|

Yşk öýüm

Yşk öýüm YŞK ÖÝÜM

Yşk öýüm

Eý ki pynhan sözleýän men derdimi
Gurmuşam men weýaranada ýurdumy.

Weýranadan çykyp göçsem düzgüne
Güýzünden-gyşyndan gonsam ýaz güne.

Yşk öýün gurupdym – dört tärim bilen
Işik söýe goýup – öz kärim bilen.

Tüýnük aýlap öý üstünden gonduryp
Dört ýerinden egri ugy galdyryp.

Berk edip ýerbe-ýer – tärime saryp
Düzüni uga düzgän – bile ýörip.

Durluk tutdum dört ýerine ýar bilen
Goşma salyp – üzük goýdum zor bilen.

Tüýnigiň üstünden serpigi atdyk
Gamyşy aýlap biz işimiz tutduk.

Ýüp aýlap daşyndan – bile ýortduk biz
Tanapdan toýnukdan urgan atdyk biz.

Tapýapary gapysynda sarkdyryp
Gyş günleri içinde ot ýakdyryp.

Yşk öýüm gaýymdy her bir binadan
Gymmatly bahaly kümüş tylladan.

Sörtük ösdi ýel gazygyn gopardy
Gara ýel gelip barysyny göterdi.

Öýim darganakda – kaýda Bolsamkam??
Ýurdum hazan alsa – nirde gonsamkam??

Bilmedim düzüni gaýym düzmedim
Ýa ýelgazyk kakyp özüm ezmedim.

Ýa ygagazygy gowşak kakdym men
Bilmedim – dertdeşler gözýaş dökdüm men.

Umydym bar yşk öýümi diksem diýp
Gara ýel sörtügi baryn ýyksam diýp.

Humay diýr hoşabat ösgün elgine
Biziň üçin siziň üçin il-güne.

______________________________
— Hoşabat –
— Sörtük –
— Düzi – uklary daňylyan – dokalan tanap
— Tapýapar – gara öýüň gapysy
— Ýelgazyk- gara oýüň ýel gelýän tarapynda kakylýan gazyk.

HUMAÝ,
Turkmensahra – Eýran. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle