Ýylkybanyň ogly (Hekaýa)

Tolegen KASYMBEKOW,
gyrgyz ýazyjysy
Kurmanbek ir turmaga endik edinipdi. Ynha, ol bu günem säher şapagy asmanyň ýüzüne täsin reňklerini çaýanda oýandy. Onuň dürli-dürli öwüşginleri çürelip gidýän dag depelerini ýaldyradýardy. Pessaýja sergin şemal Kurmanbekiň ýüzüni ýelpeýärdi. Ol öýüň bosagasynda Günüň dogşuny lezzet bilen synlap, dag çeşmesi deýin dury hem arassa howany demine dartyp, biraz durdy. Säheriň imi-salalygyny jaýyň aňrysyndan eşidilýän sazlaşykly toýnak sesleri bozdy.
Kurmanbek «Kakam gelýär öýdýän» diýip oýlandy.
Hakykatdanam, agylyň aňyrsyndan atly göründi. Kakasy gelen badyna, atdan böküp düşdi-de, birhili argyn halda Kurmanbeke esetdi.
— Eýýäm turduňmy? Bu gün seniň dynç alyş günüňdir ahyryn? — diýip, ol atyny baglap durşuna sorady. Ynha, büý-ä gaty gowy bolaýdy, maňa kömekleşersiň. Men ertirlik edinýänçäm hemem biraz dynç alýançam sürä göz-gulak bol.
— Arkaýyn bol-aý, kaka. Aýdyşyň ýaly ederin.
— Ýylky sürüsi Togorogyň ýanyndadyr, atlary baýryň gündogar tarapynda bakgyn — diýip, goja ýylkyban ogluna öwüt berdi.
Žandar oglunyň çakganlyk bilen böküp, ata atlanyşyny synlap durşuna, hoşallyk bilen ýylgyrdy. Kurmanbek onuň buýsanjy hem umydydy. Ol hem özi ýaly atlary ölemen gowy görýärdi; ynanylan mahaly sürini özbaşdak bakýardy. Oglan ers-mers bolup, ösüp barýardy, sagdyn hem dözümlidi. Kakasynyň hemişe irginsiz öwredýän durmuş hikmetlerini yhlas bilen özleşdirýärdi.
— Ogluň oňat okaýar, öz işine yhlasly. Goç ýigit bolup ýetişer — diýip, obadaşlary goja ýylkybana aýdýardylar.
***
Ynha-da, Togorokyň dag gerişleri. Kurmanbek atyny kössekläp, otlamaga goýberenden soň, kynlyk bilen baýryň depesine çykdy. Onuň gözüniň öňünde, gör, nähili uzak giňişlik, beýewan uzalyp gidýärdi! Aýagynyň astynda pessaýja şemala ygşyldaşyp oturan dürli reňkli gülleriň tolkuny oň gözlerini uçganakladýardy. Asmanda nirededir bir ýerde torgaý saýraýardy, ak köpürjikli dag derýajygy bolsa, dynuwsyz güwwüldisi bilen onuň ýiti sesini basyp ýatyrjak bolýan ýalydy. Ondan säheriň salkyn hem sergin şemaly öwüsýärdi.
Atlar terje otlary çirtip ýörüşlerine, baýryň üstüne ýaýrapdylar. Kurmanbek sürä ünsli göz gezdirdi — gylýallar tükelmikä? Şol wagt onuň ýüz keşbi öňki-soňkusyndan has üýtgeşik, agras hem salykatly göründi. Ýogsa näme! Ol çynlakaý, tüýs erkek kişiniň işine — ýylky sürüsini bakmaga girişdi ahbetin. Obada ulular her bir oglanjyga beýle ynam bildirmeýärler!
Kurmanbek bakylýan atlaryň hemmesini diýen ýaly gaty gowy tanaýardy, ol kakasyna derek atlara esewan bolşy ilkinji gezek däldi. Ynha, böwri menekli, dor at ilkinji gezek göreniňde, ýuwaş, ümsüm ýaly, hakykatda bolsa, dyzmaç häsiýetli. Golaýyna baryp bir gör — gözüni alardar, toýnak salmaga häzirlener. Beýle gylyksyz janawaryň birbada hötdesinden geläýmek aňsat däl. Ynha, onuň gowy görýän Sarybaýtaly bolsa birhili boýnuny tüňňerdip, guýrugyny hüžžertdi. Hany, garador baýtal nirede-kä? Kakam şoňa aýratyn göz-gulak bolmagy tabşyrypdy. Honha-la ol! Bir duran ýerinde dikilgazyk bolup dur… bir minut… iki minut… Ine, ol birahat bolup, aýaklaryny çalşyryp basýar, kellesini çalt-çaltdan ýokary galdyryp, assaja kişňeýär. Onuň bu bolşy Kurmanbeki üşertdi, ol atyň näme üçin biynjalyk bolýandygyny barlamakçy bolup, ylgawyny ýazdyrman baýyrdan aşak düşdi.
Ýerde, baýtalçanyň ýanynda haýsydyr bir ýukajyk perdä dolanan ýaly, öçügsi ýalpyldaýan nämedir bir zat ýatyrdy. Baýtalça onuň töwereginde aýlanýardy, gaharlanyp gulagyny gypýardy, öň aýaklary bilen ýer peşeýärdi. «Haýwanlar kähalatlarda perdeli çaga dogurýarlar, onuň perdesini dessine aýyrmak gerek, ýogsam ol demiger». Kakasynyň aýdan bu sözleri Kurmanbekiň şobada ýadyna düşdi. Ýöne nädip, nämeden başlamalydygyny ol bilenokdy.
— Äh-ä, ýadyma düşdi! — diýip, ol begenjine gygyryp goýberdi. — Häzir… Ol çakgy bilen perdäni kesen badyna, maňlaýy ak depelli, kiçijik dor taýçanagy gördi. Oglan ilkinji pursat taýçanak demigip ölendir öýtdi. Ýöne beýle däl eken, ol diri. Goýungöz körpeje tutuş göwresi bilen tisginip gitdi, kiçijik burun deşigi ýellendirip, kellejigini galdyrmaga synanyşdy. Onuň nemli dodaklary titreýärdi, näzijekden mylaýym, süzük we şo pursatda biçäre gözleri çaga ynanjaňlygy bilen janly, joşgunly ýagty jahana seretdi.
Onuň enesi bu hadysanyň aman-esen geçendigini duýýan ýaly kem-kemden ynjalyşyna, hokranyp, taýçanagyny ýalamaga başlady. Taýçanagyň tüýi derrew çalykdy. Ol eýýäm owadan görnüşe geldi. Ýöne şeýle gülkünç hem gowşak haldady. Ol sandyraýan, inçejik aýaklarynyň üstüne galmaga synanyşýardy, ahyry bu oňa başartdy.
Kurmanbek ömründe ilkinji gezek tebigatyň syrlylygyna galtaşyşyna, ýap-ýaňyja dünýä inen taýçanagyň ilkinji ädimlerini tolgunma bilen synlady.
Ol taýçanaga esedip:
— Berekella! — diýip gygyrdy. — Ýöre, dogumlyja ýöre!
Birdenkä Kurmanbekiň etekde duran ýerindäki dagyň eňňidinden atyň howsalaly kişňemesi eşidildi. Oglan öwrüldi-de, eňňitden aşaklygyna çapyp gelýän, has dogrusy, çapyp barýarka büdräp ýykylan taýçanagyň togalanyp gelýänini görüp, doňup galdy. Onuň enesi dor baýtalça togalanyp gelýän taýçanagyny saklamaga synanyşyp, onuň daşynda aýlanýardy. Ýöne ol ony nädip saklasyn, onuň elleri ýok ahyryn!
Kurmanbek ilkibada gorkdy hem aljyrady, soňra bolsa güýjünde baryny edip, eňňitden ýykylyp gelýän taýçanaga tarap daz ýasady. Ol häzir näme etjegini bilenokdy, emma her demde güýjäp barýan howpuň öňüni almak üçin ýüwrüp barýardy.
Oňa edil uçudyň gyrasynda taýçanagyň aýagyndan tutmak başartdy, ýöne badyna taýçanak bilen aşak togalandy. Ol ýüpek ýaly ýumşak otlaryň inçejik baldaklarynyň üstünde typyp barýardy.
Sähelçe wagt togalanma tükeniksiz wagta çeken ýaly boldy, Kurmanbek birdenkä göwresiniň gyrymsy agaja baryp degenini duýdy. Oýlanyp durman ol bir eli bilen irganyň ( Irga — gülgün güllüler maşgalasyndan bolan agaç ýa-da gyrymsy agaç.) şahasyndan berk ýapyşyp, beýleki eli bilenem henizem taýçanagy pugta saklap durşuna, birneme demini dürsedi…
Bu gezek betbagtlyk sowa geçen ýaly boldy. Onuň halas eden taýçanagy biraz sypjyryk hem sähel gorkmak bilen howpdan gutuldy. Dor baýtalça aşak düşüp barýan Kurmanbeki öz balasyny halas edeni üçin hoşallyk bildirýän ýaly çalaja kişňäp ugratdy.
Kurmanbek garador baýtalçanyň ýanyna dolanyp gelende, ol hiç zat bolmadyk ýaly, yhlas bilen täze dogan taýçanagyny ýalaşdyryp durdy. Taýçanak inçejik aýaklarynyň üstünde yranyp durşuna, kiçijik garaja gözleri bilen daş-töweregine seredýärdi.
Durmuş öz maýdalyna barýardy. Yssy guşaklygyň Güni ýakyp barýardy. Otlaryň içinde san-sajaksyz mör-möjekler üznüksiz jyrryldaşýardy. Asuda otlaşyp ýören atlaryň ýanynda taýçanaklar şadyýan oýnaşyp ýördi. Daş-töwerek şeýle bir imisalalyk we arkaýynlykdy welin, howsalaly we abanyp gelýän howply pursatlar, şeýle-de Kurmanbekiň öz güýjüne ynam edip, edermenlik we mertlik görkezen minutlary bolmadyk ýalydy. Säwlik goýbermän, synaga döz gelenine düşünendigi üçin ýaş ýylkybanyň kalbyny ýeňillik we şadyýanlyk gaplap aldy.
Kurmanbek oýlanyp oturyşyna, kakasynyň geleninem duýmady.
Goja Žandar dykgat bilen sürä göz gezdirdi we at üstünde gezensoň, ýellenen aýaklaryny ýazmak üçin owkalap durşuna şeýle diýdi:
— Sürüde artan zat barmy?
— Bar, kaka! ― diýip, Kurmanbek gygyryp goýberdi. — Hanha, hol garador baýtalyň ýanyndaky maňlaýy ak depelli körpe taýçanak. Hem ýene-de… — Kurmanbek sözüniň arasyny kesdi.
— Ýene näme? — diýip, goja ýylkyban üşerildi.
Ogly howpuň öňüni alşyny, eňňitden ýykylyp gelýän taýçanagy halas edişini howlukmaç gürrüň berdi. Žandar gürrüňiň arasyny bölmän diňledi, ýöne onuň oglunyň hereketinden hoşaldygyna ýa-da däldigine, kalbynda ony öwýändigine ýa-da ýazgarýandygyna düşüner ýaly däldi. Ol göwnündäkini negada bir bolaýmasa, kän açyk aýtmazdy. Ýöne bu gezek welin, saklanyp bilmedi. Oglunyň egninden pugta gujaklady.
— Berekella, körpäm! — diýip, ol ogluny gujaklap durşuna dillendi. — Sen hakyky ýigide ýaraşýan iş bitirdiň.
Şu pursat Žandar Kurmanbeke guwanman, buýsanman durup bilmedi. Ol birdenkä oglunyň ygtybarly kömekçi — öz wajyp işini dowam etdiriji hökmünde ýetişip gelýändigine bütin durky bilen düşündi, duýdy.
