Ýylgyryñ!..
Ýylgyryñ!..
Mugallym okuwçydan soraýar:
— Goýundan biz näme alýarys?
Okuwçy:
— Ýüñ alýarys!
— A ýüñden näme edýäris?
— Bilemok!
— Aýdaly, seniñ penjegiñ nämeden edilen?
— Kakamyñ köne penjeginden..
* * *
Talyplara leksiýa berip duran professor talyplaryñ birine ýüzlenýär:
— Gapdalyñda uklap ýatan ýigidi oýar!
Talyp oña şeýle jogap berýär:
— Ony siz özüñiz uklamaga mejbur etdiñiz ahyry!
* * *
Dişi agyrýan diş doktoryna ýüzlenýär:
— Bir diş sogranyñyz üçin 10 müñ manat soraýarsyñyz, doktor. Men on müñ manat üçin uzyn günläp işleýärin…
Diş doktory:
— Men hem, isleseñiz, bir dişiñizi uzak günüñ dowamynda sogrup bilerin.
* * *
— Eje, süýtli jamyña syçan gaçypdyr.
— Çykaryp, zyñyp taşladyñ dälmi?
— Ýok-la, men onuñ içine pişigi goýberäýdim.
* * *
Iki boýdaş ýoluñ gyrasynda durup, özleriniñ maşgala ýagdaýlary barada gürrüñ edýärler:
— Men ärim bilen sögüşjek bolanymda, çagalary daşaryk oýnamaga iberýän.
— Dogrudyr, jora jan, seniñ bu eýjejik çagalaryñ ýüzlerine seretseñem, olaryñ tiz-tizden daşaryñ arassa howasynda bolýandygy bildirip dur.
* * *
— Başlyk, meni bölüm müdiri ogşady.
— Ýoldaş Näzliýewa, men her näçe gynanýan bolsamam, biziñ edaramyzyñ ululygy sebäpli ähli zada bir özümiñ ýetişip bilmeýänligime siziñ düşünmegiñizi haýyş edýärin.
* * *
— Dost jan, işden soñ oýna gidelimi?
— Sag bol gardaş, Hudaýa şükür, her gün öýde mugt oýun görkezip durlar.
* * *
— Gyzym, ýöne özüñe timar berip otyrsyñ. Öýüñem arassalygyna seredäýmeli ahyry!
— Wiý, ejemi, ýigitler öýi däl-de, gyzy synlaýarlar ahyry!
* * *
— Tüweleme, soñky wagtlar etiñe-ganyña gelip ugrapsyñ?
— Indi bir aý bäri aýalymyñ bokurdagy agyrýar-da!
* * *
Bir işigaýdany it dalapdyr. Göwnüne güman gidibem, özüni barlatmak üçin doktoryñ huzuryna barypdyr.
— Ýagdaýyñ öwerlik däl — diýip, wraç gönüsinden gelipdir. — Sizi guduzlan it dişläpdir.
Işigaýdanyñ tüýsi üýtgäpdir. Birdenem ol tapyr-tupur ýerinden turup, stoluñ başyna geçipdir-de, bir tagta kagyz alyp, ýazyp ugrapdyr.
— Halys dowla düşüp oturman, men sizi aýaga galar ýaly ederin. Şonuñ üçinem wesýetnama ýazyp, azara galyp oturmañ — diýip, wraç ony köşeşdiripdir.
— Ýok-la, men wesýetnama ýazamok-da, siz meni bejermäge girişmezden öñürti özümiñ «dişlemeli» adamlarymyñ spisogyny düzýän — diýip, ol göwnühoş dillenipdir.
* * *
Ussa ep-esli wagtlap maşynyñ aşagynda agyp-dönüp, ahyry daşyna çykypdyr-da, onuñ eýesine şeýle diýipdir:
— Näme diýseñizläñ, eger maşyñyz eşek bolan bolsady, onda size satmagy maslahat bererdim. Degişmeler
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.