|

Ýygra söýgi

Ýygra söýgi ÝYGRA SÖÝGI

Bolsaňda sen maňa örän golaýda,
Göwnüme şonçada uzakda ýaly.
Dünýämde gül açan «Söýgi» bagynyň,
Saýasynda saňa garaşýan häli.

Sen alys ýerlere uçmak isleýäň,
A men has golaýa seniň yanyňa.
Düşünmek neneňsi kyn bolup biler,
Bir inçe ýüp bilen öz ýüregimi,
Seniňkä baglamak isleýänime.
                    
Biz hemişe şol bir ýoldan ýöreýäs,
Şol bir agaçlaryň diňleýäs böwrün.
Düýnki aýtjaklarmy bu güne goýdum,
A bu gün şolara büdüräp ýörün.

Isa HOJAMERDANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle