|

Günä hem sogap hakda

Günä hem sogap hakda GÜNÄ HEM SOGAP HAKDA

Eger şu dünýäde günä bar bolsa,
Göriplik etmeklik günädir günä.
Ile bermän akyk bilen bilimñi
Gitseñ,
Şoña günä diýýärin men-ä!

Eger şu dünýäde sogap bar bolsa,
Oña-da bar mende ýönekeý jogap:
Ýagşylyk etmeseñ, etme,
Jähennem,
Ýamanlyk etmeseñ,
Şol uly sogap!

Nury BAÝRAMOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle