Zemin hakynda oýlanma
Zemin hakynda oýlanma
Ýagyşlardan dörän,
Sillerden dörän,
Säheriñ çygyndan,
Güllerden dörän,
Günüñ kuýaşyndan, muhabbetinden,
Hemem sabalaryñ päk niýetinden
Öwsen has mylaýym ýellerden dörän
Bu zemin.
Üstünde daglar, okean,
Çyrpynýan derýalar bulanup akýan.
Mukaddes zatlaryñ başlanýan ýeri —
Sähra demin alýar juda howurly.
Uzakda zawodly,
Biçak kuwwatly
Maşynly, şowhunly, uly gowurly
Şäherler, obalar, uly köçeler,
Zemin ne ulalar, ne-de kiçeler.
Göterer bar zady, juda sabyrly.
Dumanly iñrigi, şapagy bilen,
Tolkunlañ owazyn,
Sazyn berýozañ
Tylla gyryndyly guba çägäni,
Oña myhman gelen däli çabgany?
Bize peşgeş berer, çetinden gätmän,
Onuñ eşretiniñ tagamyn datman.
Oña ýat
Mekirlik, hile diýen zat,
Öñ göwni durşuna perzende wepa.
Geçen uruşlarda ýaraly esger,
Gysym topragyndan tapypdyr şypa.
Topraga garylan ganlar, gözýaşlar
Bilen onuñ juda ýetik azary.
Onuñ sähralary, okeanlary
Gizläp ýatyr köp heýkelsiz mazary.
Ýagyşlardan dörän,
Sillerden dörän,
Säheriñ çygyndan,
Güllerden dörän,
Günüñ kuýaşyndan, muhabbetinden,
Hemem sabalaryñ päk niýetinden,
Öwsen has mylaýym ýellerden dörän,
Bu zemin.
Oýanyñ adamlar, saba ýelleri
Goşan çagy guşlar bilen owazyn.
Has köp pikir ediñ zemin hakynda
Hemem aýañ abyköwser howasyn.
Miwe TUWAKBAÝEWA. Goşgular