|

Gysgajyk miniatýuralar

Gysgajyk miniatýuralar GYSGA MINIATÝURALAR

Oňa «Ýorganyňa görä aýak uzatgyn» diýdiler. Ol ýorganyny gözläp tapyp bilmedi.

***

Tüpeňiň nili gönükdirilende, ok göçmänkä ol ýere ýazyldy.

***

Ýazyjy indi ýazjak eserlerine ýene-de okyjylaryň «ýüz ýyldan» soň düşünip biljekdiklerine ynanýardy. Onuň eserleri ýene-de ýüz ýyl ýaşap bilse bolany, hawa, bary-ýogy ýüz ýyl…

***

Durmuşyny, gör, näçenji gezek täzeden başlady. Emma durmuşa bolan pikir-garaýyşlaryny, düşünjelerini welin täzelemedi…

***

Ýüz görülýän aýnanyň öňünde durka, kimdir biriniň özüne ýakymsyz, gaharly seredip durandygyny gördi…

***

Näçe ösdügiçe adamyň aňy,
Durmuşymyz şonça çylşyrymlaşar.

***

Oglan «söýgi» sözlerine aýtmak üçin gyzyň gözlerine bakanda, ol gözlerden başga bir ýigdiň keşbini gördi…

***

Oňa «sen çaga ýaly» diýdiler. Ol muňa hasam ynandy, ulalyp oňalmadyk!

***

Ony şahyr diýip öwdüler, kitabyny çykardylar… Ol entek hiç zadam ýazmandy…

***

Dünýä inende, onuň hiç hili ene-atasy ýok eken…

***

Münmek üçin, ulaga tarap ýönelende, geň galdy, ulagyň gapysy ýokdy. «Gapysyz hem ulag bolarmy?» diýip pikirlenip durka, birdenkä çöwrülgi duran kisesine gözi düşdi…

***

Ýassygyny goltuklap, o jaýa geçdi, soň beýleki otaglara aýlandy, ol ýerlerden hem tapmady. «Beh, uky nirä ýitirim bolduka?!».

***

Ol şunça ýazsa-da, köp eser döretse-de, täze çap edilen kitabynyň sahypalary boş çykdy…

***

Oňa Adam bolmagy beýik adamlar öwretmändi…

***

Öýüne girjek bolanda, açary öýüň gapysyny açmady… Asyl, gapysyny däl, onuň öýüni «ogurlan» ekenler…

***

Sürüji ulagyny bejertmek üçin ulagyny satmaly diýen karara geldi…

***

Seýilgähe ýarym sagat gijä galyp gelen oglan gyzyň başga bir ýigit bilen gürleşip durandygyny gördi. Oglan hernä wagtynda gelip ýetişdi, ýogsam gyz tas ol oglana yryljak ekeni. Hawa, wagtynda ýetişäýdi…

***

Ol ýok zatlaryň pikirini edip, pikirlerini ýoga çykardy…

***

Oňa «aýagyňy ters basýaň» diýip igendiler. Ol munuň üçin köwşüni çalyşmagy ýüregine düwdi…

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.

06.10.20 ý. Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle