|

Zemini söýmeli

Zemini söýmeli ZEMINI SÖÝMELI

Sogup barýan goýun sürüsi ýaly
Bulutllary,
Hem-de erkin şemaly,
Guwuň suwdan çykyp silkinmesini
Ýeňles ýylgyryp däl –
Agras dem alyp
Söýüp bilsek neneň ajap bolardy.

Dolanyp gelmejek oglanlygmyzyň
Seýilgähi bolan owadan Zemin,
Saňa bakyp bilsek –
Bu çal daglary
Iň ilkinji görýän çagajyk kimin.
Bilýän onda örän ajap bolardy.

Bu Zemin
Garamtyl asmany bilen,
Gşk tokaýy,
Mawy köllleri bilen,
Ýaňy göze görnen baglary bilen,
Ýüz ýyllap ýörelen ýollary bilen
Ýetim galar ahyr –
Ony terk etsem!

Bu zemin –
Ýekeje bir zada mätäç.
Mätäç ol özüniň söýülmegine.

Täk şonuň haky bar:
“Sen hemmämiziň –
Enemiz ahyryn!..” diýilmegine.
Eger kaýyl bolsak biz oonuň üçin
Ömrümiň orta goýulmagyna
Dostlar,
Gşr, neneňsi ajap bolardy.

Wladimir BEEKMAN,
(Estoniýa). Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle