Yşk
Yşk

Sen neneñ şahandaz, eý bagtly durmuş,
Göreş edýän gije-gündiz sen diýip.
Geçir meni käýän bolsam «şekliñe"
Iki-ýeke ýalhoruñdan pent iýip.
Husnuñy güllere gark etmek isläp,
Tikenleñ keşigin çekýän üýtgeşik.
Gülle böwsen söweş baýdagy ýaly,
Bu ýürek bolupdyr eleme-deşik.
Men öñe barýaryn şol ýürek bilen,
Ony aýap bejermegiñ deregne.
Ynanýan özüñden taparyn melhem,
Söýgiden eleme deşik ýüregme.
• Böwenjik
Gadym ertekiler gür berýär bize,
Ilde peýda bolan göýdük böwenjik.
Dowar sürülerni çykarman düze,
Diýipdir ol:
— Seni iýmän nämejik.
— Lak-luk atyp ýörkä basym-basymdan,
Iýenni siñdirip bilmändir añsat.
Ýarylan çak,
Bir owlagyñ şahyndan,
Öz ýerli-ýerine düşüpdir bar zat.
Pök-pök edip,
Onda-munda köw berip,
Şol böwenjik häzirlerem tapylýar.
Ýöne indi,
Bedewler deÿ köwlenip,
Kişñäp duran goşgylara topulýar.
Kakabaý YLÝASOW. Goşgular