| |

Zombi kömelegi içiñden çüýredip, beýniñi ele salýar

Zombi kömelegi içiñden çüýredip, beýniñi ele salýar «THE LAST OF US»-yñ AÑYRSYNDAKY HAKYKAT: ZOMBI KÖMELEGI IÇIÑDEN ÇÜÝREDIP, BEÝNIÑI ELE SALÝAR

Zombi kömelegi içiñden çüýredip, beýniñi ele salýar

Oslagsyz ýüze çykan başga hili kömelegiñ görnüşi geçmişde adama ýolukmaga başlapdy
Gürrüñi köp edilen serialyñ birinji bölümi 2023-nji ýylyñ 15-nji ýanwarynda efire goýberildi (HBO)

HBO-nyñ «Last of Us» atly täze serialy «zombi kömelegi» pikirine bolan gyzyklanmany artdyrdy.
Adybir wideo oýny esasynda surata düşürilen serial parazit kömeleginiñ adamlara infektirläp, haýwanlara öwürýän zombi pandemiýasyndan söz açýar.
2019-njy ýyldan bäri dünýäni gulgula salan koronawirus pandemiýasynyñ häzirem dowam edýändigi we serialda gürrüñi edilýän parazitiñ aslynda çyn bolaýmagynyñ ahmaldygy tomaşaçylaryñ añunda sorag alamatylaryny döredýär:
Bu senari haçanam bolsa bir gün durmuşda gaýtalanyp bilermi?
«Zira Last of Us» serialyñ sýužeti aslynda halk arasynda «zombi kömelegi» we latyn dilinde «Ophiocordyceps» diýilýän hakyky parazit toparyndan alynan.

• Janly organizmleri içinden öldürýär

Şeýle kömelek görnüşi tebigatda esasanam mör-möjekleri infektirleýär. Parazit ýolugan mör-möjegini içinden çüýredýär we ahyrynda onuñ añyny epe salýar.
Netijede parazit mör-möjek ölen ýagdaýynda doly infektirlenen new sistemasynyñ gözegçiligini ele alyp, öli haýwany hereketlendirip bilýär.
Kömelegiñ öli mör-möjegi hereket etdirmeginiñ sebäbi-de has köp ýaýrap bilmek. Haýwany mör-möjek populýasynyñ gür ýerlerine äkidip, başga mör-möjekleri-de infektirlemek mümkinçiligini artdyrýar.
«The Last of Us» serialynyñ awtory Neýl Drukmann «Ophiocordyceps unilateralis» atly kömelek görnüşiniñ ýolukýan we ahyrynda ony zombi mör-möjegine öwürýän dokumental filminden täsirlenendigini aýdypdy.

• 45 million ýyl bäri ewolýusiýalaşyp gelýär

ABŞ-nyñ Nýu-Ýork şäheriniñ Botaniki bagynda parazit kömelekler boýunça hünärmen João Araújo şeýle parazitleriñ 35-e golaýynyñ mör-möjekleri zombä öwrüp bilýändigini aýdýar.
Infeksiýanyñ ilkinji alamatlary kadasyz we başly-barat hereketler. Şol müddetde parazit mör-möjegiñ hereketleriniñ gözegçiligini ele salmak üçin beýniniñ töwereginde kömelek öýjüklerini ýetişdirýär.
Ýöne alymlar adamlary kömelegiñ şol müddeti himiki usuldamy ýa-da mör-möjegiñ DNK-syny üýtgedip amala aşyrýarmy, ony heniz anyklap bilenoklar.
Çünki parazitiñ juda añyrdan gaýdýan taryhy bar. Ol heniz adamlar ýüze çykmanka mör-möjekler bilen bile ewolýusiýalaşyp başlapdy.
Araújo «Gipotezamyz olaryñ 45 million ýyla golaý wagt bäri ewolýusion ösüşi başdan geçirýändiklerini çaklaýar» diýýär.

• Adama ýolukýarmy?

Şu ýerde «Ophiocordyceps kömelekleri adama ýolukýarmy?» diýen sowal orta çykýar. Alymlar-a häzirlikçe muña «ýok» jogabyny berýär.
Kömelegiñ haýsydyr bir sowukganly haýwany infektirläp biljek ukyba eýe bolmagy üçin çynlakaý düýpli ewolýusion prosesden geçmegi gerek.
Araújo «Kömelek süýdemdirijileri infektirlemek islese, munuñ üçin millionlarça ýyllyk genetiki üýtgeşmeler gazanmaly bolar» diýýär.
Şeýle kömelek toparyndaky her bir görnüş belli bir mör-möjege uýgunlaşyp biljek formada ewolýusiýalaşdy. Ýagny infektirlenjek formada ewolýusiýalaşan mör-möjekden daşgaryn organizmleriñ üstünde örän az täsiri bar.
Mysal üçin, Taýlandiýadaky garynjany infektirlemek üçin ewolýusiýalaşan «Ophiocordyceps» mör-möjegi ABŞ-daky başga garynja görnüşine ýolugyp bilenok.
ABŞ-nyñ «Central Florida» uniwersitetinden kömelek genetikaçysy Ian Will bu barada şeýle diýýär:
— Onuñ garynjadan adama ýolukmagy düýbünden ylmy-fantastiki pikir.

• Artýan gyzgynlyk howpy ýokarlandyrýar

«Last of Us» serialynyñ ýene bir gyzykly tarapy-da zombi kömelegi pandemiýasynyñ klimat üýtgeşmeleri zerarly möwjeme howpy. Serialda kontinentara gyzgynlygyñ ýokarlanmagy kömelegiñ mutasiýa geçirmegine we ahyrynda adamlary infektirläp biljek görnüşe gelmegine sebäp bolupdy.
Williñ pikiriçe «gyzgynlygyñ kömelek infeksiýalarynda rol oýnaýandygy pikiri doly mantyklydyr».
Şeýle parazit kömelekler häzirlikçe adamlara howp abandyrmaýanam bolsa, dünýäde kömelegiñ ýene millionlarça görnüşi bar. Üstesine bularyñ ýüzlerçesiniñ adamlar üçin howpludygyny bilmeýän ýok.
Jon Hopkins adyndaky uniwersitetiñ medisina fakultetiniñ ýokanç keseller boýunça hünärmeni Şmuel Şoham adamyñ endamynyñ gyzgynlygynyñ şumatdan birnäçe kömelek görnüşine ýaýramaga amatlydygyny aýdýar.
«Dünýä barha maýlap barýarka, tebigatyñ gyzmagynyñ we adamyñ endamynyñ gyzgynlygynyñ arasyndaky tapawudyñ azaljagyna bolan gaýgy-ünjüler bar» diýen alym şeýle diýýär:
«Munuñ özi daşarda has gyzgyn şertlere çydam edip biljek derejede ewolýusiýalaşan kömelekleriñ adam organizminde-de ölmän galmagyny añsatlaşdyrar».

Zombi kömelegi içiñden çüýredip, beýniñi ele salýar

• Oslagsyz ýüze çykan kömelek görnüşi adama ýolukmaga başlady

Alymlar «Candida auris» kömelek görnüşiniñ maýlama sebäpli adamlara ýokuşyp biljek derejä gelendigine öñ gabat gelipdiler.
2007-nji ýyla çenli anyklap bolmadyk şeýle kömelek 2011-nji, 2012-nji ýyllarda oslagsyz ýagdaýda üç aýry yklymda ýüze çykypdy.
Jon Hopkins adyndaky Halk saglygy mekdebiniñ ýokanç keseller boýunça hünärmeni Arturo Casadevall «Birdenkä orta çykan zat diýip, sözüniñ üstüne şuny goşýar:
«Biziñ pikirimizçe ol kömelek hemişe-de şol ýerde bardy we ýyl geçdigiçe aşa gyzgynlyklara adaptirlendi».
ABŞ-nyñ Kesellere gözegçilik etmek we öñüni almak merkezi kömelegiñ infektirlän näsaglarynyñ ýüzden 30 bilen 60 aralykdadygyny çaklaýar.

• Kömelek pandemiýasy ähtimallygy

Munuñ bilen birlikde kömelekler soñky ýyllarda hemişeki bejergilere garşy has bekeşdi we şol bir wagtyñ özünde çaltlyk bilen mutasiýany başdan geçirýär.
Şonuñ üçinem hünärmenler kowid-19-a meñzeş kömelek epidemiýasynyñ bolmagynyñ mümkindigini çaklaýarlar.
Şol sanda eýýämden adamyñam arasynda ýer alan birtopar süýdemdirijiniñ añyny bölekleýin gözegçilik edip bilýän parazitleriñ bardygyny-da aýtmak gerek.
Mysal üçin, latyn dilinde ady «Toxoplasma gondii» bolan ýeke öýjükli parazitiñ adamlaryñ syýasy saýlawlarynyñ şekillenmeginde rol oýnaýandygy mälim.
Köplenç ýagdaýda sanjym edilmedik pişikleriñ gumundan adamlara ýolukýandygy üçin «pişik paraziti» diýilýän şu organizm dünýä ilatynyñ azyndan üçden bir bölegini infektirlän ýagdaýda.

# National Geographic, Futurism, Forbes, Psypost.

Zombi kömelegi içiñden çüýredip, beýniñi ele salýar

Çagla ÜREN.
urencagla@gmail.com

Duşenbe, 23.01.2023 ý. Geň-taňsy wakalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle