Ýüzugra ýazylan goşgy
Ýüzugra ýazylan goşgy
Ynsany gaýratly edýän,
Diňe däl güýç, haýbaty.
Ynsany hormatly edýän,
Diňe däl medenýeti.
Ynsany ynsan edýän,
Bir sypatda jemlenmez.
Häsiýetleň çapraz gelse,
Il içre sözüň diňlenmez.
Edepli hem-de hümmetli,
Bolsun ynsan salyhatly.
Gowulyklar ýene kändir,
Bolsun ýene sahawatly.
Güýç zorunyň ýany bilen,
Bolmaly pähim, paýhasy,
Ana, şonda ol gaýratly.
Ana şonda ýagşy atly.
Ine, şu çykmasyn ýatdan,
Has gerek zat başga zatdan:
Düzüw bolsun päl-niýeti,
Şonda jemlenen ynsanyň,
Bar häsiýeti.
2021 ý. Goşgular