Ýüregagyry / hekaýa
Ýüregagyry / hekaýa
Kardiologyň gapysy bu günem nobatly.
— Hiç kim maňa düşünmeýä! Daş-töweregim diňe tüntawlardan doly. Ýa-da ondanam beter, her bir etmeli işini, ol-a hetjikläp, çeýnäp-çeýnäp agzyna salmak ekeni, käbir ýerde hatda, ýuwdubam bermeli lellim enesi ýalamadyklar…-diýip, saçlary mazaly çal sepen garry, ýüzüni yzgytsyz eňşidip, gapdalyndaky oturan nobatdaşyna janagyryly zeýrenmegini dowam edýär:
— Şunça ýyllap okadym, öwrendim, ýurt gezip, özge ýurtlaryň, halklaryň artyk-kemini öwrendim. Ine, indem, ähli çeken zähmetim tokly osurança-da ýok.
Hiç kese gerekmez.
Hatda, çagalammyň arasynda-da özüme düşünýän ýekeje adamam tapyp bilemok.
Bu bipaýan-bihuda-bimanylykdan ýaňa-da, ş-o-o-l yzyny üzmän ýüregim sanjyp dur, sanjyp dur…
“Heleý” diýlen işigaýdan janawerem, çagalaryny hemdem tutunyp, günüme goýman meni bejermäge bärik dartýa…
W-a-a-h!
Ol akmaklar meňki dugtorlykdyr öýdýäler. Meň bolsa içim-bagrym tütäp alyp gelýä…
Hemme tutuş adamzat tohumyna-da, ömrümi biderek zatlara sarp eden özüme-de…
Indem, ine, gelşiň deý, bimany ölüp gitmeli. Bitiren goşuňam ýok, goparan hokgaňam…
Doguldyň.
Iýdiň-içdiň, s…çdyň.
Ýatdyň-turduň.
Öldüň.
Bolany…
Zeýrenjeň garryň söhbetdeşi – takmynan onuň bilen ýaşytdaşrak erkek kişi, ýüregi azar berýärmi nämemi, aram-aram elini kükregine ýetirip, ýüzüni ejirli çytsa-da, edil gürrüňdeşiniňki deýin dünýeden nadyl bolup, bäş deşigini bir ýere üýşürip oturmaýar. Nobatdaşyny ugruna kowmakdan ötri, oňa käte bir “hä-hawa” beren bolýar. Birden-birdenem, ýakymly bir zatlar hakynda biygtyýar oýlananyny duýman galýarmy nämemi, öz-özünden ýüzi ýagtylyp gidýär. Şonuň ýaly pursatlarda-da, ol gürrüňdeşiniň gepine gelişmese-de, pikirini morta daşyna çykaryp, gysgajyk hümürdäp goýberýär:
— Äý hawa-la, dertdeş! Seň aýdýanlaňňam dogrudyr-la! Ýöne, men-ä, ine, Hudaýa şükür, ýaşanymdanam, eden işlemdenem, bilimden önenlerdenem müň-de bir razy. Allaha şükür, gowy durmuş nesip etdi. Il deňinde süýjüsinem görmek, ajysynam datmak nesibämde bar ekeni. Diňe bir, şü soňky döwürler düýpli bahana bolmasa-da, ýürek azar berjek bolýa. Olam näme, bolmalysydyr-da. Ömürlik gelen-ä ýok…
Däliziň diwaryna ugurdaş goýlan kürsülerde ýanaşyk oturandyklary üçin bu ikisiniň özara hümürdisine islese-islemese gulak germeli bolýan üçünji nobatdaşam, öz ýüreginiň kadaly urşuna gözegçilik edýän dek, böwrüni diňläp oturyşyna, biparh äwmezeklik bilen içini hümledýär:
“Bäh, giňdir dünýe, geňdir dünýe. Bir-ä içi-bagry tütäp, galagoply, ýangynly ýaşap ýüregagyryly bolýar. Beýlekisi asuda durmuşdan kesel tapynýar. A men nämeden?!”… Hekaýalar