Ýürekdäki mähri oýarmak (Esse)

Ýürekdäki mähri oýarmak (Esse)

Lin Tsiňsüän,
hytaý ýazyjysy

1.

Men ýazan her bir iýeroglifimiň, her bir eserimiň hoşboý ys ýaýradýandygyna, her bir ýazan setirimiň edil lotosyň güli ýaly töweregi mähire çoýýandygyna ýürekden umyt edýärin.

Sebäbi ýazyjynyň ýazan her bir setirine özüniň ahlak häsiýetlerini siňdirýändigine berk ynanýaryn.

2.

Ýaponiýanyň Sooto-şü ( Ýaponiýanyň dzen pelsepesini öwrenýän esasy merkezi.) mekdebini esaslandyran Do-gen gämi bilen Hytaýa dzen ( Uzak gündogarda meşhur bolan akylyň ýagtylmagynyň pelsepesi.) ylmyny öwrenmäge gelipdir. Aýdyşlaryna görä, ol eli boş gelipdir, boşam gaýdypdyr, ýöne gaýdanda eýýäm onuň ýüreginde mähiriň şuglasy bardy, hut şol mähirden doly nur saçýan ýüregini hem Ýaponiýa özi bilen alyp gelipdir. Emma aňyrsyna seretseň, nur çoýýan ýürek Do-gende eýýäm bardy, aslynda, her kimde-de nura çoýýan ýürek bar, ýöne ýaponiýaly terkidünýä müň lilik ( Li- hytaýlylaryň, takmynam, 0,5 kilometre barabar bolan milli ölçeg birligi.) tolkunlary geçip Hytaýa ylym öwrenmäge gelmedik bolsa, ýüregindäki mähiri oýaryp bilmezdi.

Adama nuranalyk daşyndan berlenok, ýöne käwagt daşky gurşaw ony oýandyryp bilýär.

3.

Dzeni öwrenýän adamlary ýüregi ýok ýaly kabul etmeli, sebäbi dzen barlyk taglymatyndan hiç hili tapawut etmeýän ylymdyr.

Ýürek ýumşak bolanda, suwuk palçyk ýalydyr diýip kabul etmeli däl. Onuň giň, geçirimli gözýetimi bar, ol ähli zatdan üstün çykýar, ähli zady ýüregine alýar.

Ýumşak ýürek — bu lotos ýalydyr, rehimliligi suw edip, akyl-paýhasy toprak edip gül açýar.

4.

Bir adam: «Näme üçin otlardyr agaçlaryň ýüregi bolmasa-da, ösýärler, gül açýarlar, miwe düwýärler, emma adamlaryň ýüregi bolsa-da, şonuň ýaly gaýgysyz ýaşap bilenoklar?» diýip, menden sorady. Men oňa: «Sen ot däl, agaç däl, olaryň ýüreginiň ýokdugyny nireden bilýäň? Sen adamda ýürek bar diýýäň, emma adamyň ýüregi niresinde? Ösümlikler, hakykatdanam, ýüreksiz ýaradylan bolsa, adamlaram ýüreksiz tebigat gurşan bolsa, elbetde durmuş gaýgysyz geçerdi» diýip jogap berdim. iýeroglifiniň başga iýerogliflerden tapawutlylykda, içinde ýüregi aňladýan nokatjygy bar. Gaty ýüregiň ýumşak ýürekden tapawudy hem hut şol nokatjyk ýalydyr.

Ýüregi ýumşak ynsan otlary, agaçlary görende rehimi inip, özüni olaryň ýerine goýýar, olara ýürekdeş bolýar.

5.

Keýigi kowalaýan awçynyň gözüne dag görünmez, balyk tutup oturan balykça bolsa deňiz.

Gözüni diňe awuna dikýän adam tebigatyň hakyky gözelliginden mahrumdyr. Ada, wezipä çapýan adam hakyky adam häsiýetinden mahrumdyr.

Daga gözi düşende ýumşak ýürek belentlige galýar, ummany görende şonuň ýaly giň bolýar.

Ýumşak bolanlygy üçin onuň ähli zada rehimi inýär, ýüregine alýar.

6.

Adam durmuşda ikirjiňlenmelere, bulam-bujarlyklara, agyr kynçylyklara sataşanda, käte hiç urgyny duýmadyk ýaly durmuşyň nogsanlyklaryndan üstün çykyp, «abadanlyga» ýetýär. «Abadanlyga» ýetenden soň kalby nurlanyp, ýumşaklyga ýetýär.

Ýumşaklyga ýeten adam sazlaşykly ýaşaýar, päklenýär, aňynyň, akylynyň bitewiligini gazanýar.

7.

Güýçli islegi bolan adamyň içine ot düşen ýalydyr, ol oňa ynjalyk bermeýär.

Nuranalyk — bu ody peseldip, mylaýym ýylylyga öwürýär, käte bolsa ony söndüribem bilýär. Içiniň oduny söndüren adam — welidir.

Ynjalyksyzlykdan weliniň asudalylygyna ýetirýänem hut ýürekdäki ýumşaklykdyr.

8.

Ýagşyzadalar bize adamlary dogry ýola salmagy öwretdi, emma hiç haçan olary ýazgarmagy, edip bilmejek zatlaryny talap etmegi öwretmediler. Adamlara dogry ýol görkezilende, ýürekde olara jinnek ýalyjagam ýazgarma bolmaly däldir, diňe olar bilen sazlaşyklyk bolmaly. Adam mümkin däl zatlary ýerine ýetirip bilýän bolsa, adam bolup dogulmazdy.

Sazlaşykly ýaşamak — bu tümlükden doly dünýäde çyrag bolup hereket etmekdir.

Sazlaşykly ýaşaýan bolsaň, her nähili zyýanly, ýigrenji adamlaryň içinde ýaşasaňam, göwnüňde iňňe ýaljagam ýigrenç saklanmaz.

Sazlaşykly ýaşaýan bolsaň, birje mahlugyň awunanyny bileniňde, onuň agyrysyny öz teniňde duýýarsyň.

Sazlaşykly ýaşamak — bu ýumşak ýüregiň tejribesidir hem-de onuň daş-töweregi hoşboý ysyna çoýýan enweridir.

Pespällik barada

1.

Pespäl bolmak mähirli bolmakdan has kyndyr.

Adam mähirli bolanda, hemmelere öz çagasy ýaly garap, ýürekden söýüp, olaryň aladasyny edýär. Pespäl bolanda, hemmelere öz ene-atasy ýaly garap, olara ýürekden hormat goýýar.

Hiç hili şert goýman, ogluňy, gyzyňy söýmegiň aňsatdygyny hemmämizem bilýäris, emma hiç şert goýman enesine, atasyna sarpa goýup bilýänler örän az.

Şonuň üçin pespäl bolmak rehimli bolmakdan has kyn.

2.

Köplenç, biz wezipesi, derejesi, güýji özümiziňkiden has beýik bolan adamlary aňsatlyk bilen sylaýarys, emma olara ýüregimiz awanok.

Tersine, wezipesi, derejesi, güýji pes bolan adamlara ýüregimiz awaýar, emma ansatlyk bilen sylamzok.

Wezipä görä adamlary beýige, pese bölmek — bu biziň heniz üstünde işlemedik nogsanlygymyzyň biridir.

Özüni kämilleşdirýän adamlar agyr günde ýaşaýan ýönekeý adamlara uly sarpa goýmagy, derejesi beýik, wezipesi uly bolanlara gynanç bildirmegi öwrenmelidir.

Uly wezipäniň borçlaryny öz gerdeninde çekýän adam duýgudaşlyga mätäç däldir öýdýäňizmi? Ýa-da wezipeli ýerde işlemeýän adam sylag-hormata mynasyp däldir öýdýäňizmi?

Abraýly, baý adamlara duýgudaşlyk etmek kyn, garyp, gowşak adamlara bolsa hormat goýmak kyn.

3.

Duýgudaşlyk — adamlaryň gursagyny giňeldip, geçirimliligi kemala getirýär, pespällik bolsa ýüregi arassalap, hoşamaýlygy kemala getirýär.

Duýgudaşlyk hoşallykdan döreýär, hoşallyk bolsa çyn ýürekden kemala gelen pespällikden döreýär. Ulumsylar hoşallygyň nämedigini bilmez. Biziň gynanman sadaka berýänimiziňem sebäbi, hoşallykdan gelip çykýar.

Pespäl hoşallyk — bu agramyny hiç ölçäp bolmajak ýüregiň dört häsiýetinden gelip çykýandyr: mähirlilik, duýgudaşlyk, nuranalyk, eli açyklyk.

Gadym zamanlarda biziň beýik ruhy tälimçimiz Ga Danba ýüregiň bu dört gymmatlygy bilen bagly sebäp-netijeleri göz öňünde tutup, şu taglymaty kemala getiripdir:

Meniň ilkinji etmeli işim weliler ýaly bolmak.

Weliler ýaly bolmak üçin ýüregim şolaryňky ýaly arassa bolmaly.

Duýgudaşlyk — welileriňki ýaly ýürege eltýär.

Duýgudaşlyk mähirlilikden ýüze çykýar.

Mähirlilik çäksiz hoşallykdan ýüze çykýar.

Çäksiz hoşallyk bolsa, adamlary ene-ataň hökmünde kabul etmekden ýüze çykýar.

Men bu zatlary ýatdan çykarmaly däl!

Ýöne, ilki bilen, men bu durmuşda ejemiň mährini hiç haçan unutmaly däl.

Bu taglymatyň üsti bilen biz şu pikirlere göz ýetirip bilýäris:

Men şatlyga ýetenimde,

Goý, haýrym hemmelere degsin!

Goý, adamlaryň bagty älemi doldursyn!

Men gama duçar bolamda,

Goý, adamlaryň duýgudaşlygy

Gaýgy ummanymy guratsyn!

Biz göz öňümize getirmek bilen hakyky pespällige ýetip bileris, pespällik — hoşallyk, hoşallyk — duýgudaşlyk, duýgudaşlyk bolsa kämillikdir!

4.

Pespällik — bu kiçigöwünlilik we sadalykdyr.

Sadalyk — edil göm-gök asman ýaly uç-gyraksyz bolmalydyr. Buludy, şemaly, aýy, güni öz içine alyp, gögüň gümmürdisi, ýyldyrym, gara bulutlar bilen hiç wagt öňüni tutduryp, yşygyny köýdürmeli däldir.

Kiçigöwünlilik — ol gülzemin ýaly ýaşyl bolmaly. Ýagşy, säher çygyny, gülleri, agaçlary göterýän zemin hiç haçan hapa zibile gark bolup, durmuşa bolan gujuryny ýitirmez.

Sada asman özüne ýetirilen zyýan üçin ýigrençden dolmaz, kiçigöwünli zemin özüniň depelenýändigini ýokuş görmez.

Ýigrenç, öýke-kine ýaly duýgulary bilmezlik — hakyky pespällikdir.

5.

Men gymmat bahaly eşikleri geýmegi, markasy belli zatlary ulanmagy halamazdym, sebäbi özümiň beýle gymmat däldigimi ýüregim bilen bilýärin.

Men gymmat penjek, gaýyş aýakgap geýip köpçülige çykmagy halamok, sebäbi özümiň beýle belent derejä eýe däldigimi ýüregim bilen duýýaryn.

Men dagyň depesindäki otjagaz ýaly pespäl bolmaly.

Kiçigöwünli otjagaz dagyň depesinde erkin durmuşda ýaşaýar, onda özüne uly sarpa bar. Ol ösüp oturan ýerinden aşak — bu pany dünýä seredende, abraýly, derejeli adamlaryň dar jaýlarda gysylyşyp ýaşaýandygyna, jaýlarynyňam diňe ýekeje äpişgesiniň bardygyna gözi düşýär.

Men hemmeleriň gözüniň alnynda bolmagy islämok, emma özüme bolan hormatymyň bolaryny isleýärin.

6.

Olar özleriniň başga güllerden owadandygyny ýa owadan däldigini deňeşdirip bilenok, ýa-da gülleýändigi üçin başga güle gül açmagy gadagan edip bilenok.

Olar hiç haçan dünýäde bolup geçýän zatlaryň üstünden gülenok ýa-da bu dünýäniň ýaramazlyklaryny göwnüne alyp duranok.

Pespäl ýürek — edil haşal otjagazyň, gülüň ýürejigi ýalydyr.

7.

Sun nesilşalygy döwründe akyldaryň biri öz şägirdine dört sany wesýet edipdir:

Birinjiden, güýç dolulygyna sarp edilse, betbagtçylyk garaşdyrman geler.

Ikinjiden, ak pata berlip tükedilse, ykbal puç bolar.

Üçünjiden, hemme düzgünler berjaý edilip bolunsa, jemgyýet kösener.

Dördünjiden, ýagşy sözler aýdylyp gutarylsa, söz ýönekeý zat bolup galar.

Bu wesýetleriň hemmesiniň «ähli zatda çenini bilmeli» diýlenden has çuň manysy bar, «çenden çykmaly däl», çünki çenden çykmazlyk — pespälligiň başydyr.

Hondan bärsiler, köplenç, bilmeýän zatlarynam bilýän ýaly bolup, göze-başa düşüp görünjek bolýarlar, kiçigöwünliler bolsa bilýän zatlarynam bilmezlige salýarlar.

8.

Kämillige ýetesi gelen terkidünýä köçeden geçene eglip tagzym edenmiş. Urulsa-da, sögülse-de dowam edenmiş, sebäbi ol ähli kişiniň geljekde kämillige ýetip biljekdigine ynanýan eken.

Elbetde, biz beýdip bilmeris, biziň edip biljek ýönekeýje zadymyz — ile ýürekden hormat goýup, tagzym etmekdir.

Bir beýik halypanyň aýdyşy ýaly, özümizden başgalara weli hökmünde, özümize bolsa ýönekeý adam hökmünde garap bileris.

Hawa, bu zeminde men ýönekeý adam, muny berk bilip, ýatdan çykarmaly däl.

9.

Men hemişe hoşal bolmagy isleýärin.

Ýüregimiň hemişe pespäl bolmagyny arzuw edýärin.

Goý, meniň köňlüm gök asmandan we goja zeminden pespälligi nusga alsyn!

Nefrit daşy

Nefrit ( Hytaýlylar üçin keramatly bolan gymmat bahaly daş.) daşyny taraşlamagy öwrenesi gelýän bir ýaş oglan daş ýerlerde bir garry ussadyň bardygyny eşidip, ondan nefrit daşynyň taraşlanyş sungatyny öwrenmäge gidipdir.

Ol ussady görende, özüniňem şonuň ýaly il-günüň sylaýan ussady bolasy gelýändigini aýdypdyr. Halypa oňa kiçijik nefrit bölegini uzadyp, eliniň aýasynda berk saklamalydygyny tabşyrypdyr, özi bolsa Hytaýyň irki döwür taryhyndan başlap, ilkinji patyşalardyr nesilşalyklar barada birnäçe sagat gürrüň beripdir, emma nefrit daşy barada ýekeje gezegem agzamandyr.

Ýaş ýigit ertesi gün sapak almana baranda, halypasy ýene oňa nefrit daşyny berip, berk tutmany aýdypdyr-da, Hytaýyň taryhy barada gürrüň bermegi dowam edipdir, ýöne bir gezegem nefrit barada agzamandyr. Şeýdip halypasy iki-üç hepdeläp diňe Hytaýyň taryhy boýunça sapak beripdir. Soňra Hytaýyň medeniýetini, pelsepewi taglymatlaryny, hatda hytaýlylaryň milli ýörelgesine çenli, ähli zady öwredipdir, ýöne nefrit barada hiç zat aýtmandyr.

Birnäçe aý geçenden soň, ýigit howsala düşüp başlapdyr, sebäbi ol bu gerek bolmajak zatlary diňlemäge däl-de, hünär öwrenmäge gelipdi. Ahyry bir gün ýigit gaýrata galyp, islegini beýan etmek üçin halypasynyň ýanyna barypdyr.

Şägirt halypasynyň ýanyna girende, halypa oňa öňkisi ýaly nefrit daşyny berip, eliniň aýasynda berk tutmagy tabşyrypdyr-da, ýaňy bir mesawy gürrüňlere başlajak bolanda, şägirdi birden:

― Halypa, bu bereniňiz nefrit däl-ä! ― diýip, batly gygyrypdyr.

Halypasy gülüp:

― Indi saňa nefrit daşy barada öwretseň boljak — diýipdir.

Bu hekaýany maňa nefrit daşyny ýygnaýan dostum aýdyp berdi. Hekaýada halypa şägirdiniň duýgurlygyny oýarjak bolup bilim beren eken.

Eger nefriti öwrenýän adam ussatlyk derejä ýetesi gelse, elbetde, oňa seredip oturanyndan hiç netije gazanmaz. Nefrit Hytaýyň medeniýeti bilen aýrylmaz daşdyr, medeniýetsiz adam nefrite düşünip bilmez. Hut şonuň üçinem halypa, ilki bilen, nefriti seljermäni öwretmän, medeniýete degişli bilimleri beripdir, soňra bolsa şägirdini nefritiň «dünýäsine» alyp gidipdir. Onuň ilkinji ädimi nefriti seljermek bolupdyr, ony seljermek üçin bilime daýanman, duýgularyňa daýanmaly.

Eger biz bu hekaýany adamlara ýetirsek, ondan çuňňur pikirli garaýyşlary ýüze çykaryp bilýaris:

Birinjiden, hünär öwrenip, ussatlyga ýetmek üçin, uzak wagtlap türgenleşmeli.

Ikinjiden, ussat bolmak üçin adam öwrenýän hünäri boýunça umumy bilimi bolmaly. Eger Hytaýy, onuň dilini öwrenmek isleýän bolsaň, onda, ilki bilen, Hytaýyň taryhy, medeniýeti, filosofiýasy, milli ýörelgeleri barada bilimiň bolmaly. Şol zatlary bilmeseň, käbir senetleri bileniň manysy ýok.

Üçünjiden, ussat bolasyň gelse, ilki bilen, dogry pikirlenmäni, ak-garany saýgarmagy, dogruçyllygy we şahsy bähbidi gatyşdyrmazlygy başarmaly. Edil nefriti duýan şägirt ýaly, duýgularyň esasynda netije çykaryp başlanyňda, ussatlygyň ilkinji basgançagyny geçersiň.

Bu dünýäniň islendik biliminem dolulygyna halypaň öwredip bilmez, köp zatda özüň tejribe geçirmeli bolarsyň. Halypamyz bize nefritiň häsiýetlerini öwredip biler, emma hakyky nefriti ýalan nefritden saýgarmany diňe özüň öwrenip bilersiň, sebäbi nefrit diňe eliňde däl-de, ýüregiňde bolmaly.

Adamlaryň hemmesiniň hünär öwrenmek ukyby bar, ýöne hemme kişi ony kemala getirenok. Ýüregindäki «nefriti» kemala getirmän, hamala, özgeler nefritli ýaradylan ýaly, olaryň elindäki nefrite gözi gidýär. Iliň nefritine el uzadýanlar, ahyrynda özüniň maksadyny, giň gözýetimini ýitirýär.

Şonuň üçinem her gün eliňizdäki «nefriti» berk tutuň, şeýtseňiz diňe bir öz gymmatyňyzy aňman, başga adamlaryňam gözel häsiýetine göz ýetirip bilersiňiz. Tutuş dünýäniň edil nefrit daşy ýaly nepisdigine göz ýetirersiňiz.

Hytaý dilinden terjime eden Aýlar BAÝMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle