Ýüzbe-ýüz
Ýüzbe-ýüz
Ýüzbe-ýüz duşuş sen
Dostlaryň bilen,
Ýagşy niýetlerňi paýla baryna.
Kalbyny çöwür sen olaň öňünde,
Hile golaý gelmesin seň ýanyňa.
Ýüzbe-ýüz duşuş sen
Rakyplaň bilen,
Olaryň gözüniň alnynda ulal.
Ýylanam hininden çykarmyş hoş söz
Ylalaşyk üçin bar güýjüň ulan.
Ýüzbe-ýüz duşuş sen
Duşmanlaň bilen,
(Olaňam bolmagy mümkin her kimde).
Bolanokmy?! Oňuşjagam bolma sen,
Unutmagyn… söweş durandyr öňde.
Ýüzbe-ýüz duşuş sen
Zamanaň bilen,
Döwür bilen bir otagda ýerleş sen.
Sen onuň sesine goş-da sesiňi,
Geçmiş hakda geljek hakda gürleş sen
Ýüzbe-ýüz duşuş sen
Namys-ar bilen,
Ýöne mydam nogtaň eliňde bolsun.
Göroglynyň algyr gyljyndan gaýram
Zat algyn – paýhasam deňiňde bolsun…
Ýüzbe-ýüz duşuş sen
Tebigat bilen,
Köp derdiňe em salgy biýr – lukmandyr.
Oň bilen düşünşip bilýäňmi, diýmek,
Seniňkem, dost, bagty çüwen ykbaldyr.
Çekinme ýüzbe-ýüz duşuşmaklykdan,
Gaýtam sen hemişe bolgun ilgezik.
Diňe diňlemekdenem däl, synlamakdanam
Köp zady okasyn, duýsun bu ýürek.
* * *
Şahyrlar çintgeýän bolsa bir zady,
Goşgy kän ýazylýan bolsa şol hakda,
Ýa-ha şol zat ör-boýuna galandyr,
Ýa-da galyp ýörendir ol aýakda.
Sebäbi, şatlygam, gaýgy-hasratam
Şahyryň ýüregi duýýarmyş ilki.
Kän ýazlyp başlandy kä zatlar hakda,
Kim bilýär, zerurlyk dörändir, belki?!
Dogruçyllyk hakda, päk ynsap hakda,
Hak söze hak diýip durýanlar hakda,
Diňe öz jübsüniň peýdasyn bilmän,
Mydam il bähbidin arýanlar hakda;
Abraýyn hem ýygnan sylag-hormaty
Kimdir birin ýykmak üçin ulanman,
Bir ýazyksyz bulaşdyrlan biçäräň
Egninden galdyryp, hasam ulalýan;
Her bir öňýetene gulak gabartman,
Hakyky dostlaryn saýgaryp gezýän;
Eýe, çykyp wadasyna, lebzine,
Namysyn janyndan eý görüp gezýän,
Ýigitler hakynda, gyzlar hakynda
Kän goşgy döreýär soňky döwürde.
Onuň sebäbini agtarmak gerek,
Kelle döwmek aýyp däldir bu ýerde.
«Parahatlyk, dynçlyk zerur bar zatdan,
Asuda dem alsyn – diýip – bu zemin!..»
Bilýäňiz, her günde, hawa, her günde
Ýüzläp-ýüzläp goşgy ýazylýar welin,
Howp abanýan bolaýmasyn bu dünýä…
Şeýle bolsa, almak üçin oň öňün,
Bilekleň çyzgalgy durmalydygy
Hiç mahal ýadyňdan çykmasyn seniň!
Italmaz NURYÝEW. Goşgular