|

Ýüregim ýalñyz

Ýüregim ýalñyz ÝÜREGIM ÝALÑYZ

Ýüregim ýalñyz

Kämil bolmadyk ýaşlyk başymda,
Jahyl körlügini görkezdi aýdyň.
…Men ýene söýgümi aklyma salyp,
Özümçe içimden hiňlenýän aýdym.

Sen söýersiň, belki kalbymy talap,
Emma kalbymyň ogrusy bolma!
Ýüregim gysanda ýalňyz ruhumy,
Sussy pesleriň ýurdunda goýma!
diýip näçe ýalbarsamda gidersiň,
Terk edersiň köňül atly ýurdumy.
Islän ýaly ýaşaýyşdan aýrylyp,
"Har bolarmy?" diýe howaň ýuwdumy.

Ähli zat üýtgeýär pasyllar ýaly,
Öz ornuny güýze berýär tomuslar.
Ýanan ýangynlaryň tomus közünde,
Güýz bolup gussanyň ruhyn goýmuşlar.

Geldi geçer, geçer gider ynsanlar,
Adamlar ýüregime goýuň ýagşy yz.
Şeýle ynsanlaryň bolmadyk çagy,
Ýalbarýan ýüregmi goýuň siz ÝALŇYZ!

Çünki geçmişimiz aýralyklardan,
Dolup ýatyr ajap galan kükregim.
…Men ýene söýerin ertirlerimi
Urmasyny dowam etse ýüregim.

✍ Amangözel GURBANOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle