| |

Ýuwaş! / gülküli hekaýa

Ýuwaş! / gülküli hekaýa ÝUWAŞ!

Aýlygyny alyp pullanan gelin bazara gitjek bolýar.
— Dur, keýwany! Agyr ýük göterme, ýeke özüñe kyn bolar. Ýanyñ bilen gidip, kömekleşeýin — diýip, adamsy rehim edýär.
— Aý, bolýar-la, kakasy. Özüm giderin, sen arkaýyn dynjyñy al — diýip, aýaly ýeke gitjek bolýar.
— Ýok, ýok, keýwany, seni ýadadyp bolmaz. Häzir bileje gideris.
— Bolýar-da onda. Ýöne… Kakasy, bazara barañsoñ, satyjylar bilen dawalaşyp durmagyn. Zatlary özüm alaryn. Sen diñe göterişseñ bolýar — diýip, aýaly haýyş edýär.
Tirkeşip, allanäme bolup bazara barýarlar.
— Süzme näçeden?
— 20 müñ.
Adamsy süzmäñ ýüzünde yzyny goýup, barmagy bilen ýalap görýär-de:
— Turşy süzmen 15 müñ bolanda bolanokmy? — diýip, satyjy gelne ýüzlenýär.
— Ýok, bolanog-a, daýy. Hon-ha, 30 müñden satyp durlar.
— Hany onda çemçäñi ber. Düýbünden agdaryp görjek. Geçen gezek alan süzmämiziñ içine könelen tworog garylan eken.
— Alsañ, al, agam, almasañ, gidiber — diýip, gelin beýlesine bakyp oturýar.
— Bulara kemini aýtsañ, halamazlar — diýip, ýaşuly gaty sesi bilen gürleýär. Onda aýaly: «Ýuwaşrak, kakasy. Hon-ha, tanyş aýal barýar, utanýan» diýip, duýdurýar. Soñam:
— Sen dur şu ýerde. Häzir özüm alyp gelýän — diýip, başga bir satyjydan süzme alyp gelýär.
Oña çenli adamsy:
— Sogan näçeden?
— 10 müñ.
— O nähili beýle. Teke bazarynda 6-dan, 7-den. Näme, bu bazaryñ sogany üýtgeşikmikä?
— Aý, agam. Üýtgeşik näme işlesin. Söwdagärler köp bilýär-ä. Köp gatly jaýlaryñ ýakyny bolansoñ, alyjy köp, şoñ üçin şeýdýärler. — diýip, başga bir alyjy gürrüñe goşulýar.
— Ol oturana dagy bir seret. Töweregine çüýräm hurma ýaýradyp. Ýeri, zaýalanmanka arzanyrak sataý-da. Adama iýdirenden, çüýredip ýere dökenlerini gowy görýärler. Bular söwdanyñ tärini bilenoklar. Gurbanlyk güni soganyñ nyrhyny galdyrýan söwdagärler-dä. Il-ä haýyr-sogap üçin gurbanlyk edýär, bular bolsa şo gün nyrhy galdyrýarlar — diýip, ýaşuly käýinýär. Mañlaýyny eliniñ aýasy bilen tutup, diñläp duran aýaly:
— Häzir ähli almaly zatlary alyp gelýän. Şu ýerde garaş. Onsoñ derrew taksili öýe aşaly. Kelläm agyryp başlady — diýip, hasanaklap gidýär. Köp eglenmänem, ýüklenip gelýär-de:
— Ýör, kakasy. Taksi tut — diýip, tirkeşip ýola çykýarlar. Taksiniñ yzynda aýaly, sürüjiniñ gapdalynda adamsy otyr. Öýleriniñ deñine ýetýär welin, ýaşuly:
— Inim, şu ýerde saklanaý — diýip, sürüjä ýüzlenýär-de, 10 müñlügi uzadýar. Sürüji:
— Bar berýäniñ şum-aý, agam? — diýip, nägilelik bildirýär.
— Hawa, dagy näçe bermeli? Şu iki aralyga bir kürşge benzin ýakañok ahyry — diýip, ýaşuly düşündirjek bolýar. Sürüji bolsa puly ulagyñ tekjesine aýlap taşlaýar.
Adamsy:
— Naýynsap — diýip, käýinip başlaýar. Onda aýaly:
— Näme, jigim. Porsap duran ulagyñ ysu üstümize çykyp gitdi. Iki ädime ýüregim bulanyp zordan geldim. Arkañ bilen getiren ýaly-la, minnet edip. Başga sürüjiler şu aralyga 10 müñ manat berseñ, 5-ini gaýtardyp berýärler — diýip, gapyny ýapýar. — Düş-de, ýap gapysyny. Ynsaply ýaşamak ýeke bize degişlimi? Razy bolmasa, tersine razy bolsun — diýibem gaharly gürläp, adamsyna ýüzlenýär. Şol wagt sürüji ulagyny ala-tozan edip, gahar bilen sürüp gidýär. Ýaşulynyñ aýaly bolsa ondan beter gaharlanyp:
— Ozal bazara ýeke özüm gidip, awtobus bilen gelen bolsam, gowy bolardy — diýip, tasanjyrap ýöräp ugraýar welin, adamsy:
— Ýuwaş… Keýwany, hon-ha, tanyş adam barýar meni utandyrma — diýip pyşyrdaýar.

Akgül SAPAROWA. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle