|

Ýakynlyk / hekaýa

Ýakynlyk / hekaýa ÝAKYNLYK

Ýakynlyk / hekaýa

Görgüsiýaman adamzada ýagşy­ly­gam eder ýa­ly däl, wal­la. Nä­me­miş, men ony ýolda ýag­şa ezen­mi­şim. Aýak­la­ry öl bo­lan­myş.
Al ota­gyň burçun­da asyp go­ýan sa­ýa­wa­ny­ňy. «Şonsuz kö­çä çyk» diý­ýän adam ýok. Ulanma­jak bol­saň, nä­me, burç­da eks­po­nat edip asyp goý­jak­my­dyň diý­se­ne?!Üs­te­si­ne-de, ol ýi­gi­diň bel­le­şi­len ýe­re gel­män, tas bir sa­gat da­gy gi­jik­jek­di­gini bi­lip­jik dur­sa-da: «Ge­le­no-ok» di­ýip ýer dep­ýär. A-how, yn­san ba­la­sy, ma­ňa-da, öz ja­ny­ňa-da haý­pyň ge­le­wer­sin. Ýok, gaý­ta, ter­si­me gid­ýär. «Iň ýakyn jo­ram­syň» di­ýe­nem bol­ýar ýe­ne-de…
Jo­ra-da bir ýer de­pip, ja­ny­my agyr­darmy?! Bol­şu­na hem-ä me­niň, he­mem öz ja­ny­nyň agyr­ýan­dy­gyn­dan ha­bar­syz ol. Ga­raş­ýa­ny-da ge­li­be­re­nok.
Er­kek di­ýe­ni­ňem bir sö­zün­de ta­pyl­sa, di­ýeňsoň, taň edeň­soň, dur-da şol sö­züň­de er­kek bo­lup­jy-yk.
Göw­nü­me bol­ma­sa, olar ýa­ly er­kek­ler hä­zir sel­çeň­le­şen saç ýa­ly seý­rek­läp­dir. Tap­mak hyl­lalla diý-de go­ýaý. Ga­ra­şyl­ýan ýi­git hondan­bär­si bo­lup sa­çy­ny da­ra­nam bolýar, ha­ma­la, del­le­gi kö­se­ýän sa­çy bar ýa­ly. Da­rap nät­jek­diň, sä­hel şe­ma­la mek­ge­jö­we­niň gul­pa­gy ýa­ly ça­lam-çaş bo­lup bu­la­şyp ýat­sa?! Go­wy ta­rapy, olar ýa­ly sa­çy bar­mak­la­ryň bi­len dü­ze­diş­dir­seň-de bor. Iki­si­niň il­kin­ji ta­nyş­ly­gam üýt­ge­şik. Jo­ram ki­tap dü­ka­ny­na ba­ryp­myş. He­mi­şe bi­le­je gez­se­gem, ol şol gezek, nä­me üçin­dir, me­ni ýa­ny bi­len alyp gitmän­di. Şeýt­di di­ýip öý­ke-ki­ne eder ýaly üýt­ge­şik gö­wün-gar­nam ýok mende. Ki­tap dü­ka­ny­na gi­reň­soň, as­lyn­da, şol ýer­de ýok ki­ta­byň, ýag­ny tap­ma­sy çetin ki­ta­by so­ra­mak nä­mä ge­rek boldy diý­se­ne.
— Sa­lam, ma­ňa «Me­ni ýe­ke goý­ma»
di­ýen ki­tap ge­rek­di…
Sa­ty­jy ýi­git hem göz­le­ri­ni elek-çe­lek edip, aw­to­ry­nyň ady­ny so­rap­dyr.
Hä­zir ady ýa­dy­ma dü­şe­nok, ýal­ňyş­masam, fa­mi­li­ýa­sy-ha Aga­ýe­wa­dy öýdýän. Ýog­sa-da, jo­ram diý­ýä­nim ara­da ga­zet okap otyr­ka: «Dur­mu­şa çy­kan­soň, şol
fa­mi­li­ýa­syn­da ga­laý­ma­ly eken. Bälçik­si­re­mek nä­mä ge­rek bol­du­ka, käte «Ber­di­ýe­wa» di­ýen bo­lup…» diýip zeý­re­nip­di. Iki­si-de bir adam. Em­maki aýt­mak­la­ry­na gö­rä, ze­nan maş­ga­la dur­mu­şa çy­kan­soň, has ag­ras­lan­ýan eken. Gö­wün duý­gu­lar­dan ýa­ňa ag­ralýan bo­lar­ly… On­soň häl­ki ýi­git go­laý­da şol ki­tabyň gel­jek­di­gi­ni, eger, göw­ne­se, dü­kana ge­len ba­dy­na jo­ra­ma ha­bar et­jek­digi­ni ýaň­zy­dyp­dyr.
— Te­le­fon bel­gi­ňi­zi be­rä­ýiň, habar ede­rim ýa­ly…
Bel­gi­si­ni het­jik­län­soň, ol ýi­git adyny so­rap­dyr:
— Gül­ýa­ly…
Sa­ty­jy ýi­git hem ge­ňir­ge­nip:
— Ýag­da­ýy­ňy­zy so­ra­mok, ady­ňy­zy so­ra­ýan — di­ýip­miş.
— Ady­mam, ýag­da­ýy­mam şoň­ňa­ly.
—Oýun ed­ýä­ňiz­mi? Men oý­ny-çy­ny aýyl-sa­ýyl edip bil­ýän ýi­git­ler­den­di­rin.
Ýö­ne­li­ge däl bi kel­le­dä­ki saç­la­ryň selçeň­leş­me­gi…
— Baý, baý-ow. Og­lan-a bol­ma­jy­syny bol­dy. Ba­gyş­laň we­lin, siz on­da çyna be­rim­siz ha­ky­ka­ta ynan­ma­dy­ňyz.
Diý­mek, ol saç­lar çy­kan ýe­ri­ne na­mys edip, sel­çeň­le­şen bol­ma­ly.
Ýi­git gör­gü­li­niň eli tit­räp, ruçka-da höt­jet­li­gi­ne
tu­ta­get­din, ýaz­ma­za­ga tutdu­ryp dur diý­ýär.
— Bo.., bo.., bor, hä­zir baş­ga ruç­ka bi­len bel­lä­ýe­rin…
Diý­seň-diý­me­seň, ol geň ga­lyp­dyr. Bel­lik dep­der­çe­si­ni ýa­pyp, ag­zy­ny öwel­dä­get­din, Gül­ýa­ly­nyň yzyn­dan sere­dip dur­muş.
Bi­ziň hä­zir ga­raş­ýa­ny­my­zam şol ýigit bol­ma­ly. Diý­mek, ki­tabam ta­py­lan bol­ma­ly. Gül­ýa­lam, nä­me, ga­raş­ma­ga ge­zek ge­len­de hil bir adam. Bu-da häl­ki «Hem da­ýym­la­ra bar­ýan, hem ta­ýy­ma baş öw­red­ýän» diý­li­şi­ne meň­zeş.
Gül­ýa­ly­nyň ga­raş­mak­dan ýa­ňa ýüre­gi gys­dy öýd­ýän. «Gel­ýän­çä gü­mür-ýa­myr ede­ýin» di­ýä­ge-de, dra­ma­tur­giýa hü­nä­rin­de oka­ýan ýyl­lyk­da­şy­na jaň et­di.
Ýa­kyn­da ol Gül­ýa­la ki­tap ba­ry­ny be­rip­di. Deg­şib­rä­ge-de: «Me, al, oka şu­la­ry. Akyl­la­nar­syň­my, nä­me­mi» diýdi. Da­şyn­dan ulum­sy ýa­ly gö­rün­se-de, er­bet diý­mä­ge di­liň bar­ma­jak ýi­git ol. Dos­ty hök­mün­de Gül­ýa­ly­nyň der­di­ni diň­le­ýär. Dog­ru­sy, do­ly ta­na­mok, tana­ma­ýa­nyň ba­ra­da go­wy diý­me­gem bir­hi­li, er­bet diý­meg-ä beý­le­de dur­sun we­lin… Ha­ny, daş­ky keş­bi­ni su­rat­landy­ra­ýyn. Eý-ho, göz­le­ri­niň ul­la­kan­dygy ýa­dy­ma düş­di. Jüýk­bu­run, eg­re­libräk ýö­re­ýär, ne­me… on­so­ňam sa­çy­ny owa­dan da­ra­ýar, pe­lä­ket. Ol ýi­git bir gör­seň-ä, ýaz ýa­ly, bir gör­se­ňem, tomsuň or­ruk or­ta­syn­da gar ýag­dyr­jak­dan.
Ga­lam ýö­red­ýän­le­re dü­şü­ner ýa­ly däl.
Kel­le­le­rin­dä­ki pi­kir­ler se­bäp­li­mi ýa baş­ga em­ma­sy bar­my, takyyk bi­le­mok we­lin, az­da-kän­de dü­şü­ni­şi­me gö­rä, şo­la­ra düşün­mek çe­tin.
Kän gür­leş­me­di­ler. «Ba­şa­gaý­rak men, Gül­ýa­ly. So­ň­rak özüm jaň ede­rin» di­ýip­dir. El­ga­raz, Gül­ýa­ly­nyň men­den baş­ga-da jo­ra­sy, dos­ty-da ýe­ter­lik. Ýö­ne onuň ýa­nyn­da he­mi­şe men bar. Bir ýere git­jek diý­se: «Ýok» di­ýen ýe­rim ýokdur. Yn­sa­nyň ýa­kyn­la­ry­nyň için­de has ýa­ky­ny bol­ýar. Ol şo­ny diň­le­ýär, dü­şünýär. Bi­le ag­la­ýar, ýyl­gyr­ýar, gy­nan­ýa­ram, be­gen­ýä­rem… Yn­ha-da, Gül­ýa­ly ýü­zü­ne se­re­dip otyr. Da­şar­da bol­sa ýa­gyş çis­ňeýär. Eg­ni­ne-de ýu­ka geý­nip­dir. Bilýän, ol bu pur­sa­da kän ga­ra­şyp­dy. Iki gün öňün­den du­şu­şy­ga geý­jek köý­ne­gi­ni saý­hal­lap­dy. Iki sa­gat ga­lan­da bol­sa aýnaň öňü­ne ge­çä­get­din, özü­ne se­ren­jam ber­mä­ge du­rup­dy. Ýö­ne ga­ra­şyl­ýan bir
ýa­rym sa­gat­dan bä­ri ga­ra be­re­nok. Gülýa­ly­nyň göz­ýaş­la­ry­my ýa ar­şy ag­la­dan ge­len ýa­gyş dam­ja­sy­my, ýü­zü­me degip dur. Her­hal, ýa­gyş bol­sa çy­da­ryn welin, göz­ýaş bir bol­ma­wer­sin. Gel­me­je­gi­ni Gül­ýa­ly-da bil­ýär, me­nem. Wah, bar sesiň bi­len: «Ol ge­le­no-ok, aky­ly­ňa aý­lan Gül­ýa­ly» di­ýä­get­din gy­gyr­saň. Ýö­ne Taň­ry zeý­ren­mä­ge men ýa­ly otuz dokuz­lyk öl­çeg­dä­ki kö­wüş­le­re kä­bir ki­şile­riň­ki ýa­ly iki ga­ryş dil ber­män­dir-dä…

Begenç ANNAÝEW.

«Nesil» gazeti, 19.02.2022 ý. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle