|

Zamanasynyň göwher täji

Zamanasynyň göwher täji ZAMANASYNYŇ GÖWHER TÄJI

(Türkmen akyldary Nejmeddin Kubrany hatyralap)

Ga­dy­my türk­men ül­ke­si­niň dür­li se­bit­le­rin­de ýa­şa­ýan aryf-da­na­lar, alym-ula­ma­lar
ir­ki or­ta asyr­lar­dan bä­ri gady­my Gün­do­ga­ryň ta­ry­hynda be­ýik akyl­dar­lar hök­münde orun al­dy­lar.
Gü­nor­ta Türk­me­nis­tan­da Abul­fa­zen Sa­rah­sy
(Sa­rahs ba­ba — meş­hur akyl­da­ry­myz Mä­ne baba­nyň pi­ri), Ha­we­ran dü­zün­de ýa­şap ge­çen Abu
Se­ýit Ha­ýyr — Mä­ne ba­ba, ga­dy­my Ho­ra­san
ül­ke­si­niň paý­tag­ty Merw­de ýa­şap ge­çen be­ýik
akyl­dar — Ho­ja Ýu­sup He­me­da­ny (hez­re­ti Hoja Ah­met Ýa­sa­wy­nyň pi­ri) hem-de ga­dy­my Horezm ül­ke­si­niň paý­tag­ty Kö­neür­genç­de ýa­şap ge­çen, meş­hur alym, köp akyl­dar­la­ryň ha­ly­pa­sy, hez­re­ti Nej­med­din Kub­ra — ga­dy­my Gün­do­garyň ru­hy dün­ýä­si­niň as­ma­nyn­da, par­lak ýyl­dyzlar ýa­ly nur sa­çyp, hal­ky hak ýo­la ça­gy­ryp, ru­hy he­ma­ýat bo­lan be­ýik şah­sy­ýet­ler­dir.
Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň ga­dy­my Kö­neür­genç
şä­he­ri­niň goý­nun­da ýa­tan be­ýik akyl­da­ry­myz,
ata Wa­ta­nyny ke­se­ki ýurt­ly basybalyjylardan
gah­ry­man­lar­ça go­rap, şe­hit bo­lan Nej­med­din
Kub­ra hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mil­li mira­sy çuň­ňur öw­ren­mek, geç­miş­de ýa­şap ge­çen
be­ýik akyl­dar­la­ry­my­zyň dö­re­di­ji­li­gi­ni sel­je­rip,
hal­ka ýe­tir­mek ba­ra­da­ky we­zi­pe­le­ri öňe sür­ýän
za­ma­nynda ha­ty­ra­la­nylma­ga my­na­syp be­ýik
akyl­dar­dyr…
Türk­me­niň şöh­rat­ly akyl­da­ry Nej­med­din Kub­ra 1145-1221-nji ýyl­lar­da ýa­şap ge­çen, aryf-da­na­la­ryň bi­ri bo­lup, onuň er­fan­çy­lyk ýo­lun­da esas­lan­dy­ran ug­ry hä­zir­ki wagt­da hem Kub­rawi­ýa di­ýip at­lan­dy­ryl­ýar.
Hez­re­ti Nej­med­din Kub­ra ýaş­lyk­da Kö­neürgenç­de ho­rezm şa­ly­gy­nyň med­re­se­sin­de bi­lim alan hem bol­sa, yl­my­ny has kä­mil­leş­dir­mek üçin Töw­riz, Hu­zes­tan, Bag­dat, Şam (Da­mask), Alek­sand­ri­ýa (Mü­sür) ýa­ly şä­her­ler­de ni­je­me ýyl­lap ýa­şap, meş­hur alym­lar­dan dür­li ugur­lar bo­ýun­ça düýp­li sa­pak alyp, soň­ra ýe­ne-de Köneür­gen­je do­lan­ýar we öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li ol ýer­de ýa­şap, yl­ma teş­ne wa­tan­daş­la­ry­my­za çuň­ňur ylym öw­re­dip, kä­mil­le­şip, se­bi­tiň ab­raýly alym­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de yk­rar edil­ýär.
Türk­men akyl­da­ry, ady ys­lam dün­ýä­sin­de şöh­rat­la­nan Nej­med­din Kub­ra­nyň pars we arap
dil­le­rin­de ýa­zan gym­mat­ly eser­le­ri hä­zir­ki zama­nda dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­nyň gün­do­gar­şynas­la­ry ta­ra­pyn­dan uly gy­zyk­lan­ma bi­len iç­gin öw­re­nil­ýär. El­bet­de, onuň ýa­zan aja­ýyp eser­leri­niň hem­me­si bi­ze ge­lip ýet­me­dik hem bol­sa, ge­lip ýe­ten­le­ri öz döwrüniň naý­ba­şy eser­le­ri hök­mün­de yk­rar edi­len­ler­dir. Ge­liň, ola­ryň käbi­ri­ni ýat­la­lyň.
1. «Fa­wa’ih-al — je­mel we fa­wa­teh al-je­mal».
(«Gö­zel­li­gi ýaý­ra­dy­jy we ýe­ňşi­niň şan­ly­ly­gy»).
Bu ese­rin­de şeýh Nej­med­din Kub­ra özi hem-de
pi­ri-ha­ly­pa­sy Ammar Ýa­syr Bid­li­si ba­ra­da azda-kän­de mag­lu­mat hem ber­ýär. Arap di­lin­de
ýa­zy­lan bu kitap il­kin­ji ge­zek 1957-nji ýyl­da gündo­gar­şy­nas F.Ma­ýer ta­ra­pyn­dan Wis­ba­den şähe­rin­de çap edil­ýär. Soň­ra bol­sa Ýu­sup Zaý­dan
ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan nus­ga­sy 1993-nji ýyl­da
Kair­de we Ku­weýt­de ne­şir edil­ýär.
Hij­ri-şem­si­niň 1369-njy (mi­la­dy­nyň 1990-njy)
ýy­lyn­da bu eser Mu­ham­met Ba­gir Saady Ho­ra­sany ta­ra­pyn­dan arap­ça­dan pars­ça ge­çi­ri­lip, ne­şir
edil­ýär. Bu ese­riň esa­sy mow­zu­gy «Ha­ka ta­rap ruhy ýol­çu­lyk», ru­hy seý­riň (ýol­çu­ly­gyň) kyn­çy­lykla­ry, maryfet (akyl ýe­tir­mek), mu­hab­bet (dost­luk) we yşk (söý­gi) ýa­ly mow­zuk­lar­dan yba­rat.
2. «Al-usul al-a’şa­ra». («Hak­ta­gal­la bar­ýan ýoluň 10 şer­ti»).
3. «Adab us-su­luk». («Ter­ki­dün­ýä­li­giň ede­bi»).
Bu eser­de so­pu­çy­lyk ýo­lu­nyň ede­bi ba­ra­da söz
açyl­ýar.
4. «Tef­si­ri Kur’an». («Gurhana dü­şün­di­riş»). Bu
eser 12 jilt­den yba­rat di­ýip, da­şa­ry ýurt alym­la­ry
yk­rar ed­ýär­ler.
5. «As-Sa­fi­nat». («Ha­zy­na»). Örän gys­ga bolan
bu trak­ta­tda türk­men akyl­da­ry so­pu­çy­lyk ýo­lunda­ky şe­ri­gat, ta­rykat, mary­fet, ha­ky­kat ýa­ly ru­hy de­re­je­le­re dü­şün­di­riş ber­ýär.
6. «Şeh­ri ha­di­si «Kun­tu kan­zan mah­fi­ýan».
(«Men, bir syr­ly ha­zy­na­dym» di­ýen ha­dysy-şe­rife dü­şün­di­riş»). Bu eser pars di­lin­de bo­lup, onuň
nus­ga­la­ry Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ki­tap
ha­na­la­ryn­da sak­lan­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­dy­my mil­li mira­sy, öten-ge­çen be­ýik türk­men akyl­dar­la­ry­nyň, alym­la­ry­nyň iş­le­ri­ni iç­gin öw­re­nip, çuň­ňur selje­rip, hal­ka ýe­tir­mek ba­ra­da­ky tag­ly­mat­la­ry­ny
üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ça­lyş­ýan türkmen alym­la­ry, türk­me­niň be­ýik aryf-da­na­sy, ata
Wa­ta­nyny go­rap, şe­hit bo­lan hez­re­ti Nej­med­din
Kub­ra­nyň öz za­ma­na­sy­nyň ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da,
arap, pars di­lin­de ýa­zan eser­le­ri­ni kä­mil ter­ji­me
edip, mil­li mi­ra­sy­my­zy baý­laş­dy­rar­lar hem-de
hal­ky bu be­ýik türk­men bi­len iç­gin ta­nyş­dy­rarlar di­ýip umyt ed­ýä­ris.

Juma ATAÝEW
Žurnalist

»Biznes reklama»
15.06.2020. Taryhy makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle