Ýurt küýsegi (hekaýa)
Uçar menziliniň merkezi binasynyň diwaryna berkidilen, dürli ugurlara gidiş-geliş tertibini görkezýän, ullakan maglumatlar enjamyna seredip durşuna, Merdan içinden: “Ýene iki sagat. Allajanlarym, onça wagtlap men nämä güýmensemkäm? Bir zat edib-ä wagt geçirmeli bolar” diýip, pikir etdi. Onuň uçmaly wagty howa şertleri sebäpli, indi ikinji gezek yza süýşürilýärdi. Birinji gezeg-ä üç sagat, indem iki sagat. Bu ýagdaýa hiç kim günäkär bolmasa-da, Merdan öz ýanyndan gahar etdi. Wagtynda uçan bolanlygynda, ol bu wagta öýünde, çagalarynyň arasynda oturmalydy. Gowy ýeri, uçar menziliniň binasynyň içi sowuk däl. Daşarda bolsa howa gaty sowuk. Merdan Orsýediň ýowuz gyşlary barada okapdy, telewizorda-da görüpdi, ýöne edil beýledir öýtmändi.
Merdan bir gyrada duran goşlarynyň ýanyna baryp oturdy. Birsalym dürli aladalar bilen eýläk-beýläk geçýän adamlara syn etdi. Olaryň häsiýeti, edýän kärleri, edil şu wagt näme alada bilen barýandyklaryny çaklady. Goltuk jübüsinden ýandepderçesi bilen galamyny çykardy-da, surat çekmäge başlady. Esasy käri şol bolmasa-da, ol suraty erbet çekmezdi. Şular ýaly içi gysan wagtlary surata güýmenmek häsiýeti onda çagalygyndan bäri bardy.
Sähel salymda ýandepderçäniň ýüzünde sährada ýüzin salyp barýan ahalteke atynyň şekili peýda boldy. Ol çeken suratyna seredip oturdy-da ýylgyrdy. Şu geçen günleriň içinde öýüni, ýurduny küýsänligindendir-dä, bedewiň mähriban şekiline seredende, Merdanyň birhili endamyna ýylylyk ýaýrap giden ýaly boldy. Ol uçmaly wagtyna çenli galan wagty anyklamak üçin ýandepderçesini gapdalynda goýdy-da, sagadyna seretdi. Şol wagtam ýeňsesinden: “Bagyşlaň, siz türkmenistanlymy?” diýen erkek adamyň sesi geldi. Merdan geň galyp, yzyna gaňryldy. Üstüne abanyp duran, ýaşy altmyşdan geçen, orta boýly, inçesagat, ýylgyryp bakýan arassa asman ýaly gök gözli adamy tanajak bolup içgin-içgin seretdi-de, başyny atdy.
— Howwa.
Nätanyş çakynyň dogry çykandygyna begenip, çalasynlyk bilen aýlanyp geldi-de, Merdanyň öňünde saklandy. Sag eliniň elligini çykaryp, Merdana uzatdy. Çalgyrt salam berdi.
— Assalamaleýkum!
Merdan ýerinden turdy-da, özüne tarap uzan eli iki eli bilen gysdy.
— Waleýkumessalam, ýaşuly!
Nätanyş rus dilinde “Da, da, ýaşuli” diýip, hezil edinip güldi. “Mümkinmi?” diýip, Merdanyň gapdalyndaky ýeri görkezdi.
— Geçiň, geçiň!
Nätanyş oturgyja geçdi-de, egninden asylgy torbasyny aýagynyň ýanynda goýdy. Ýene-de elini uzatdy.
— Tanyş bolalyň, Zubarýew Iwan Dimitriýewiç!
Merdanam adyny aýtdy.
— Siz Türkmenistanyň niresinden bolarsyňyz?
— Aşgabatdan.
— Örän ajaýyp şäher. Men Aşgabatda kän boldum. Baý, meniň Türkmenistanda bolmadyk ýerim ýok diýen ýalydyr. Maryda-da, Daşoguzda-da, Lebapda-da, Köneürgençde-de, Sarahsda-da, Tejende-de, garaz siziň ýurduňyzda aýak basmadyk ýerim ýokdur.
Merdan bu nätanyş kişini diňläp, ýene-de endamyna ýylylyk ýaýraýandygyny duýdy.
— Siz Türkmenistanda ýaşadyňyzmy?
Iwan Dimitriýewiç Merdanyň soragyna hezil edip güldi.
— Şeý diýseňem bolýar. Tamara-da maňa mydama şeý diýýärdi. Tamara — meniň aýalym. Ol: “Sen Türkmenistanda öýüňden köp bolýaň. Bolmasa şo taýyk mydamalyk göçäý” diýip, baý gatyrganýard-a. Aý, näme, gowy görýär-dä ol meni. Mydama ýanynda bolanymy isleýär. Hudaýa şükür, kyrk ýyl boldy, bile durmuşyň keşigini çekip ýörenimize. Onsoň men bir gezek onam ýanym bilen alyp gitdim. Şondan soň onuň özi: “Haçan Türkmenistana gidýäs?” diýip, gitjegimi eşitdigi, galmajak bolup ugrady. Ol ýeriniň howasy oňa diýseň gowy ýarady. Çagalygyndan azar beren demgysmasy galaýd-a. Oňardygymdan her tomus diýen ýaly ony siziň güneşli ülkäňize äkitdim.
Iwan Dimitriýewiç dymdy. Ýatlamalar girdabyna çümdi. Gowy zatlar ýadyna düşendir-dä, gözleri gülüp gitdi. Merdan sorag beresi gelip içini it ýyrtsa-da, onuň pikirini bölmäge çekindi. Ahyry onuň özi Merdana ýüzlendi.
— Biziň ülkelere iş bilen geldiňmi, ýa hakyky gyşy göreýin diýip gaýdyberdiňmi?
— Iş bilen, Iwan Dimitriýewiç.
— Iş bilen diýsene. Nähili, işiň ugruna boldy dälmi?
— Howwa, Iwan Dimitriýewiç.
Ýaşuly ýene dymdy. Bu gezek ýene-de gürrüňdeşi pikire çümmänkä, Merdan özüni gyzyklandyrýan sowalyny berdi.
— Neme-le, Iwan Dmitriýewiç, bir zat soramak bolarmy?
— Türkmenistanlydygyňy nädip bilenimi sorajak bolýansyň-da?
Merdan geň galdy.
— Howwa. Dogrudanam nädip bildiňiz? Ýüz keşbimden çakladyňyzmy?
— Ýok.
— Egin-eşigimdenmi?
— Ýene-de bilmediň.
— Onda nädip bildiňiz?
Iwan Dimitriýewiç süýem barmagyny Merdanyň gapdalynda ýatan ýandepderçä uzatdy.
— Honha, şondan.
Merdan ýandepderçesini eline aldy. Daşy gök gaýyşdan edilen ýandepderçäniň ýüzünde ýurdy barada bir maglumat bardyr öýdüp, eýlesine-beýlesine seretdi. Onda niredenligini aňladaýjak ýazga, nyşana, ýa başga bir zada gözi ilmedi. Ol Iwan Dimitriýewiçiň ýüzüne soragly seretdi.
— Içini aç, içini! Ýaňky, surat çeken sahypaňy aç!
Merdan ýandepderçesiniň aýdylan ýerini açdy.
— Merdan, gelşiksizem boldy welin, ýaňy gapdalyňdan geçip barýarkam, ine, şuňa gözüm düşäýdi. — Iwan Dimitriýewiç Merdanyň çeken atyna barmagyny dürtdi. — Derrew bildim-dä seniň niredendigiňi. Çeken suratyňda ahalteke atyny tanadym. Ahalteke atynam şeýle beletlik bilen, özi-de göwni küýsäp diňe türkmen çekip biler diýip pikir etdim. Ahalteke atyna bolsa men gaty gowy belet. Ömrümboýy Allanyň ýaradan ol gudraty bilen iş salyşdym. Şonuň üçinem Türkmenistana kän barýardym.
— Iwan Dimitriýewiç, men entegem düşünemok-da. — Merdan çeken suratyna barmagyny dürtdi. — Nädip atdygyny zordan bilip bolýan şu suratda ahalteke atyny gördüňiz?
— Merdan, ahalteke bedewleriniň dünýäniň ähli atlaryndan tapawutlanýan aýratyn sypatlary bar. Boýy, edil guwuňky ýaly egreýip duran boýny, gamyş gulaklary, döşi, sagrysy, bili, inçeden uzyn aýaklary — garaz toýnagyndan başlap ýüpek ýalyna çenli Alla tarapyndan uly söýgi bilen, sünnälenip ýaradylan ol bedewleri başga hiç bir at bilen çalşyryp bolmaz. Onuň şekilem seniň, umuman-a, ähli türkmeniň ýüreginde müdimilik orun tutup, göreçleriňize siňipdir. Ejeňiziň beren süýdi, sallançakdakaňyz diňlän hüwdüleriňiz, eneleriňiziň ertekileridir rowaýatlary bilen aňyňyzda, ruhuňyzda çuňňur orun tutupdyr. Ine, şonuň üçinem sen, Merdan jan, özüň bilmezden, ahalteke atynyň suratyny çekdiň. Edil meňzetmeseňem, ahalteke atynyň esasy aýratynlyklaryny kagyza geçirdiň. Sebäbi näme? Sebäbi ýaňky aýdyşym ýaly — Iwan Dimitriýewiç Merdanyň çep gursagyna elini uzatdy — olar şu taýda ýaşaýarlar.
Merdanyň şu günüň dowamynda üçünji gezek endamyna ýylylyk ýaýrap giden ýaly boldy.