|

Ýatdan çykmajak gün

Ýatdan çykmajak gün ÝATDAN ÇYKMAJAK GÜN

Çap bolupdyr goşgyñ suratyñ bilen,
Synladym, okadym, duýdum şobada.
Eşidildi onda meniñ owazym,
Hem onda kalbyñ bar dogumly, sada.

Gül ýüzüñe nur çaýylan, mähriñ bar,
Meñzäp dur ýaglygyñ gyzyl lebiñe.
Gyzyl köýnegiñde gyzyl çog ýaly,
Meñzäp dursuñ yşkdan çabran demime.

Keşdesi ajaýyp owadan ýakañ,
Gülýakañ dur serhedinde lezzetiñ.
Gözleriñde maña bolan umydyñ,
Az görýän deý şunça edýän hezzetiñ.

Çap bolupdyr goşgyñ suratyñ bilen,
Ýaz eýledi ol göwnümiñ köşgüni.
Men-ä okap, ony ýazansyñ öýdýän,
Şol ýatdan çykmajak garly gyş güni.

Batyr ÇARYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle