­tap göw­nü­mi­zi gö­te­ri­şi ýa­ly, ru­hu­my­zy hem beý­geld­ýär. Gys­ga­jyk öm­rün­de ada­myň ga­zan­ýan tej­ri­be­si ne­neň­si az! Em­ma şy­gyr­lar­dyr ro­man­lar ony dö­re­den ada­myň iç­ki dün­ýä­si­niň her dür­li tej­ri­be­sin­den eme­le gel­ýär. Biz şo­la­ry okap peý­da­lan­ýa­rys, özü­miz­de ýet­me­ýän tej­ri­be­le­riň öwe­zi­ni şo­lar bi­len dol­dur­ýa­rys. Bir zat­lar öw­ren­mek üçin ro­man ýa goş­gy okal­ýan­dyr öý­de­mok. Ýa­zy­jy bir zat­lar öw­re­de­ýin, kä­bir ha­ky­kat­la­ry açyp gör­ke­ze­ýin di­ýip ýa­zan däl­dir ahy­ry. Pi­kir ese­ri­ni sun­gat ese­rin­den ta­pa­wut­lan­dyr­ýan no­kat, yn­ha, şun­da!

Dö­re­di­ji­li­gi aluw-sa­tuw işi­ne ça­lym­daş gör­ýän ýa­zy­jy­lar bi­len me­niň işim ýok. «Içi gü­jük­li» eser­le­ri öz ki­tap tek­jäm­den daş sak­la­ýa­ryn. Ylaý­ta-da, şu dün­ýä­ni yn­san üçin zä­he­re dön­der­ýän ro­man­la­ra el­my­da­ma şüb­he bi­len ga­rap gel­dim. Dur­mu­şyň öz gaý­gy-has­ra­ty az ýa­ly, ga­raň­ky, de­mi­ňi da­ryk­dyr­ýan ro­man­la­ry oka­mak, heý, çe­kip-çy­dar­lyk­ly zat­my­dyr?

«Ýö­ne bu zat­lar dur­muş­da bar ahy­ry!».

«Şeý­le­dir, dur­muş­da bo­la­ny bi­len hök­man ese­re sal­ma­ly­my?».

«On­da ede­bi­ýat mat­lap­syz gal­ma­ly­my?».

Şeý­le ki­şä nä­me diý­me­li? Onuň üçin baş­ga-baş­ga we­zi­pe­le­ri göz­lär ýa­ly, ýa­şaý­şy gö­zel­leş­dir­ýän, ada­my dur­mu­şa bag­la­ýan, ony owal­-baş­ky sap duý­gu­lar bi­len baý­laş­dyr­ýan ede­bi­ýa­tyň, eý­se, mun­dan has ýo­ka­ry we­zi­pe­si bo­lar­my?

Gö­rüň, ki­tap­dan söz açyp, ni­re­le­re gel­dim. Ýö­ne şon­da-da ki­tap­dan daş­laş­ma­dym. Dün­ýä­ni adam­syz göz öňü­ne ge­ti­rip bil­meý­şi­miz ýa­ly, ada­my-da ki­tap­syz göz öňü­ne ge­ti­rip bil­me­ris di­ýe­sim gel­ýär. Beý­ni­sin­de pi­kir uç­gun­la­ry ýal­pyl­dap ug­ran pur­sa­dyn­dan bä­ri adam pi­kir ed­ýän we duý­ýan zat­la­ry­ny dür­li usul­lar ar­ka­ly eli­ne ilen za­dyň ýü­zü­ne ge­çir­mek­den özü­ni sak­lap bil­män­dir. Ine, şon­dan bä­rem yn­san ýaz­ýar, ýa­za­ny­ny-da okad­ýar. Ýyl­lar geç­ýär, asyr­lar aý­lan­ýar, şun­ça wag­tyň do­wa­myn­da en­çe­me ki­tap­lar ýat­dan çy­ka­ryl­ýar, bir­gi­den ki­tap­lar ha­ky­da­da gal­ýar. Dün­ýä ge­len­le­re ga­ra­nyň­da, on­dan ge­çen­ler köp. Em­ma ýag­ty ýa­lan­çy­da haý­sy duý­gy-dü­şün­je­dä­ki, haý­sy oý-pi­kir­dä­ki oky­jy bol­sa bol­sun, şo­ňa hem­ra bo­lup bi­ler de­re­je­de ýa­zy­lan­lar tü­ke­nik­siz köp… Göw­nü­me bol­ma­sa, ýa­zy­jy­nyň özi dil ýar­ma­sa-da, Ro­bin­zon Kru­zo­nyň iň uly has­ra­ty onuň ada­da ki­tap­syz gal­ma­gy ýa­ly bo­lup dur.

Oka­ýan adam üçin ki­tap tek­je­le­ri­niň ýa­ky­nyn­dan ra­hat ýer bar­dyr öý­de­mok. Özüm-ä ki­tap­laň için­de duý­ýan ra­hat­ly­gy­my baş­ga hiç ýer­de-de du­ýa­mok. Ki­tap­la­ryň tä­ze­le­ri­ni-de, kö­ne­le­ri­ni-de ha­la­ýan. Em­ma tä­ze­le­re he­mi­şe yna­nyp bo­la­nok. Tä­ze­le­riň al­dad­ýan ma­hal­la­ram bol­ýar. Beý­le ýag­daý kö­ne ki­tap­la­ry­myz­da bol­ma­ýar. Olar kö­ne dost­lar ýa­ly, ga­dyr-gym­ma­ty bel­li, sy­nag­dan ge­çen. Ola­ra ýaý­dan­man ýüz­le­nip bol­ýar. Ki­tap­lar di­ňe aýd­ýan zat­la­ry bi­len däl, oýan­dyr­ýan duý­gu­la­ry bi­len hem bi­zi gur­şap al­ýar. Fran­si­ýa­da dog­lan gü­nü­niň 100 ýyl­ly­gy bel­le­nip ge­çi­len Les Fleurs du Ma­lyň bir se­ti­ri ýa­dy­ma düş­ýär. Bod­ler (Bau­de­lai­re) ol se­tir­de şeý­le diý­ýär:

Bä­bek be­de­ni deý ter-tä­ze ys­lar. ( Bä­bek be­de­ni deý ter-tä­ze ys­lar — «Il est des parfums frais comme des chairs d’enfant».)

Ha­ky­kat­dan-da, hiç bir ys şu ýa­şaý­şyň baş­lan­gy­jyn­da­ky ys­dan ter, on­dan ja­na ýa­kym­ly bo­lup bil­mez. Ýö­ne on­dan soň haý­sy ys gel­ýär diý­se­ler, hiç hi­li ikir­jiň­len­män, «ýa­ňy çap­dan çy­kan ki­tap­la­ryň ysy!» di­ýer­dim. Bu ys haý­sy ýa­zy­jy­nyň kal­by­na ala­ba­har ho­wa­sy ýa­ly bo­lup dol­ma­dy, haý­sy oky­jy­nyň ar­zuw-hy­ýal­la­ry­na tä­ze göz­ýe­tim­ler aç­ma­dy! Ýö­ne di­ňe ys­my? Sa­hy­pa­la­ry wa­rak­la­ýan bar­mak­la­ryň ka­gy­za gal­taş­ma­gyn­dan du­ýul­ýan al­ňa­sak lez­ze­ti diý­se­ne! Ýyl­la­ryň me­niň elim­den alyp bil­me­dik duý­gu­sy sto­lu­myň üs­tün­de üý­şen tä­ze ki­tap­la­ry açan pur­sa­dym baş­dan ge­çir­ýän süý­ji şat­ly­gym­dyr. Eý­se, özü­ňi­ze şeý­le ýa­kyn saý­ýan kö­ne ki­tap­la­ry­ňy­zyň ysy­na nä­me di­ýer­si­ňiz? Ola­ry ni­re­den tap­jak? Dog­ry, wagt ge­çip, ola­ryň reň­ki bi­len bir­lik­de ysy-da öçüg­si­le­şip­dir, ozal­ky ter­li­gin­den di­ňe da­mak­da kek­rem­si ajym­tyk ys ga­lyp­dyr. Ýö­ne mu­nuň ter­si­ne, kö­ne ki­tap­la­ry­myz bi­raz «biz­le­şip­dir», özü­mi­ze öw­rü­lip­dir, ýat­la­ma­la­ry­myz bi­len do­lup­dyr. Ýaş­la­ryň tä­ze, ýa­şu­lu­la­ryň bol­sa, ga­la­pyn, kö­ne ki­tap­la­ra hö­we­sek­li­gi, bel­ki-de, il­kin­ji­le­riň umy­dy aň­lad­ýan­dy­gy, ikin­ji­le­riň bol­sa ýat­la­ma bo­lup dur­ýan­dy­gy se­bäp­li­dir. Iň bir ha­la­ma­ýan ki­tap­la­rym, wa­rak­la­ry baş­ga bi­ri ta­ra­pyn­dan açy­lan tä­ze hem-de ar­zy­sy ga­çan kö­ne ki­tap­lar­dyr. Bu­la­ryň bi­rin­ji­sin­de sa­hy­pa­la­ry­ny aç­mak, ikin­ji­sin­de ýat­la­ma­la­ry gür­let­mek lez­ze­ti bol­ma­ýar.

Ge­piň kel­te­si, ki­ta­by go­wy gör­ýä­rin. Dü­şün­dir­ýän zat­la­ry­ny boý­la­mak­dan, wa­rak­la­ry­ny el­läp gör­mek­den, tä­ze sy­ýa­nyň ysy­ny al­mak­dan, ag­da­ry­lan sa­hy­pa­la­ryň şa­gyr­dy­syn­dan he­zil edin­ýä­rin. Öý­den bir ýa­na çy­kan wag­tym, ýa­ny­ma çak­laň­ja bi­çüw­dä­ki ki­tap al­ma­gy ýa­dym­dan çy­ka­ra­mok. Nä­me bol­ja­gy­ny kim bil­ýär? Köp­çü­li­giň ara­syn­da ada­myň kal­by­ny bir­den­kä ýal­ňyz­lyk gap­la­sa bil­diň­mi?

Eý­se, bir so­wal­na­ma­çy şeý­le en­di­gi­miň bar­dy­gy­ny bi­lip ge­lä­gede, adam-ga­ra­syz ada äkit­jek on ki­ta­bym ba­ra­da so­raý­sa, nä­me jo­gap be­rer­käm? On ki­tap! Ola­ry saý­laý­mak dil­de aň­sat. Ga­lan­la­ry­ny nä­me et­me­li? Dog­ru­sy, me­niň ada git­mek ni­ýe­tim ýok. On­so­ňam so­wal­na­ma­çy ge­läý­se, oňa: «Nä­me üçin özüň bu on ki­ta­by saý­lap alyp, şol ada özüň gi­de­ňok?» diý­jek. Me­niň üçin-ä, öz otag­jy­gym­da, kö­ne-u-tä­ze äh­li ki­tap­la­ry­myň ara­syn­da gal­mak has ýa­kym­ly.

Ter­ji­me eden Me­ret­mäm­met HAN­MÄM­ME­DOW Edebi makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle