Zandy şeýle…
Zandy şeýle…

Söze baý däldigñi bilýädim öñem,
Ýylgyrdyñ-da oñduñ, berip çemeni.
Baýyñ gyzynda-da, her kimde bardyr,
tapyp bolar gözläberseñ kemini.
Ähli aýtjak sözleriñi çugdamlap,
manysyny şu çemende jemlänsiñ.
Sen bolup sözlejek, ýüregñi açjak
owadan güllere esli emlänsiñ.
Söýgi üçin dilewarlyk hökman däl,
onsuzam söýülip-söýýäñ diýýärler.
Belki, bu dogrudyr.
Ýone zenanlar
Zandy şeýle, gulagyndan söýýärler.
19.12.2018 ý.
Çemen ANNABERDIÝEWA. Goşgular