|

Zaza

Zaza • Garold Registan hakda

Zaza

Garold Gabrielowiç Registan sowet okyjylaryna inçe lirik, meşhur aýdymçy şahyr hökümnde bellidir. Onuň «Men bir gyza duş geldim», «Ilkinji söýginiň aýdymy», «Aşyr aganyň hötjetligi», «Gitaraly gyz» we başga-da birtopar kinofilmler üçin ýazan aýdymlary Soýuzymyzyň ähli künjekleinde höwes bilen aýdylýar.
G.Registan «Söýgi we aýdym», «Ýürek» atly iki sany goşgular ýygyndysynyň awtorydyr. Tankyt tarapyndan oňat kabul edilen bu kitaplar okyjylaryň söýügli ýygyndylaryna öwrüldiler.
Şeýle hem Garold Registan «Gardaky ýyldyzlar» atly poemanyň awtorydyr.

• ZAZA

1.

Daglara tupanyň gelişi ýaly,
Söýgä böwet bolmaz,
Berer ol yza.
Egne alyp durna boýun küýzäni,
Duşumdan geçipler, örteme, Zaza.

Adat bu ýerlerde — iň beýik namys.
Adat kirpikleri gulpsuz gulplaýar.
Ýöne men jöwzadan ýeňildim halys,
Myhmanyňa
Bir suw bermän gitme, ýar.

Sen diýip, yzladym, çöşledim ýoly,
Eçil, Zaza, uzak ýoluň muzzuny.
Küýzäň ýaňagyndan göz-ýaş mysaly,
Syrygýar damjalar kesmän yzyny!

2.

Ak çadyr başynda,
Gaşlary gara,
Tans edip başlanda,
Süňňüne gara!

Ol näzik aýlanýar,
Näzli esedýär.
Döşünde şaýlary
Sazly ses edýär.

Gyzlar ah çekýär çala,
Ýigitler: «Assa!»
Ol meni güle-güle,
Çagyrýar tansa…

Ak çadyr başynda,
Gaşlary gara…
Azar berme, Zaza
Örteme, Zaza.

3.

Ne ýagşa meňzeýäň,
Ne gülli düze.
Ine, bu sen gelýäň,
Sen gelýäň, Zaza.

Entek saňa çenli,
Iki ädim bar.
Ol iki tüpeňmi?
Ýa iki betpäl?

Bakdym gözleriňe,
Gözleriň tukat…
meniň gözlegime
Gelmediň butak.

4.

Bar sen oň ýanyna, towsup keýik deý.
Soňky gezek Zaza hakda söz açýan.
Seň nazarňy dagdan inen çeşme deý,
Soňky gezek süzüp-süzüpler içýän.

Bar sen oň ýanyna, ol garaşýarkan,
Söýgi ýüregine bermesin yza.
Goşgular geçip dur geçmişe bakan
Hoş gal, Zaza.

Terjime eden Gurbannazar EZIZOW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, dekabr 1965 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle