Yrak türkmenleriniñ folklor mirasy
Yrak türkmenleriniñ folklor mirasy
YRAK TÜRKMENLERINIÑ FOLKLOR MIRASY
Ata-babalaryndan galan gymmatly miras hökmünde aňynda ýaşap, gitdigiçe baýlaşyp, sünnälenip, timarlanan folklor eserleriniň gönezligini, daşary ýurtlarda ýerleşip galan türkmenleriň ata-babalarynyň, ene-mamalarynyň ata ýurtdan gidenlerinde hakydalary arkaly alyp gidendigi hemmä mälim hakykat. Olar ýurt tutunan ýerlerine kem-kemden uýgunlaşsalar-da, ata Watan elmydama olaryň aňynda bolupdyr. Olar özleriniň ýadynda galan eserlerini geljekki nesillerine ýetirmek, nesilden-nesile geçirmek üçin çalşypdyrlar, öz çagalaryna öwredipdirler, olar hem öz gezeklerinde nesillerine geçirmegiň hötdesinden gelipdirler, şeýle hem, täze-täze folklor eserlerini-de döredipdirler. Halkyň döreden dürdäne eserleri kalbyňdaky gam-gussany egismegiň, aýralyk dagyny çekmegi ýeňilleşdirmegiň, dynç almagyň, kalbyňy rahatlandyrmagyň gymmatly çeşmesine öwrülipdir. Edil beýleki ýerlerde ýaşaýan türkmenleriň döredijiliginde bolşy ýaly, Yrakda ýaşaýan türkmenleriň hem baý folklor mirasynyň esasy bölegi ata Watana bolan söýgini ýüze çykarmaklyga hem-de durmuşyň esasy temasy bolan yşk-söýgi meselesine bagyşlanandyr. Şeýle hem, öwüt-ündew häsiýetli, uly terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolan täsin nusgalardan ybaratdyr.
Olaryň döreden folklor dürdänelerinde Watandan aýrylmagyň zaryny çekmek has güýçli duýulýar. “Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä”, “Watan gedaýy – kepen gedaýy”, “Ýat ýurtda soltan bolandan, öz iliňde oltaň bol”, “Özge ýurtda şa bolandan, öz iliňde geda bol” diýen ýaly nakyllaryň üsti bilen türkmeniň ahlak ýörelgesini parasatly pederlerimiz özleriniň nesil dowamatlarynyň serine-aňyna siňdirmegi başarypdyrlar. Watana, söýgi her bir türkmeniň, eger ol nirede ýaşasa-da, ganyna-janyna siňipdir. Çünki türkmen nusgawy edebiýatyna ýüzlenseň-de, baý ruhy gymmatlyklarymyzyň haýsysy bilen tanyşsaň-da, Watan baradaky gymmatly setirleri isledigiňçe tapmak bolýar. Şol gymmatly ruhy baýlyk hem ýaş nesillerde watansöýüjiligi terbiýelemegiň örän täsin serişdesi bolmak hyzmatyny uzak ýyllaryň dowamynda ýerine ýetirip gelipdir.
Gürrüňini etjek bolýan yrak türkmenleriniň baý folklor mirasy ýerli türkmenlerdäki ýaly şygyr bilen ýazylan şahyrana hem-de kyssa bilen aýdylýan rowaýatdyr erteki, hekaýatdyr şorta sözler ýaly kyssawy eserlerden, şeýle hem, eposdyr dessanlar kimin iri göwrümli şygyr bilen kyssanyň garyşyp gelmeginden düzülen eserlerden ybaratdyr.
Yrak türkmenleriniň şahyrana döredijiligi
Halk döredijilik eserleriniň ep-esli bölegini şahyrana eserler düzýär. Bu ýagdaý dünýä halklarynyň hemmesinde şeýle. Çünki adamzat irki wagtlarda gowaklarda ýaşap, soňra zähmet çekmegi öwrenensoň, gepleşik dili hem kämilleşip, sünnälenýär. Halk köpçüligi gitdigiçe şahyrana, çeper gürrüňler bilen özara düşünişmäge başlapdyrlar. Adamlaryň arasynda dilewar, şahandaz, gepe çeperler öňe saýlanyp, olar tarapyndan halk döredijiliginiň iň irki görnüşleri, ýagny alkyş-dileglerdir dürli yrym-ynançlar, soňabaka bolsa dilewar, gepe çeper eneler tarapyndan hüwdüler döredilip, agyzdan-agza geçip, köpçüligiň arasyna ýaýraýar. Şeýlelikde, folklor atlandyrylýan çeper gymmatlyk bolan halky eserler ýüze çykyp başlaýar. Olaryň üsti täze-täzeleri bilen ýetirilip, adamzadyň ruhy iýmitiniň esasy bölegi bolan halky eserler –ruhy miras gitdigiçe baýlaşýar.
Taryhyň sahypalarynda köp gowgalary başdan geçiren türkmen halky barada aýdanymyzda bolsa, bu milletiň iňňän şahyranalygyna gadym döwürlerden biziň döwürlerimize gelip ýeten baý mirasymyzdan anyk göz ýetirmek bolýar. Yrak türkmenleri hem türkmen halkynyň aýrylmaz bir bölegi, olaryň döreden şahyrana eserleri has hem çeper. Mysal alynjak bentlere ser salmak hem muňa güwä geçse gerek. Olaryň döreden şahyrana folklor eserleriniň köp bölegini hoýratdyr baýatylar, hüwdüdir agylar, aýdymdyr baýaty-tapmaçalar we başga žanrlardan ybarat bolan eserler düzýär.
Watan, yşk-söýgi baradaky hoýrat –baýatylar
Yrakda ýaşaýan türkmenleriň Watana, ata ýurda bolan söýgüsi çäksiz. Göräýmäge sadaja, ýönekeý dört setirli hoýrat bentleri, ýa-da baýatylar, ýöne onuň aňyrsynda Watana bolan ýürek söýgüsi ýatyr. Türkmen halkynyň kalbynyň owazyny özüne siňdiren ata-babalarymyzyň paýhasy siňen, nesillerimizde ata Watana bolan päk söýgini terbiýelemäge ukyply atalar sözleridir nakyllaryň many-mazmunyny ýönekeýje bentlerde görýäris. Mysallara ýüzleneliň:
Gurut, gözýaşyň Kerkuk,
Altyndy daşyň Kerkuk,
Birleş gardaşlaryňa
Ýükseler başyň Kerkuk.
Bu bentde gabat gelýän “Birleş gardaşlaryňa” diýen setirleri okanyňda, olaryň ata Watana birleşmek, ýakynlaşmak arzuwlarynyň gursaklarynda elmydama möwç urandygyny duýmak bolýar. “Ýükselmek” gadymdan gelýän şireli, owazly türki sözlerden, “beýgelmek” manysynda ulanylýar.
Ýoldaşym garyp,
Eýşim, ýoldaşym garyp,
Bilmerem nireliýem,
Topragym, daşym garyp.
Şular ýaly bentleri yrak türkmenleriniň folklor eserleriniň arasyndan isledigiňçe tapmagyň mümkinligi gözlegleri dowam etdirdigiňçe, has aýyl-çaýyl bolýar.
Bu ugurdan iş alyp baran alymlaryň toplan baý maglumatlary bilen tanşanymyzda, beýle setirleriň örän känligine göz ýetirdik. Şeýle folklor eserleriniň her bir setiri diýen ýaly türkmeniň dogduk mekanynda dörän folklor eserlerini ýatladyp dur, käbirleri bolsa sözme-söz meňzeş:
Tam üstünde tamymyz,
Goşadyr eýwanymyz,
Sen ondan çyk, men mundan,
Kör bolsun duşmanymyz.
diyen türkmen monjugatdysy Kerkukda şeýleräk ýaňlanyar:
Damdan dama damymyz,
Ýakyndy harmanymyz,
Sen ondan çyk, men mundan,
Kör bolsun duşmanymyz.
Türkmenleriň has köp ýaşaýan ýerleri bolan Kerkukda bu hili bentlere “hoýratlar” diyilyär. Bu hili bentleriň arasynda söýgi hoýratlary hem, başga mazmundaky, agy häsiýetli bentler hem gabat gelýär. Mysal alnan bentlerde diňe ses üýtgeşmeleri bolaýmasa, başga tapawut ýok diýen ýaly. Beýle bentler bolsa sanardan kän. Bu hili bentler ata Watandan göçülip gidilende ata-babalaryň, gepe çeper, dilewar ene-mamalaryň hakydalary bilen alyp gidip, nesillerine gowşuran bentleri bolsa gerek.
Keten köýnek, beden dar,
Meni goýup giden ýar,
Owwal beýle däldiň-le
Saňa bir öwreden bar.
Edil şu setirlerden dörän bent türkmen monjugatdylarynyň arasynda-da bar. Yrak türkmenleriniň döreden hoýratlaryna häsiýetli aýratynlygyň biri-de, olarda ýer-ýurt atlarynyň köp ulanylmagydyr. Olar, esasan, öz ýaşaýan ýerleriniň atlarydyr.
Hurmatyda üzüm bar,
Gel, gitme gyz, sözüm bar,
Dünýäni gözel alsa,
Meniň sende gözüm bar.
Bagdat ýoly Genjedi,
Güli penje-penjedi,
Men ýarymy söýerem
Bu söwda ölinçädi.
Biziň pikirimizçe, şular ýaly obalaryň atlary, şäher atlary agzalýan bentler, elbetde, ol ýurtlarda ýerleşenlerinden soň dörän bolmaly. Bu bentlerde öz ýaşaýan, doglan ýerleri hakda gürrüň edilýän ýaly, çünki, ynsanyň göbek ganynyň daman ýeri eýýäm onuň Watanyna öwrülýär diýsek ýalňyş bolmasa gerek.
Yrak türkmenleriniň döreden hoýrat bentleri gadymy sözlere-de baý, gabat gelýän gadymy sözler golýazma kitaplarynda şol bolşuna duş gelýär, şol sözleri biziň ata-babalarymyz hem ulanypdyrlar. Biz ýokarda “ýükselmek” sözi barada aýdyp geçipdik, ýene-de bir mysal:
Hanakaň biziň bolsun,
Etrapy üzüm bolsun,
Ol ýar bize gelende
Gijeler uzyn bolsun.
“Hanaka” sözi geçmişimizde pirleriň, danalaryň hanakasy (ýaşaýan, din bilen meşgullanýan ýerleri, öýi) hökmünde giňden ulanylypdyr. Yrak türkmenlerin folklor setirlerinde hut şu günem gabat gelýär.
Hoýratlaryň çeperçilik derejesi barada has giňden gürrüň etmek mümkin, ol täsin bentler şeýle çeper, özboluşly:
Sona kölde bir ýüzdi,
Bir ýaýkandy, bir ýüzdi,
Ýüzüň goý, ýüzüm üste,
Gören diýsin, bir ýüzdi.
Galanyň bujagynda,
Ot ýanar ojagynda,
Goý, meni öldürsinler
Ýarymyň gujagynda.
Mysal alnan bentler çeperçilik taýdan şeýle kämil derejelere ýetipdir. Düşnüksiz sözler hem gabat gelenok, bentleriň köpüsi şular ýaly düşnükli setirler, diňe käbir sözlerde goşulma aýratynlyklary duşýar, bu hili goşulmalar ýerli türkmenleriň şiwe gepleşiklerinde hem duş gelýär. Mysal alnan ikinji bent bolsa türkmen monjugatdylarynyň arasynda şol durşuna diýen ýaly gabat gelýär. Täze dörän bentleri bolsa many-mazmunyndan aňlabermeli.
Kerkuk türkmenleriň folklorynda ata ýurtdaky türkmenleriň halky eserleri bilen meňzeş pikirleriň, hatda gös-göni gaýtalanýan setirleriň hem kän gabat gelýändigi bizde uly täsir galdyrdy. Özge ýurtlara düşüp gidenleri bäri aradan ençeme asyrlaryň geçendigine garamazdan, folklor eserleriniň şol durşuna, ýa-da az-kem timarlanylyp, many öwüşginleri çaýylyp, şü günki günde hem halk arasynda ýaşap ýörenligi olaryň dilewarlygyndan, gepe çeperliginden, doga zehinliliginden, ata-babalaryndan, ene-mamalaryndan galan milli miraslaryna aýawly garaýyşlaryndan habar berýär. Käbir bentlere şu günki günde hem aramyzda ulanylyp ýören türkmen nakyllarynyň manysy siňipdir:
● Arzylar gider,
Gambar – Arzylar gider.
Besleme ýat ördegi
Watan arzuwlar gider.
Bu setirlere “Gurt çagasyndan ekdi bolmaz” diýen türkmen halk nakylynyň manysy siňipdir. ”Arzy –Gambar” dessanyň gahrymanlary hem bu ýerde agzalýar. Şeýle bentler yrak türkmenlerinde hoýratlar atlandyrylsa-da, käbirleri türkmen monjugatdylaryny, agylaryny ýatladyp dur, diýmek, hoýratlar yrak türkmenleriniň folklor baýlygynda maýda şahyrana žanrlaryň ençemesini öz içinde jemleýän bolmaly.
● Ýüzde bir,
Wepaly dost ýüzde bir.
Wepaly dost bulunmaz
Bulunsa-da, ýüzde bir.
Bu bendi ünsli okasaň, türkmenleriň wepaly dostluk baradaky nakyllary hakydaňa gelýär. Türkmen halkynda “Donuň täzesi, dostuň könesi” diýen nakyl bar. Kerkuk türkmenlerinde “köne” sözüne derek gadymy türki “esgi” sözi ulanylýar. Bir bendi mysal alalyň:
Esgisini,
Ýangi gap, esgisini.
Babanyň ýoluny tut,
Söý, dostuň esgisini.
Elbetde, türkmen halky dostuň könesini dostlukda taplanan, kimdigini bildiren hasaplaýar. Şonuň üçin-de parasatly pederlerimiz “Dost başyňa iş düşende tanalar” diýýändirler. Bu bentdäki “Babanyň ýoluny tut” diýen setirler bolsa Magtymguly Pyragynyň “Bu dünýade her kim gezer bir hile, ýörgün ata-baba ýorigen ýola” diýen pähime öwrülen setirleri bilen manydaş.
Dür ondan,
Ýakut ondan, dür ondan.
Meýlisde ýeriňi bil,
Diýmesinler, “Tur, ondan!”
Bu setirleri okanyňda türkmeniň meşhur “Gorkut ata” eposy ýadyňa düşýär, bir mysal: ”Bir gün hanyň öýünde oguz begleri ýygnandylar. Egrek olaryň üstleriunden basyp, töre geçmek isledi. Oguz ilinde Tersuzamyş diýen bir ýigit bardy. Aýdar:
– Haw, Owşan goja ogly, bu oturan begler her biri şu oturdygy ýeri gylyjy bile, çöregi bile alypdyr, ýeri, sen baş kesdiňmi, gan dökdüňmi, aç doýurdyňmy, ýa ýalaňajy doladyňmy?
Egrek aýdar:
– Haw, Tersuzamyş, baş kesip, gan dökmek hünärmidir?
– Hawa, hünär, ýogsa näme!
Tersuzamyşyň bu sözleri Egrege kär eýledi. Ol turdy. Gazan begden ýygyn diledi. Gazan beg ýygyn berdi. Çagyrtdy, ýygynçylar düýrüldi. Üç ýüz saý jyzaly ýigit munuň ýanynda jem boldy. Meýhanada bäş gün iýme-içme boldy”. “Töre mynasyp bolan adamlar törde oturmaly” diýen pikire türkmen alymy Mahmyt Kaşgarlynyň “Türki dilleriň sözlük diwanynda-da” , başga gadymyýetden miras galan eserlerde-de gabat gelmek bolýar.
Türkmen halkynyň arasynda “Tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez” diýen nakyl öran ýörgünli ulanylýar. Yrak türkmenlerinde bu nakyl “Hanjar ýarasy sagalar, dil ýarasy sagalmaz” diýen ýaly görnüşde gabat gelýär. Bu babatda şygryýet äleminiň piri Magtymguly Pyragynyň “Ýaman dil ýanynda zähri köp ýylan, çaksa-da, bir çybyn çakança bolmaz” diýen setirleri hem ýatlanylmaga mynasypdyr. Kerkukly türkmenleriň hoýratlarynda bu pikir şeýle äheňde berilýär:
Kebaby köz öldürer,
Sürmäni göz öldürer,
Ýigit bar gylyç kesmez
Bir däne söz öldürer.
Ýa-da:
Gül ýarasy,
Bilbilde gül ýarasy.
Hanjar ýeri sagalar,
Sagalmaz dil ýarasy.
Türkmen halky ýörgünli ulanylýan nakyllarynyň birinde “Geçme, namart köprüsinden, goý, aparsyn sil seni” diýýär. Yragyň türkmenler ýaşaýan esasy şäheri bolan Kerkukda bu nakyl hoýrat bendine siňdirilipdir:
Sübsäni,
Suw gögertmiş sübsäni.
Geçme, namart köprüsinden,
Goý aparsyn, suw seni!
Yrakda ýaşaýan türkmenleriň döredijiliginde käbir bentler edil şol durşuna, käbirleri bolsa özgertmelere sezewar bolan görnüşde ulanylýar. Mysal aljak bendimiziň ikisi-de meňzeş diýen ýaly, diňe gadymy türki sözleri gabat gelýär diýäýmeseň, ol ses üýtgeşmeleri, ýa-da gadymy sözleriň ulanylmagy ikisine-de häsiýetli:
Hemedanda talaň bar,
Gamzasy jan alan bar,
Men munda çoh eglendim
Gözi ýolda galan bar.
Ýerli türkmenlerde bu mysal alnan bendiň edil şuňa meňzeş gabat gelýäni hem bar, az-kem üýtgeşmä sezewar bolan nusgasy hem duşýar:
Gaýrada bir dalan bar,
Dalanda jan alan bar,
Güýmemäň söwer ýary,
Gözi ýolda galan bar.
Türkmen bagşylary halk aýdymlaryny aýdanlarynda, ýörite aýdyma täsirlilik berýän sanawaçlary aýdym tamamlanandan soňra, bentleriň yzyna tirkäp aýdýarlar. Mysal üçin: “Agalar men gurdy gördüm, ýar ýerinden turdy gördüm, men aglaman, kim aglasyn, ýarym göçen ýurdy gordüm” diýen ýaly setirler. Bu hili goşmaça aýdylýan setirlere folklory öwreniş ylmynda aýdym sanawaçlary diýilýär. Merhum bagşy Agamyrat Ýagmyrowyň aýdym sanawaçlarynyň arasynda şeýle setirleri diňlemek miýesser boldy: “Men nadeýin gendeýem, bir täleýsiz bendeýem, uwasyz baýguş kimin, günde bir Watandaýam”. Aýdym sanawaçlarynda sanalan bu setirlere kerkuk hoýratlarynyň arasynda şeýleräk görnüşde gabat gelindi:
Bilmirem ne demdeýem,
Bir täleýsiz bendeýem,
Ýuwasyz baýguş kimin,
Günde bir Watandayam.
“Ýuwa” sözi ata Watandaky türkmenlerde “uwa” görnüşinde gepleşik dilinde gabat gelip, “höwürtge”,’hin”, “ketek, “öý“ manysyndadyr. Käbirleri hut şu günlerde-de özara gepleşip otyrkalar, “Haý, uwasy daganlar-a”, “Pylanyň-a halys uwasy dagapdyr” diýen ýaly söz düzümlerini “öýi daganlar” manysynda ulanýarlar. Bu bolsa bu sözüň gadymy türkmen sözüdigine şaýatlyk edýär. Bu irki döwürlerden bäri halk içinde ulanylyp gelen söz dilçi alym Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde oguzlaryň arasyndan toplanan söz hökmünde “uýa” görnüşinde ýatlanylýar.
Bu setirleriň arasynda uiy tapawut ýok, diňe ýaşaýan ýeriniň gepleşik aýratynlyklaryna uýgunlaşan sözlere gabat gelýäris.
Agşam arada galdy,
Peýkam ýarada galdy,
Meniň bedasyl ýarym
Bilmen nirede galdy.
Bu daglar uly daglar,
Etraby suwly daglar,
Men öz derdimi açsam
Aý, güneş, bulut aglar.
Bular ýaly bentleri biz türkmen halk döredijiliginiň agy, läle, monjugatdy ýaly žanrlarynyň arasyndan isledigimizçe tapyp bileris. Hatda durşy bilen meňzeşleri hem bar. Bu hili setirleriň köpüsi Watandan aýralygyň zaryny çekýän bentlerdir, şeýle hem yşk-söýgi baradadyr.
Yrak türkmenleriniň hoýratlary, baýatylary hakda gürrüň edilende, ol bentlerde iňňän üýtgeşik, ýerli türkmenleriň folklorynda duş gelmeýän çeperçilik serişdesiniň ulanylýandygyny aýratyn belläp geçmek gerek. Çünki bu hili çeperçilik aýratynlygyna başga halklaryň folklorynda-da aňsat duş gelmek mümkin däl. Azerbaýjan baýatylarynyň yrak türkmenleriniň hoýratdyr baýatylaryndan tapawudy barada alymlaryň hersiniň dürli garaýyşlary bar. Alymlaryň käbiriniň pikiriçe, azerbaýjan baýatylaryna häsiýetli aýratynlyk her bendiň “ezizim” sözi bilen başlanmagydyr. Dürli ýyllarda neşir edilen azerbaýjan baýatylary bilen tanyş bolanymyzda, biziňem öz garaýyşlarymyz ýüze çykdy. Azerbaýjan baýatylarynda beýle başlanyşyň köpçülikleýin häsiýete eýe däldigine gözümiz ýetdi. Biziň agzap geçmekçi bolýan çeperçilik serişdämiz azerbaýjan baýatylarynda-da, ýerli türkmen folklorynda-da duş gelenok. Başga halklaryň folklorynda-da bu ýagdaýa gabat gelmändigimizi aýratyn nygtasymyz gelýär. Bu tapawut şeýle, ýagny bendiň birinji setiri 3-4 bogun bolup, ikinji setir şol setirdäki pikiri güýçlendirýär, özi-de dört setirden ybarat, çakdanaşa çeper, özüne çekiji:
Bilbil hany,
Gül hany, bilbil hany.
Ýary ýalňyz görende
Gonuşmaga dil hany?!
Bu dagda,
Bu ýarada, bu dagda.
Şiriniň derdindendir
Perhat gezer bu dagda.
Azerbaýjanda neşir edilen “Kerkük baýatylary” atly kitap bilen tanyşmak bolsa iki halkyň baýatylarynyň tapawudyny birneme aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik döredýär. Kerkuk baýatylary hoýratlar bilen garym-gatym, şol bir bent hoýratlaryň arasynda-da, baýatylaryň arasynda-da duş gelýär, bu bentlere zarynlyk häsiýetli, azerbaýjan baýatylary bolsa, esasan, yşk-söýginiň waspyny ýetirýär. Käbir bentleri türkmen monjugatdylaryna örän ýakyn, hatda setirme-setir gaýtalanýar diýen ýaly. Bu ýagdaý, elbetde, goňşuçylyk gatnaşyklary, folklor ýordumlarynyň göçme häsiýete eýedigi bilen baglylykda ýüze çykan bolsa gerek. Birki bent mysala ýüzleneliň:
Git bazara injir al,
Sagadyňa zynjyr al,
Uzak ýoldan gelip sen
Gir goýnuma, dynjyň al!
Suw geler lüle-lüle,
Ýar geler güle-güle,
Elinde gülli desmal
Gan derin syla-syla.
Türkmen monjugatdylarynyň arasynda many taýdan beýle ýakyn bentler sanardan kän, ýokarky bende kybapdaş ýeke bendi mysal almak bilen çäklenmekçi:
Suw akar lüle-lüle,
Ýar geler güle-güle,
Elinde gülli ýaglyk
Galpagyn syla-syla.
Ata ýurtdaky türkmenler bilen şeýle many meňzeşligi gabat gelýän bolsa, has ýakyn aragatnaşykda bolup, goňşuçylykda ýaşaýan halklaryň folklor baýlygynyň arasyndaky meňzeşlikleriň bolmagy tebigy ýagdaýdyr. Elbetde, azerbaýjan baýatylary bilen yrak türkmenleriniň baýatylaryny tapawutlandyrmak üçin iki halkyň hem arasynda bolup, düýpli iş alyp barmak zerurlygy döreýär. Şu agzalan bir oýnam setirden ybarat bolan yrak türkmenleriniň baýaty-hoýratlarynda hem, elbetde, yşk-söýginiň waspy kemlik edenok, ýöne şol bentlere täsin çeperçilik hem-de duýgurlyk bilen yzarlanyňda duýup bolýan gam-gussa häsiýetli.
• Ýar gözünden.
Al sürme, ýar gözünden.
Ynsan döwletden düşsün,
Düşmesin ýar gözünden.
Armydym bag içinde,
Gowruldym ýag içinde,
Älem toýda, seýranda
Men galdym dag içinde.
Şu mysal alnan bentleriň çeper gurluşy baýaty-hoýratlaryň özboluşly bolup çykmagyna sebäp bolupdyr.
Aý çykar, uzak düşer,
Mum ýanar, çyrag düşer,
Ýar gözünden düşenler
Köňülden yrak düşer.
Yrak türkmenlerinde şular ýaly adaty dört setirli baýatylardyr hoýratlar hem kän. Bu ýönekeý bentlerde ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň sansyz pent-nesihatlary jemlenipdir. Özleri çeper goşgy setirleri bolsa-da, öwüt berijilik babatda atalar sözüdir nakyllary ýada salýan bu hili bentler yrak türkmenleriniň döredijiliginde ep-esli orun tutýar, özi-de many-mazmuny boýunça ata Watandaky bentler bilen ýakynlaşýar. Öwüt-ündewli, nakyllaryň manysy siňen bentlerden käbir mysallar.
• Jan diýme,
Janyň çyksa, jandiýme!
Tut pederleň pendini,
Her görenňe jan diýme!
• Kemanydyr,
Gaş gözüň kemanydyr.
Mertler baş aldy gitdi
Namartlar zamanydyr.
Käbir bentleriň many-mazmunynyň bolsa ýerli türkmenleriň küştdepmelerinde jemlenendigini ýatlamak bolar. Mysal üçin:
Iki guýy ýan-ýana,
Suwlary melhem jana,
Saňa süýt beren zenan,
Bolsun maňa gaýnene.
-diýen bendiň manysy göni gaýtalanýar, soňky setirler gös-göni şol durşunda, diňe “saňa süýt beren” diýen sözlere derek “seni dogran ene” diýlip gödegräk şekilde gaýtalanýar. Bular ýaly bentlerde umumylyklar hem kän, aýratynlyklar hem ýeterlik. Elbetde, folklor eserlerine bu häsiýetli ýagdaýdyr. “Ýokarda gürrüňi edilen üýtgeşik çeper gurluşy bolan, birinji setiri gysga, iküç sözden ybarat bentler kerkuk hoýratlary bolup, galan dört setirli bentleriň baýatylar bolmagy-da ahmal” diýen pikir ýüze çykýar. Emma belli bir netije çykarmak, elbetde, kyn, çünki yrak türkmenlerinden bolan alymlar hem, azerbaýjan alymlary hem bu meseläni çözüp bilmändirler. Bu mesele geljekde aýdyňlaşdyrylmaly möhüm meselelerden biridir.
Dürli temadaky hoýrat –baýatylar
Hoýratlaryň arasynda öwüt-ündewli, maslahat beriji setirler hem bar. Aşakdaky mysal alynjak bentler şeýle häsiýetlidir.
Oglum, daş dur ýalandan,
Ýalan ýaman ýylandan,
Ýylan çakan gutular
Gutulmarsyň ýalandan.
Ojaga gazan asyň,
Astyna odun basyň,
Men munda söz diýeýin
Siz onda gulak asyň!
Şu bentlerde hakyky türkmen durmuşy öz beýanyny tapypdyr. Ýaşulularyň ýaş kiçilere maslahat berşi, edep kadalaryny öwredişi bu sada setirlerde suratlandyrylýar.
Käbir bentlerde bolsa hiç kime ýamanlyk etmeli däldigi, ýamanlygyň özüňe gaýdyp gelmeginiň mümkindigi baradaky pikirler aýratyn nygtalýar. Ata-babalarymyz “Gargyş hem ikuçly bolarmyş, birine gargasaň, özüňe zyýany ýetermiş”, “Ýaman öz pälinden tapar” diýip, ile gargamazlygy, ýaman pälli bolmazlygy nesil dowamatlarynyň aňyna guýupdyr.
Suwakar, daşa deger,
Kirpikler gaşa deger,
Özgä bir zyýan etseň
Özüňe goşa deger.
Döwür, ýaşaýşyň agyrlygy dogrusyndaky pikirlere hem bu ýönekeýje bentlerde duşmak bolýar. Halkyň paýhasa ýugrulan setirleri syýasatdan hem üzňe däl.
Tümlügi şem öldürer,
Meni bu dem öldürer,
Döwürler şeýle gitse
Mertleri gam öldürer.
Umuman, hoýrat bentlerinde haýsy temadan söhbet açylsa-da, ynsan ýüregine täsir edýän pikirler öňe sürülýär.
Beşik nagmalary – hüwdüler. Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiliginiň bir görnüşi bolan hüwdülere yrak türkmenleri beşik nagmalary diýýärler. Türkmenler çagany rahatlandyryp ýatyrmak üçin beşige, sallançaga salyp huwwalaýarlar, bu geçmişde-de şeýle bolupdyr, ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan miras bolup, biziň günlerimize-de gelip ýetipdir. Emma dünýä türkmenleriniň ata ýurdy Türkmenistanda beşigi ulanmak galyşypdyr diýen ýaly, ýöne käbir ýerlerde, ylaýta-da, Lebap welaýatynda häzirki döwürde hem ulanylýandygyny bellemek bolar. Beýleki welaýatdyr etraplarda, esasan, sallançagyň dürli görnüşleri giňden ýaýrandyr. Yrak türkmenlerinde bolsa beşik has ýörgünli häsiýetde ulanylýan bolara çemeli. Beşikde ýatan çagany huwwalaýan ene gudraty güýçli Biribardan çagasyna süýji uky, rahatlyk, jan saglyk dileýär. Goňşy halklaryň täsiri bilen bolsa gerek, yrak türkmenleri hüwdülere “leýla” diýýärler. Ata ýurtda “huwwa-huwwa” diýýän bolsalar, yrak türkmenleriniň eneleri “leýla-leýla” diýip huwwalaýarlar:
Leýla, leýla ederem,
Leýlany Hakdan dilärem,
Seni beren Hudadan
Jan saglygyn dilärem.
Näneň leýla eýlesin,
Leýla bilmez neýlesin,
Eger leýla bilmese
Beşikde ýatar balasy.
Şeýle sözler bilen hüwdi bentlerini döretmekleri olaryň dilewarlygyndan, şahyranalygyndan habar berýär.Yrak türkmenleriniň hüwdülerinde gyz çagany huwwalaýan setirler has çeper, meňzetmelere baý. Käbirlerini mysal getireliň:
Gyzym gyzlar içinde,
Altyn hünji gyçynda,
Gyzyma dilegçi geler
Bu gün ýaryn içinde.
Gonagymsyň, gonagym,
Çyrada ýanar ýagym,
Oňa her gün diýerler
Sen olasen gonagym.
Bu setirlerde gyz çaganyň bäş günlük myhmandygy, oňa myhman hökmünde garalýandygy baradaky pikirler öňe sürülýär. Ata ýurtdaky türkmenler hem gyz çaga kişi maşgalasy hökmünde garap, ‘Gyzym, gyzym, gyz kişi, gyzyma geler müň kişi, müň kişiniň içinde, alyp gider bir kişi” diýip, kaýyllyk bilen hüwdi setirlerinde huwwalapdyrlar. Läle setirlerinde gabat gelýän “Degmäň gyzyň göwnüne, myhmandyr gonar gider” diýýän setirler hem ýokardaky pikirleri gaýtalaýar.
Gögerçinhowadady,
El ýetmeznowadady,
Birelimbaşyndady
Dilimhem dogadady.
Ýagyşýagar, kölbolar,
Kerwengeçerýolbolar,
Seniňgörgülieneň
Ýatmaz-ýatmazkörbolar.
Şu bentleriň ikisiniň many-mazmuny bilen kybapdaş bolan hüwdüler ýerli türkmenlerde hem bar. Enäniň çagasyny hüwdüläp uzakly gije uklamaýşyny, çagasyna ýagşy dilegler edip, diliniň mydama doga-dilegdedigini beýan edýän setirleri türkmen hüwdüleriniň içinden isledigiňçe tapmak bolýar. Deňeşdirip oturmaly bu hili bentler sanardan kän, esasy many-mazmunynda, özeninde ýakynlyklar hem, aýratynlyklar hem ýeterlik.
Garaşsyzlyk ýyllarynda, ylaýta-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň geçmiş milli mirasymyzy öwrenmäge ak ýollar açmagy netijesinde dünýä ýüzüneýaýrap giden doganlarymyzyň baý ruhy mirasyny öwrenmäge-de mümkinçilik döredi.
Gurbanjemal YLÝASOWA,
filologiýa ylymlarynyñ kandidaty.
Halk döredijiligi we rowaýatlar