Goşgy bor
Goşgy bor

Ýüregimiñ söýgüsini bilsediñ,
Gabanyp ýörmezdiñ özüñi örtäp.
Diýmezdiñ: «Ynanýañ! boldy bes ediñ,
Onsoñam galanny pikir et, gör-dä…
Bir saz gural çalýan bolsam eger-de,
Waspyñy ýaýardym, älem diñlejek.
Çekýän bolsam, keşbiñe baş eger-de,
Hyrydarlar kän bor suratyñ aljak.
Bilýän bolsan aýdym aýdyp iñ bolman,
Aýdymmy aýdardym diñe sen hakda.
Könelmejek ol aýdyma hiñlenmän,
Durup bilmez bir adamam soñ hatda.
Gynanamok, döretmäýin, goý, sazy,
Suratkeşlik berilmändir nädeýin?!..
Diýmesinler: «Bar oñ täsin owazy»
Gowsy saña şygyr bagyş edeýin!
Şygyr şirin mukam bolup dörär-de,
Suratkeşleñ haýran galjak keşbi bor.
Aýdym bolar, söýgüleri köreder,
Hem sen hakda könelmejek goşgy bor.
Batyr ÇARYÝEW. Goşgular