| |

Ýomaklar

Ýomaklar ÝOMAKLAR

▶ TELEFONDAKY GEPLEŞIKLERDEN

— Priwet, Gunçaşka. Žiw-zdorowmysyñ?
— Salýut, Marala. Niçego, spasibo.
— Aý, keýpine-le, gyz. Muž doma?
— A kak že… Şu mahal aýagymy owkaladyp ýatyryn.
— Ertir näçe urogyñ bar?
— Oý, nemnogo, wsego iki sagatjyk. Wah, özüme galsa-ha ýerime muny iberäýjek weli, kak goworitsýa, ni weleno…
— Haýsy temany geçýäñ?
— «Türkmen dili türkmen halkynyñ gadymdan gelýän milli ýadygärligidir». Ladno gyz, onda…
— Poka.

▶ HUPBATLY IŞ

Ejesi çagalaryna:
— A-ýuw, ýer ýuwutmyşlar, beýdip guduz açyp ýörenden Betdi daýylaryñyza gezmäge gitseñiz bolmaýarmy?
— Aý, ýo-laý…
— Her barañda işledýäler-ow.
— Heý, işýakmazlar, ýeri, olar siz tetelli bihepbelere näme etdirýärmişin?
— Uzakly gün oturdyp pul sanadýalar-ow…

▶ BAŞLYGYÑ BAŞLYGY

— Sen nä, suwçular brigadasynyñ brigadirini işden boşatjak bolup ýörsüñmi? Näme diýsene, goý, ol ozalky ýerind işläbersin.
— Bolar, başlyk.
— O-ol öñki doñuzdarçylyk permäniñ permisinem towuk permi edip bilersiñ.
— Ýest, başlyk.
— Mekgejöweniñ ekişine girişmekden entek saklanyñ, howanyñ ýüzi mazaly açylyşsyn.
— Bolar, başlyk.
— Onsoñam, agşamlyk özüñe ýumurtga çakynaýgyn, men öýde bolmaryn. Gytja gyzyny çykarýarmyş, çagalar bilen şolarda bolarys.
— Ýest, başlyk…

▶ AÝAKGAP DÜKANYNDA

— Aýtsañyzlañ, keýgim, şu köwüş üçin men näçe tölemeli?
— Eger şu durşuna alsañyz, 4500 manat. Ýöne alyjylaryñ isleglerini nazarda tutup, täzeden bäri ýanymyzda ýörite bir ädikçi saklaýarys. Eger-de şoña köwşüñ aşagyny çüýledip alaryn diýseñiz 4700 manat töläýiñ.

Annaş BALLYÝEW. Degişmeler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle