|

Zenan wepadarlygy

Zenan wepadarlygy ZENAN WEPADARLYGY

Zenan wepadarlygy

Bilmez duşman dok döwlete tokunyp
Duşman sürnüp bilmez berkarar ýurda
Her bir gerçek aýy kimin topulyp
Gürzi urup, ok urup
Döner aç gurda!

Yüz müň duşman gelsin!
Bermez mesgenin
Her bir oguz barabardyr arslana! ….
Ýöne bäş ýeňles gyz, alty mes gelin
Başdan aylap haýa, şerin, messebin,
Namysyn oklasa, ayak astyna —
Duşman bilen döwdüleşyän goçlary
Bir demde öwürer diri maslyga

Göndere baş bermez gayduwsyz ärler,
Gürzüden gaytmayan arslanlar, şirler,
Dag ýaly goduklap,
Ýer kimin iňläp,
Bagryn ýere oýkap-oýkap jan biýrler

Haramlyk, azgynlyk ýol salsa ýurda
Ol diyardan rysgal-döwlet göterler.
Bereket göterler,
Ynsap göterler,
Haramy ordasy jem bolsa nirde —
Asman çydap bilmez,
Zemin götermez!

Gyz-gelinler ar-namysyň tugudyr!
Tuglar synsa…
Ýygyn döner sülsada.
Diriler – jesetdir,
Öliň ruhudyr!
Ne ölüp bor, Ne ýaşap bor dünyäde.

Beyle ile dert yzyna dert geler,
Mergi geler,
Geler garahassalyk.
Duşman gelmez!
Aşna gelin – gyzyňa
Iblis geler,
Melgun geler at salyp.

Gyz – gelinler ar-namysyň tugudyr!
Tuglar synsa…
Meylis gurup haramy,
Päk iliň ýüzüne çeker garany.
Tuglar synsa…
Şeytan kakyp heşelle,
Melgun meýlisini gurar bu jayda.
Perişdeler bakmaz şerimsiz yere,
Namys-arsyz yurda
Bakmaz Hudaý-da!

Ok ötmez, tyg ötmez goç-goç ýigitler
Hyrçyn dişläp için tutup ölerler,
Ar-namysdan lüýge batyp ölerler.
Ärler öler – Ýere berip bagryny!

Gyz-gelinler ar-namysyň tugudyr!
Galdyryp-da biler iliň bagtyny
Ýatyryp-da biler iliň bagtyny!

Gyz-gelinler ar-namysyň tugudyr!
Öwüriň olary mukaddeslige!
Oguzlara gelen döwri-döwrany
Ýykdyraymaň Azgynlyga, Meslige!
Peslige!

Saparmyrat TÜRKMENBAŞY. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle