«Ýýak, hawa-la…» / ýumoreska
"Ýýak, hawa-la…" / ýumoreska
— Durmuşda köpler pul diýip hars urýarlar weli, esasy baýlyk saglyk dälmidir?
— Ýýak, hawa-la…
— Ony diýen bolýas. Ýöne puluñ bolmasa-da, aljak galañ-a ýok.
— Ýýak, hawa-la…
— Ýeri, bor-la. Bal diýeniñ bilenem agyz süýjäp baranok. Alýanja aýlygymyz, şükür, maşgalamyzy aýlamaga-ha ýetýär. Galan zatlañam näme, bir zady bor-da?..
— Ýýak, hawa-la…
— Ýöne, dogrusy, bir aýlyga ýaplanyp oturmagam… Baý, eklenmegem kyn bold-ow.
— Ýýak, hawa-la…
— Dogry, käte gazete-beýlekä odujak-budujak zat çyrşan bolýas weli, şondanam bäş-üç şaý gelmän-ä duranok. Eýsem, şo-da çagalara süýji-köke almaga…
— Ýýak, hawa-la…
— Bäh! Bir kitap ýazyp, ogluny öýerýän ýazyjylar barmyşyn. Şolar dagy diýýän-ä, gaty baýdyr-ow?..
— Ýýak, hawa-la…
— Olañkyñ ýanynda dagy, biziñ alýanja gonorarymyz… Bäş-üç manatdan pul bolýarmy diýsene.
— Ýýak, hawa-la…
— A-aý, bolýa-la. «Kanagata bereket» diýipdirler. Jan saglygy bolsa, dura-bara hemme zadam bolar barar-da.
— Ýýak, hawa-la…
— Şeý diýen bolaýýas, ýöne özüñçe barly-ýoklar gapdalyndan «Wolgaly» ýa «Žigulili» daz ýasap geçip gidýärler weli, içiñ ýangyjyna özüñi öldüresiñ geliberýär, how?!
— Ýýak, hawa-la…
— A-how, diýýän-ä, men nämeler samran bolup durun-a?! Indi gel-gel, ölümden başga gürrüñ tapmadyñmy diýsene.
— Ýýak, hawa-la…
— Bir zady zol-zol gaýtalap dursañam, ýüregiñe düşüberýär.
— Ýýak, hawa-la…
Sahyt ORAZALYÝEW.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 25.08.1989 ý. Satiriki hekaýalar