Ýyldyrym (Hekaýa)

Ýyldyrym (Hekaýa)

Mehmet ÝYLDYRYM,
türk ýazyjysy

Kakam obamyzyň iň barly adamlarynyň biridi. Ekin meýdanlarymyz, bag-bakjamyz, zeýtunly melleklerimiz artykmajy bilen bardy. Ýylyň-ýylyna hasylymyz artardy. Ýöne obamyzda garyp-gasarlaram bardy. Olaryň ekin ekip, ýygnan hasyly, gyşy geçirmek üçin ýeterlik bolanokdy.

Kakam eli açyk, jomart adam bolansoň, özümize ýetjegini goýup, galanlaryny garyp-gasarlara paýlardy. Şol sebäpli hasyl ýygnalýan döwri öýümiziň töweregi adamdan dolardy. Ýetdik paýyny almak üçin adamlar uzakly günem bolsa garaşardylar.

Bir gün kakam agyr kesele uçrady. Ony iň gowy lukmanlara görkezmek üçin barmadyk ýerimiz galmady. Gynansagam, halas edip bilmedik, kakam aradan çykdy. Indi obamyzyň iň sahy adamy bu dünýäden göçüpdi. Indi garyplaryň atasy aramyzda ýokdy, obamyzda onuň ýeri boşap galypdy.

Biz şol ýyl beýleki ýyllara garanda has köp hasyl aldyk. On üç tonna bugdaý, ýigrimi tonna pagta ýygnandy. Zeýtun ýaly beýleki gök önümler hemem ir-iýmişler berekedi bilen hasyl berdi.

Her ýyl bolşy ýaly, hasyl möwsüminde garyplar mellegimiziň töwereginden aýlanyp gidýärdiler. Olaryň beýdip ýörmegi ýüregimi agyrdýardy. Bir ynsanyň beýleki ynsana mätäç bolmagy nähili erbetlik… Bu ýyl hem kakamyň edişi ýaly, öz girdejimizden olara paýlamagy niýet edindim.

Hasyly toplap ammara ýygnanymyzdan soň, üç dogan bolup bu ýylky hasyly näme etmelidigi barada maslahat etdik.

Men:

— Kakam ýaly, öňi bilen, garyp-gasarlaryň aladasyny etmeli, olary aç, ýalaňaç goýup bolmaz! — diýdim.

Ýöne doganlarym meniň bilen pikirdeş däldi. Olaryň garyplara zat bermek niýeti ýokdy. Tutuş hasyly şäherde satyp, düşen puly bolsa sowmak isleýärdiler. Men olaryň etjek bolýan işine garşy çykdym, bu hyýaldan sowatjak bolup elimde baryny etdim, emma bolmady. Iň soňunda razy bolmaly boldum.

Bir gije gizlinlikde, töwerekdäki garyplara bildirmän, birki sany hammal bilen bugdaýy şähere alyp gitdik. Ony satyp, puluny bankda goýduk, soňam galan hasyly almak üçin oba gaýtdyk. Hammal ýeterlik bolmansoň, ýene birki sanysyny hakyna tutup, iki sany ýük daşaýan ulag bilen oba girdik. Garyplaryň bu zatlardan habary ýokdy. Doganlarym olary «Dilegçi» ýaly görýärdiler. Ýogsam olar dilänokdy, diňe bersek alýardylar. Şeýlelikde, garyplar ikirjiňlenmesin diýip, ulaglary mellek ýerimizden daşrakda goýduk… Şol gije mellek ýerimizdäki jaýymyzda düşläp, gijäniň ýarynda dyňzap ýatan ammarymyzdan ýüklenip, şähere gitmekçidik.

Gije sagat iki-üç töweregi birden ýagyş ýagmaga durdy welin, siz soramaň, edil bedreden guýýan ýalydy. Güýçli ýagyn ekin meýdanlarymyzy suw-sil edipdi… Barymyz süýji ukudadyk, sebäbi şäherde gaty ýadapdyk. Birdenkä ýyldyrym çakmaga durdy. Men gorky bilen ýerimden galdym. Doganlarym hiç zat bilmän süýji ukuda ýatyrdylar, turjaga-da meňzänokdylar.

Biraz wagtdan gögüň gümmürdisi şeýle bir ýakyndan eşidildi welin, ýüregim ýarylara geldi. Edil külbäniň gapdalynda bir ýeri ýyldyrym uran ýalydy. Men penjirä tarap ylgap, ammara tarap seretdim. Ýyldyrymyň odunyň ýagtysy gözüňi iýip barýardy hemem ýeliň zarbyna barha güýçlenýärdi. Ylgap daşaryk çykdym, seretsem ammarymyz ýanyp durdy. Ýyldyrym gös-göni ammarymyzyň üstünden düşüpdir. Tagtadan gurlan ammar tutaşyp ot alypdy we içindäki pagta ýyldyrym çaltlygy bilen ýanyp başlapdy. Men doganlarymy çagyryp: «Ammar ýanýar! Hasylymyz ýanýar!» diýsemem, olary oýaryp bilmedim. Biraz wagtdan ýagyş kesildi, ammar alowlap has-da güýçli ýanyp ugrady. Doganlarym oýanýança ammarymyz küle dönüpdi.

Biz içimize urlan ýaly bolup, pagtanyň ýanyklaryna seredip aglaýardyk. Doganlarym hasyllarynyň kül bolup ýanany üçin aglaýan bolsa, men muny Hudaýdan gelen duýduryş diýip agladym. «Ähli zat meniňki bolsun!» diýen hyjuw ynsany nähili agyr külpetlere salýar. Bir kiçijik sadaka adamy nähili belalardan halas edýär. Bir kiçijik kömekden gaçmak näçe harmany ýok edýär, näçe külpeti özüne çekýär. Nätjek, bu synag dünýäsi-dä…

Türk dilinden terjime eden Altyn ARAZOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle