Zyňylan daşlar
Zyňylan daşlar

Men durmuşdan örän köp zat öwrendim,
Bildim bu synaglaň ezýet berjegin:
Bu gün duşmanyma çenän daşymyň
Erte öz dostumdan maňa degjegin.
Özüm deý-deňlere egnimi söýäp,
Özümden peslere golum uzatdym.
Näçe kyn bolsa-da käbir kişileň
Minnetini çeýnäp-çeýäp ýuwutdym.
Emma her zyňylan daşyň öňünden
Asla sowulmadym gorkup-ejizläp.
…Indem ýaşap ýörün, şol degen daşlaň
Goýan yzlaryny synamda gizläp.
Maksat SEÝITLIÝEW. Goşgular