Zag­py­ran (He­ka­ýa)

Zag­py­ran (He­ka­ýa)

Ken METOLD,
iňlis ýazyjysy

Günleriň birinde garyp daýhanyň pajarlap oturan zagpyranly meýdany o:t alyp, gallaç galypdyr. Ol biçäre täze tohum almak üçin bialaç süýthor, hannas birinden pul karz almaga mejbur bolupdyr. Arman, bu gezekki ekinini hem güýçli suw joşguny leýs edipdir. Görgüli karz alan puluny hiç gaýtaryp berip bilmändir. Ana, şol sebäpli hem algydary ony kazynyň huzuryna eltipdir.

Daýhan şol töwereklerde şöhrat gazanan, ökde aklawçylaryň birini hakyna tutup, oňa ähli zady bolşy-bolşy ýaly gürrüň beripdir. Aklawçy hem oňa käbir soraglary beripdir-de:

— Seniň düşen bu ýagdaýyň gaty çykgynsyz, karzyňy diýen wagtyňda, hatda ondan soňam gaýtaryp bilmänsiň. Kazynyň seni tussag etdirjekdigi ikuçsuz. Emma sen meniň aýdanlarymyň gylyny gyşartman ýerine ýetirseň, seni bu agyr dertden dyndaryp bilmegimem mümkin — diýip, daýhanyň jogabyna garaşypdyr. Garyp biçäre pikirlenmän muňa razy bolupdyr. — Onda meni üns bilen diňle, eger men seni şu çykgynsyz ýagdaýyňdan alyp çyksam, seniň ekin meýdanyň ýarysyny öz bitiren işimiň muzdy üçin alaryn — diýip, aklawçy şertini aýdypdyr. Elbetde, aklawçynyň bu islegi aşa köp zat bolýardy, ýöne biçäre daýhanyň onuň bilen razylaşmakdan başga çykalgasy ýokdy. Şeýlelik bilen, aklawçy onuň näme etmelidigini, kazynyň öňünde özüni nähili alyp barmalydygyny birin-birin öwredipdir.

Kazynyň huzuryna barmaly günem ýetipdir. Kazy daýhana birgiden sorag beripdir, emma bularyň ählisine hem şol bir jogaby — «Zagpyran» diýen sözi eşidipdir.

Aklawçy pursady elden bermän, hormat bilen ýerinden turup:

— Meniň müşderimiň yzly-yzyna iki gezek ekininiň zaýalanmagy onuň akylyna az-kem zeper ýetiripdir. Onuň kazyýet jogapkärçiligine çekiler ýaly ýagdaýy ýok — diýipdir.

Ähli bolýan zatlary üns bilen synlap, diňläp oturan kazy aklawçy bilen razylaşyp, biçäre daýhanyň jezasyny ýatyrypdyr.

Aklawçy işi birýan ýüzli edenden soň ellerini owkalap, gülümsiräp:

— Indi muzd hakynda gürleşsegem bolýar — diýipdir. Onda daýhan onuň ýüzüne birgeňsi seredip:

— Zagpyran — diýip jogap beripdir.

 

Iňlis dilinden terjime eden Ajaýyp NOBATOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle