Ýyldyzlar näme diýýär? (Täleýnama 2025 May)

Ýyldyzlar näme diýýär? (Täleýnama 2025 May)

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04

Maý aýynda hamallaryň durmuşy hysyrdyly hem gyzykly geçer. Elbetde, arasynda ownuk-uşak kynçylyklar hem bolar, emma muňa garamazdan, olara umytda bolmaga doly esas bar. Hamallara maý aýynda özlerini hemmetaraplaýyn, ylaýta-da, täzeçillik hem döredijilik taýdan görkezmäge mümkinçilikler dörär. Bu mümkinçilikler olara diňe ylham, höwes, hyjuw bermän, eýsem, ep-esli girdeji getirmegi-de ahmal.

Ýeke bolan wagtyňyz köpräk ýakymly aýdym-sazlary diňläp, arassa howada gezelenç ediň.

SOWUR (Öküzçe) 21.04 — 20.05

Özdiýenliligi bilen tanalýan sowurlar bu aý hem şol häsiýetlerine wepaly bolmaga çalşarlar. Emma olar aram-aram ýakynlaryny diňläp, aýdylanlary düýpli seljerip, gerek ýerinde peýdalanmalydygyny-da unutmaly däldirler. Sowurlaryň maşgala, dostluk, şeýle-de iş bilen bagly gatnaşyklarda hormat-sylagyň ikitaraplaýyn bolmalydygyna düşünmekleri gerek. Bu babatda ýyldyzlar olara haýyrly maslahatlary berýärler.

Saglyk meselesinde peýdaly endiklere uýup, fiziki işjeňligi hem-de içki rahatlygy saklamagy başarýan sowurlaryň özleri hakda edýän aladasy ýerine düşüp, syrkaw-sökellikden daşda bolarlar.

JÖWZA (Ekizekler) 21.05 — 21.06

Bu aý jöwzalara tapdan hem ruhdan düşmez ýaly, iş bilen dynç alşy mazaly sazlamak gerek. Ýerbe-ýer ýola goýlan gün tertibi size peýdaly netije berer. Kiçijik üstünlikleri-de uly şatlyk bilen garşylaň. Ruhy güýç toplar ýaly, arassa howada gezelenç edip, göwün göteriji sazlary diňläň, gyzykly kitaplary okaň. Bu aý durmuşyňyzda boljak täze üýtgeşmeler maksatlaryňyza ataryp, şowly işlere ýol açar. Ýöne munuň üçin maddy goldaw sorap, ýakynlaryňyza ýüz tutmaly bolmagyňyz mümkin. Ýaýdanman hereket ediň, bergini ýakyn wagtda artygy bilen gaýtarmagy başararsyňyz.

Durmuşa höwes, täze işlere bolan hyjuw, daş-töweregindäki adamlar bilen raýdaşlyk jöwzalaryň saglygyna hem oňaýly täsir eder.

SERETAN (Leňňeç) 22.06 — 22.07

Bu aý seretanlaryň özlerine bolan jogapkärçiliklerini güýçlendirmekleri hökmandyr. Şeýle edilende, olar ösüp-özgermek üçin zerur bolan mümkinçilikleri elden gidermezler. Seretanlara öz ykballarynyň eýesi bolmagy başarmak, duş gelen ähli kynçylyklary ýeňip, diňe öňe tarap, özi-de oýlanyşykly gadam goýmaga kömek eder.

Bu aý täze başlangyçlaryň hem tüýs wagty. «Göwnaçygyň — ýoly açyk» diýlenine eýerip, täze işiňizde tejribeli adamlar bilen gürrüňdeş boluň, maslahatlaşyň.

Saglyk ýagdaýyňyz, özüňize seredişiňize bagly bolar. Bedeniňize wagtly-wagtynda dynç bermegi unutmaň.

ESET (Ýolbars) 23.07 — 23.08

Maý aýy esetlere uly üýtgeşmeleri getirer. Öňki düzgün-kadalaryň üýtgemegi esetleri biraz rahatsyzlandyrsa-da, munuň, ilkinji nobatda, ösmek üçin mümkinçilikdigini göz öňünde tutmak gerek. Güýçli hem gowşak taraplaryňyzy derňäp, durmuşa täzeçe garamaga çalşyň. Iş babatda size akylly-başly maslahatyny gaýgyrmajak halypa tapylar. Ony ünsli diňläp, tejribelerini özüňizde özleşdiriň.

Saglygyňyza biparh garamaň.

SÜNBÜLE (Gyz) 24.08 — 23.09

Maý aýynda sünbülelere howlukmazlyk maslahat berilýär. Möhüm işleriň çözgüdini mümkin boldugyndan soňa goýjak boluň. Uzak ýola gidilende dem-dynç alnyşy ýaly, durmuşda hem käte-käte ähli işleri bir gyra süýşürip, arakesme etmeli wagty bolýar. Dynç alýan wagtyňyzda özüňiz üçin iň möhüm bolan maksatlaryňyz hakda oýlanyň. Bu aý siziň öňki eden işleriňiziň rehnedini artygy bilen gaýtarar.

Şol bir wagtda uka gidip, şol bir wagtda oýanmaga çalyşmak, ýadatmajak gysgajyk gezelençler sünbülelere gaýtadan tijenip, özlerini ele almaga kömek eder.

MIZAN (Terezi) 24.09 — 23.10

Mizanlara maý aýynda seresaply hereket etmek gerek. Näme isleýändigiňizi seljeriň-de, öňüňizde anyk maksat goýuň. Bu size wagtyňyzy hem güýjüňizi aýamaga kömek eder. Özüňize ynamy ýitirmäň, şonda her bir zat size peýda getirmäge başlar. Täze işlere başlamakdan ýaýdanmaň. Biraz töwekgellik edip bilseňiz, girdejä hem at-abraýa eýe bolarsyňyz.

Saglygyňyz üçin ýygy-ýygydan dynç almagy hem-de ruhy-duýgy ýagdaýyňyza esewan bolmagy unutmaň. Wagt tapyp, ýakynlaryňyz bilen gürleşmek, göwün açmak hem saglygyňyza ýakymly täsir eder.

AKRAP (Içýan) 24.10 — 22.11

Akraplar maý aýynda täze sepgitlere ýeterler. Her bir kiçijik üstünligiň uly ýeňşe alyp barýan basgançakdygyny ýatdan çykarmaň. Şonuň üçin aram-aram saklanyň-da, eden-eýlän işleriňize ser salyň, indiki edilmeli işleri gaýtadan ölçeriň. Daş-töweregiňize ynamdar, özüňizi goldaýan adamlary üýşürip, olar bilen maksatlaryňyzy, pikirleriňizi paýlaşyň. Şeýle etseňiz, öz güýmenjäňizi gazanç çeşmesine-de öwrüp bilersiňiz. Eger-de siz öňden bäri haýsydyr bir täze işe başlamagy ýüregiňize düwen bolsaňyz, oňaýly wagt geldi diýip hasap edäýiň.

Bu aý akraplar kadaly iýmite, uka, şeýle-de dynç alşa üns berseler, sökellikden daşda bolarlar.

KOWUS (Keman) 23.11 — 21.12

Bu aý kowuslar öz çeken zähmetiniň miwesini görerler. Köpräk kitap okaň, köpçülikleýin çärelere, maslahatlara, sergilere gatnaşyň, tejribeli kişiler bilen gürrüňdeş boluň. Bu siziň gözýetimiňizi giňeltmek bilen birlikde, seljerme ukybyňyzyň kämilleşmegine hem-de özüňize bolan ynamyň berkemegine kömek eder. Duýgurlygyňyzy şahsyýetiňizi öz arzuw edýän derejäňize çenli ösdürmek üçin ulanyň. Munuň üçin maý aýynda mümkinçilikler az bolmaz.

Elbetde, saglyk, ilkinji nobatdaky wezipedir. Yzygiderli fiziki maşklar, kadaly iýmit we dynç alyş özüňizi sagdyn duýmagyňyza ýardam eder. Tebigat bilen gatnaşykda bolup, köpräk gezelenje çykmagy-da unutmaň.

JEDI (Owlak) 22.12 — 20.01

Jedilere bu aý täze özgerişliklere taýýar bolmak gerek. Adatylykdan daşlaşyp, täze usullary synamakdan ýaýdanmaň. Hut şeýle ýagdaýda siz özüňizi, döredijilik ukyplaryňyzy doly açyp bilersiňiz. Bu aý jedilere bir ýerlerden egsilmejek gujur geler. Muny maksatlaryňyzy amala aşyrmak, işiňizde üstünlige ýetmek üçin ulansaňyz, dogry bolar. Gazanjak netijäňiz lezzet bilen birlikde ep-esli girdeji hem getirer.

Janypkeşlikden bolsa gerek, bu aý jediler özlerinde biraz fiziki hem ruhy ýadawlyk duýarlar. Muny aýny wagtda düzedip, zähmet bilen dynç alşy sazlamak gerek. Ukyňyz, iýmitiňiz kadalymy, ilki bilen, şolara üns beriň.

DALUW (Gowa) 21.01 — 20.02

Bu aý daluwlara özlerine-de, özgelere-de açyk hem dogruçyl bolmak maslahat berilýär. Bu olaryň bolup biläýjek dawaly meseleden goh-galmagalsyz çykmagyna kömek eder. Şahsy durmuşmy ýa iş, parhy ýok, öz duýgularyňyzy paýlaşmakdan ýaýdanmaň. Şeýle etmek, sizi daşyňyzdakylar bilen ysnyşdyryp, täze mümkinçiliklere ýol açar. Bergi-borç bolmaz ýaly, sowýan puluňyza ünsli boluň. Gerek bolsa kagyz ýüzünde girdeji-çykdajy hasabyny ýörediň. Uly bir zat satyn almakdan saklanyň. Tygşytly bolmaga çalşyň.

HUT (Balyk) 21.02 — 20.03

Hutlar üçin bu aý, umuman alanyňda, rahat geçer. Ýakynlaryňyz daşyňyzy gurşap, işler meýilnama görä amala aşar. Iň esasy zat bolsa, hutlar öz ukyp-başarnyklaryny, gujur-gaýratlaryny sarp etmek üçin peýdaly mümkinçiliklere duşarlar. Öz güýjüňize şübhelenmäň. Siz islendik işi gül ýaly ýerine ýetirmegi başarýarsyňyz. Bardy-geldi ownujak kynçylyklar bolaýanda hem, olaryň tejribe hem netije üçin möhümdigini ýatdan çykarmaň. Üstünlik sizi uzak garaşdyrmaz.

Bu aý saglygyňyza üns berseňiz, ýalňyşmarsyňz. Yzygiderli ýerine ýetirilýän bedenterbiýe maşklary özüňizi gowy duýmaga ýardam eder.

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle