Ýyldyzlar näme diýýär? (Täleýnama – Awgust 2025)

Ýyldyzlar näme diýýär? (Täleýnama – Awgust 2025)

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04

Bu aý hamallarda öz maksatlaryny hem oňa ýetmegiň tärlerini aýdyňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilik dörär. Öz döredijilik ukyplaryňyzy açyp görkezmekden çekinmäň, onuň soňlugy bilen nepi deger. Iş babatda biraz tankyda sezewar bolmagyňyz ahmal. Giň boluň. Eger tankyt peýdaly bolsa, näme üçin ony kabul etmeli däl?! Şahsy gatnaşyklarda düşünişmezlik ýüze çyksa, giňräk boluň. Wakalary seljeriň. Duýgularyňyzy, pikirleriňizi gizlemäň. Isle iş bolsun, isle-de durmuş, bu aý siz her bir etjek hereketiňizi, aýtjak sözüňizi ýedi ölçäp, bir kesseňiz gowy bolar.

Saglygyňyza esewan etmegi unutmaň. Kadaly dynç hem uky size örän zerur.

SOWUR (Öküzçe) 21.04 — 20.05

Sowurlara bu aý biraz saklanyp, böwürlerine diň salmaklary gerek. Durmuşda hiç bir çözgüdi ynamsyzlyk bilen kabul etmäň. Daş-töweregiňizdäkileri diňläň. Şol bir zada başga nazar bilen garap görmek käte dogry netije berýär. Ýaýdanmaň, bu siziň öňüňizde indiki dörejek mümkinçiliklere berk ýapyşmaga kömek eder.

Iş we girdeji babatda ösüş garaşýar. Size täze teklibiň, täze wezipäniň hödürlenmegi ahmal. Kabul ediň. Şeýle etmek bilen siz işiňizde öz artykmaç taraplaryňyzy görkezip bilersiňiz.

Bu aý saglygyňyz duýgy deňagramlylygyna bagly. Özüňize artykmaç ruhy agram salmaň.

JÖWZA (Ekizekler) 21.05 — 21.06

Jöwzalaryň bu aý özlerine halypa bolup biljek akyl-paýhasly kişi bilen tanyş bolmak ähtimallygy bar. Ol adam siziň öňüňizde täze gözýetimleri açar. Onuň bilen gürleşip, gaýgy-aladalaryňyzy, pikir-düşünjeleriňizi paýlaşyň. Aljak maslahatyňyz altyndan-da gymmat bolup, size iň arzyly adamy — özüňizi tapmaga ýardam eder.

Iş babatda täze usullary synap görmegiň tüýs wagty. Gyzykly hasap eden teklibiňizi ikirjiňlenmän kabul ediň. Eger öňden iş ornuňyzy ýa käriňizi üýtgetmek isläp ýören bolsaňyz, ol hem makul.

Öz bedeniňiziň «diline» düşünjek boluň. Döreýän ynjalyksyzlyklaryň sebäbini yzarlaň. Kadaly iýmit, dynç, uky hökmandyr.

SERETAN (Leňňeç) 22.06 — 22.07

Awgust seretanlaryň erjelliklerini dabaralandyrmaly aýy. Hut şol häsiýet öz maksadyňyza ýetmekde siziň ýardamçyňyz bolar. Etjek işleriňizi meýilleşdiriň-de, döräp biläýjek hiç bir kynçylykdan gorkmaň. Özüňize bolan ynamy güýçlendiriň. Şonda bitmejek işiň ýokdugyna göz ýetirersiňiz. Adaty kadadan çykyp görmek, käte garaşylmadyk üstünlige ýetirýär. Siz hem şeýdiň. Daş-töwerekdäki adamlar bilen mähirli gatnaşyk, işeňňirlik, ýaýdanmazlyk şowlulygyň açarydyr. Munuň uly girdeji getirjegi-de ikuçsuz.

Öň saglygyňyz biynjalyk eden-de bolsa, bu aý ondan arkaýyn bolup bilersiňiz. Hemme zada ruhubelentlik bilen garaň. Şonda içki dünýäňiz hem, daşky dünýäňiz hem owadan bolar.

ESET (Ýolbars) 23.07 — 23.08

Bu aý esetleriň durmuşynda uly üýtgeşmeler garaşýar. Iş babatda täze tanyşlyklar açylyp, tejribäňizi baýlaşdyrarsyňyz. Garaşylmadyk ýagdaýlara gorky bilen däl-de, täze dörän mümkinçilik hökmünde serediň. Ýatdan çykarmaň, islendik üýtgeşme haýsydyr bir täsin ýagdaýyň başlangyjydyr. Biraz tygşytly bolup, pul üýşürseňiz kem bolmaz. Nädip goşmaça gazanç etmek hakynda-da pikirleniň. Şeýdip, siziň bu aýda täze, öz hususy gazanç çeşmäňizi döredäýmegiňiz-de mümkindir.

Saglygyňyz, tüweleme, göz degmesin diýilýäni. Bu aý öň özüňizi biynjalyk eden haýsydyr bir dertden hem saplanmagyňyz mümkin. Hut şu-da, sizde ýaşaýşa bolan höwesi artdyrar. Siziň artykmaçlygyňyz, kiçijik şatlykdan hem uly lezzet alyp ýaşamagy başarýanlygyňyzda.

SÜNBÜLE (Gyz) 24.08 — 23.09

Sünbüleler awgustda maksatlaryny aýdyňlaşdyryp, gazanylan netijelere baha bererler. Töweregiňizdäki adamlar bilen gatnaşygyňyz has-da gowulanar. Bu begendiriji ýagdaý täze üstünliklere badalga bolar. Sünbüleleriňki bu aý şowuna. Ýöne siz şol bir wagtda möhüm çözgütleri kabul etmeli boljakdygyňyzy-da unutmaň. Adaty öwrenişen ýagdaýyňyzdan çykyp, birneme başagaýlyga aralaşarsyňyz. Rahatlyk däl-de, töwekgellik sizi uly girdejilere hem arzyly üstünlige ýetirer.

Saglyk ýagdaýyňyz özüňizi aýap bilşiňize bagly bolar. Aram-aram arassa howada gezelenç etmek, gözel ýerlerde dynç almak, sport bilen meşgullanmak göwnüňizi açar.

MIZAN (Terezi) 24.09 — 23.10

«Zähmet soňy — rehnet». Awgustda mizanlar bu nakyly tüýs özleri üçin aýdylan ýaly duýarlar. Çeken zähmetleriniň miwesini görmek, mizanlaryň öňde goýan maksatlaryna ýetmäge bolan ynamyny artdyryp, ruhlaryny beýgelder. Bu aý mizanlarda öz-özünden geň-enaýy pikirler döräp, olaryň döredijilik başlangyçlarynda şowlulyk gazanmaga itergi berer. Özlerini düýbünden nätanyş bolan ugurlarda synap görmek isleýän mizanlara-da ýol açyk. Olar şeýdip, özlerini täzeçe ykrar etdirerler hem-de ep-esli girdeji gazanarlar.

Ruhubelentlik mizanlaryň saglygynyň baş goragçysy bolar. Awgust aýy hysyrdyly bolsa-da, saglygyňyz sizi alada goýmaz.

AKRAP (Içýan) 24.10 — 22.11

Akraplar awgustda özbaşdak hereket etmäge dyrjaşarlar. Täze iş usullaryny öwrenmek, täze gatnaşyklary ýola goýmak, şahsy durmuşda hem iş meselesi boýunça täze kararlara gelmek awgustda akraplaryň esasy meşgullanjak zatlary bolar. Edýän işlerine bolan ynam, maksatlaryna wepalylyk akraplara üstünlik bilen birlikde girdeji hem getirer. Köpçülik bilen işleşmek, köpüň dilini tapmak ukybyny ulanyp biljek akraplara bu aý at-abraý, hormat-sylag gazanmak mümkinçiligi-de garaşýar.

Gerek wagtynda dogry bejergi almak, akraplaryň saglygyna mazaly goltgy berip, ýaşaýşa bolan söýgüsini güýçlendirer.

KOWUS (Keman) 23.11 — 21.12

Kowuslar awgustda garaşylmadyk ýagdaýlardan dogry baş alyp çykmak üçin, biraz eglişik etmeli bolarlar. Öz içki duýgularyňyza basalyk etmegi başaryň. Unutmaň, ýagdaý nähili bolsa-da, sizde islendik kynçylygy ýeňip geçmäge bolan güýç ýetikdir. Ýeri gelende aýtsak, hut şeýle ýagdaýlardan soňra ynsan ömründe şatlykly günler başlanýar. Täzeçe ýaşamagy öwreniň. Güýjüňize bil baglap, artykmaç işlemekden ýaýdanmaň. Şeýdip, siz başarjaňlygyňyz bilen, özüňize täze iş teklipleriň gelmegini gazanyp bilersiňiz.

Duýgy deňagramlylygyny saklap bilmeseňiz, saglygyňyzyň aladasyny etmeli boljakdygyňyz belli. Beden sagdynlygy bilen birlikde ruhy sagdynlygyňyzy-da berkidiň.

JEDI (Owlak) 22.12 — 20.01

Bu aý jediler göwündeş adamlaryny küýsärler. Olar bilen dertleşip, ýüregiňizdäkini döküň. Adamyň adama nähili gerekdigi hut şeýle pursatlarda belli bolýar. Hiç hili ýagdaýda hem ýeke däldigiňizi bilmek sizde ýaşaýşa bolan söýgini döreder. Köpçülik çärelerine işjeň gatnaşyň. Tejribe alşyň, tejribe gazanyň, öz pikirdeşleriňizi tapyň. Bu siziň hünär taýdan kämilleşmegiňize-de kömek eder. Özüňize bolan ynamyň artmagy netijesinde wezipe basgançagynda ýokary galmagy-da başararsyňyz

Bu aýda saglygyňyza seretmek gerek. Ýadawlyk duýsaňyz, biraz dynç alyň.

DALUW (Gowa) 21.01 — 20.02

Daluwlaryň bu aý özlerine ruhy erkinlik bermekleri gerek. Duýgurlygyňyzy güýçlendiriň. Siziň üstünlikleriňiz geljekdäki üýtgeşmelere taýýardygyňyzdan hem-de olara adaty däl nazar bilen garap bilşiňize bagly. Daşyňyza döredijilik ukyby güýçli bolan adamlaryň jemlenmegini gazanjak boluň. Bu sizde ynam döreder, ylham berer. Siz bu aýyň ruhubelentliginden peýdalanyp, täze meýilnamalar düzmäge, şeýle-de öňküleriňizi basym amala aşyrmaga çalşyň.

Bu aý saglygyňyz mazaly ideg talap edýär. Bijaý hereketlerden häzir boluň.

HUT (Balyk) 21.02 — 20.03

Hutlar awgustda biraz seljerme işlerini geçirseler gowy bolar. Size öňe gitmek üçin näme päsgel berýär: ýaramaz endikmi, artykmaç aladalarmy, gerekmejek gatnaşyklarmy? Özüňize zyýan berýän zatdan dynyp bilseňiz, durmuşyňyzy ýeňillik hem şadyýanlyk gurşap alar. Iş babatynda nämedir bir zatdan ýüz öwürmeli bolarsyňyz. Bu möhüm ädimi ätmegi başarsaňyz, size has girdejili hem rowaçly işler garaşýar.

Lukmanyň gözegçiliginden geçip, netijesine ünsli boluň. Ýatdan çykarmaň, saglygyňyz hakda aladalanmak öz öňüňizdäki jogapkärçiligiňizdir.

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle