|

Ýubilýar hakda

Ýubilýar hakda ÝUBILÝAR HAKDA

Ol adam,
Uly adam,
Gaty uly adam,
Zeýrenji ýok, kinesi ýok dünýäden.
Ol lepbeý diýmedi,
Başyn egmedi,
Ulyñ-kiçiñ hiç göwnüne degmedi.
Wepalydy kalbyndaky ynamna,
Sil ýalydy ynanýanna yñanda.
Gowy gylygy bar onuñ bir ýene —
Juwan ýaly ýetende-de segsene,
Onuñ yzda galan ýoly gaty kän.
Ol uruşda boldy, çini ullakan.
Onuñ yzda galan ýoly gaty kän,
Ol ýollar zyndana, Sibire bakan.

…Indi ol ýubilýar,
hormatly adam,
Segsen ýaşda zeýrenji ýok dünýäden.
Hormatly adam ol.
Hormatladylar.
Gyzyl hatly Hormat haty berdiler.
Segsen ýyllap ýazy-gyşy göreniñ
Gözlerinden akan ýaşy gördüler.

Orazmyrat GURDOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle