|

Ýörter siz

Ýörter siz ÝÖRTER SIZ

Ýörter siz

Iki ýüz, imansyz, mynapyk kişiler,
Küpür eýläp nä hasapny ýörter siz.
Ýa ömür ikimi, bir günä göçüler,
Dar gabyrda nä hesipni örter siz.

Meniň sizden sorag sowalym budur,
Alla kelamynda ýalany barmydyr?,
Gaçyp gutulmaga pikiriň nedir,
Ahyrýet gün nä jogapny ýörter siz.

Adamyň nadany görüp, biwepa,
Töhmet, gybat örtüp, hoş ýörtüp sapa,
Ýamanlyk, bozgaklyk, dawa, şer, hapa,
Bu işlerden nä togapny örter siz.

Ömür nije hasap hesip bilen ýok,
Nä etseň ol saňa gaýdar ýalan ýok,
Ýamanlykdan ýaýnaýyban gülen ýok,
Ýagşylykdan haýyr, rähmet ýörter siz.

Halmyrat sen bu ömrüňde ne işler,
Günäden, sogapdan ýazylan başlar,
Alla rehmetine ymtyl. Ataşlar,
Iki dünýäňi ýakar, ahmyr örter siz.

31.12.2023 ýyl. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle