Hokkeý
Hokkeý
Gijäň ýary gykuw bilen eýwanda
Girjek bolduk göni indi ekrana,
Buzdan batly böküp barýan şaýbany
Biz özümiz urýan ýaly, hamana.
Bizden beter basga düşdi diktoram:
Sekundomer oýny gaty gyssaýar.
Deň hasaply, deň ýalynly ýaryşyň
Soňky sekund, soňky synag, kössi bar.
— Ýarym minut… On bäş sekund… Bäş sekund…
Soňky sekund! Soňky sekund ereýär!..
Gol diýdi-de, bökdi birden Ozerow,
Stadionda şeýle bir goh döreýär!
Soňky sekund! Soňky sekund arzyly
Hem azaply uly ýeňşe ýetirdi.
Soňky sekund erjel erke mynasyp
Hem sapaly şanly şöhrat getirdi…
Ýaşam indi ýetdi, ýoldaş, bir çene…
Öňde bolsa biçak beýik geriş kän…
Soňky sekund gadryn bilen çilikçi
Diýdi: agam, entek-entek göreş kän.
Ata ATAJANOW.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 24.12.1977 ý. Goşgular